Doktoranturalara resminamalary kabul etmek başlandy

magtymguly_universitet1Türkmenistanda doktoranturalara resminamalary kabul etmek başlandy. Gazetlerde çap edilen kabul etmegiň şertleri we tertibi, şeýle hem hünärleriň sanawy häzirki zaman türkmen ylmynyň ösüşiniň perspektiwaly ugurlary barada düşünje almaga ýardam edýär.
Mälim bolşy ýaly, doktoranturalary açmak baradaky karar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda ýokary hünärli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamagy üpjün etmek hem-de ylmy barlaglara döwlet goldawyny bermek hakyndaky ýörite karary bilen kanuny taýdan berkidildi. Bu resminama özünde ylmy işgärleri taýýarlamaga we ylmy işleriň bäsleşik esasynda maliýeleşdirilmeginiň tertibine degişli möhüm düzgünleriň tutuş tapgyryny jemleýär. Hususan-da, onda doktorantura kabul edilýänleriň sany, kabul etmegiň düzgünleri we tertibi anyk kesgitlenýär, stipendiýalaryň möçberleri bellenildi.

 Şu ýyl doktorantura 17 adam kabul ediler. Ylymlaryň doktorynyň derejesine dalaşgärler üçin hem 10 ýer göz öňünde tutuldy. Bu sanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşe gelip gowşan arzalary we şu geňeş tarapyndan ylmy kadrlaryň hem-de Türkmenistanyň YBI-leriniň we ýokary okuw jaýlarynyň ylmy-tehniki binýadynyň takyklamasyny göz öňünde tutmak arkaly anyklanyldy. Bu bolsa alymlar baradaky maglumatlaryň bankyny döretmäge, binýadynda eýýäm aspiranturalar we doktoranturalar açylan perspektiwaly ylmy merkezleri kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Doktoranturalara Türkmenistanyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň raýatlary hiç hili ýaşy boýunça çäklendirilmezden kabul edilýär, olarda okamagyň möhleti üç ýyl. Doktorantura girilýän wagty ylmy işiň üçden iki böleginiň ýerine ýetirilen bolmagy hökmany şert bolup durýar. Okuwa kabul edilýän dissertasiýany taýýarlamagyň meýilnamasyny görkezmelidir, ol işi üç ýylyň dowamynda tamamlamagy göz öňünde tutmalydyr. Şeýle hem doktorantura girýänlerden temanyň möhümligine we ylmy taýdan esaslydygyna baha berýän ylymlaryň doktorlarynyň ikisiniň seslenmesi, şeýle hem dissertasiýanyň profili boýunça ylmy barlaglary alyp barýan ýokary okuw jaýynyň ýa-da YBI-niň alymlar geňeşiniň netijenamasy talap edilýär. Doktorantlara uly ylmy işgäriň, ylymlaryň kandidatynyň wezipe haky möçberinde stipendiýalar bellenildi.

Ýurdumyzda ylmy kadrlary taýýarlamagyň kämil ulgamyny döretmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan ýurdumyzyň ylmyny düýpli reformirlemegiň baş maksatlarynyň biridir. Täze Galkynyş eýýamy türkmen alymlarynyň öňünde täze jogapkärli wezipeleri goýýar. Öňdebaryjy ýokary tehnologiýalary ösdürmek, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň önümçilige işjeň ornaşdyrylmagyny, ahyrky netijede bolsa türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläkki ösüşini üpjün etmek olaryň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna öwrüldi.
turkmenpress.com

2 Responses

  1. […] Doktoranturalara resminamalary kabul etmek başlandy […]

  2. […] Doktoranturalara resminamalary kabul etmek başlandy […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: