Interaktiw multimediýa merkezi açyldy

turkmen-studentMagtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda Interaktiw multimediýa okuw merkezi açyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşiň ýanynda açylan nobatdaky Internet-merkezden Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşiň ylmy işgärleri, aspirantlar, ýokary we orta okuw mekdepleriniň mugallymlary peýdalanarlar. Merkezde kompýuter sowatlylygy, şol sanda döwrebap bilim berýän tehnologiýalardan, talyplar we mekdep okuwçylary üçin niýetlenen interaktiw iş usullaryndan peýdalanmak, dürli okuw dersleri boýunça kompleksleýin programmalary döretmegiň endiklerini öwretmek boýunça treningleri geçirmek, şeýle hem daşary ýurtly hünärmenler bilen on-line arkaly duşuşyklar üçin mümkinçilikler döredilipdir.
Täze Internet-merkez ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça Agentliginiň (USAID) hem-de Halkara barlaglar we alyş-çalyş boýunça Geňeşiň (IREX) ýardam bermegi bilen döredildi. 2000-nji ýyldan bäri Türkmenistanda hereket edýän Internete aralaşylmagyny has giňeltmek we okatmak boýunça Maksatnamanyň (IATR) çäklerinde, kommersiýa dahylsyz IREX guramasy tarapyndan USAID-iň maliýe taýdan goldaw bemeginde, bilim ulgamynda informasion we kommunikasion tehnologiýalary tehniki taýdan üpjün etmek işi amala aşyrylýar. Eýýäm Türkmenabadyň, Daşogzuň we Balkanabadyň mekdeplerinde döredilen multimediýa merkezleri mugallymlaryň okuw prosesinde kompýuter tehnologiýalaryny we Interneti ulanmak boýunça hünär ussatlygynyň artdyrylmagyna ýardam berýärler.

Internet-merkeziň açylyş dabarasynda çykyş eden ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň, ABŞ-nyň ilçihanasynyň wekilleri, Ýewropa Komissiýasynyň TEMPUS-TASIS Maksatnamalary boýunça hünärmenleri has täze multimediýa tehnologiýalarynyň okuw prosesine ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň sazlaşykly we durnukly ýagdaýda ösmeginiň girewi bolup durýar diýip nygtadylar. USAID-iň Aşgabatdaky hemişelik utgaşdyryjysy jenap Eşli Moresiň bellemegine görä, (IATR) Maksatnama Internetde türkmen dilindäki informasion serişdeleriň, şeýle hem türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary baradaky saýtlaryň döredilmegine işjeň gatnaşýar, munuň özi Türkmenistany dünýä has içgin tanadar.

Täze merkezde «Wirtual Ýüpek ýoly» ulgamy arkaly Internetiň ýokary tizlikli ulgamyna birikdirilen sekiz sany kompýuter, wideokamera we interaktiw tagta goýlupdyr. Merkeziň açylyş dabarasynda uzak aralykdan tälim bermegiň mümkinçilikleri bilen gysgaça tanyşdyryldy, geografiýa, matematika, biologiýa sapaklarynda interaktiw tagtalary ulanmagyň usullary görkezildi.

Dabara gatnaşyjylar bilim boýunça ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän maksatnamalar bilen tanyşdylar, bular baradaky maglumatlar sergi stendlerinde ýerleşdirildi. Şu ýerde ABŞ-nyň bilim ulgamy baradaky dürli edebiýat, iňlis dili boýunça, Internetden peýdalanmagy öwretmek we beýleki maksatnamalar baradaky maglumatlar bilen tanyşdyryldy. 
turkmenpress.com

3 Responses

  1. […] Interaktiw multimediýa merkezi açyldy […]

  2. […] Interaktiw multimediýa merkezi açyldy […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: