Açylman solon Roza

rosaYazan : Maya Samizade
  Türkmenistanyň ýaş alymy, medisina ylymlarynyň kandidaty, Kardiologiýa Merkeziniň lukmany Roza Atabaýewa 44 ýaşynyň içinde ýol heläkçiliginde aradan çykdy.Iň ýakyn boýdaşym hakda ajy ýazgylarym…
Şol gün uzynly gün asman hem aglapdy…Asmanyň gözýaşy topraga siňip-siňip topragy mahmal ýaly ýumşadypdy. Asyl görüp otursam, ASMAN seniň ýatjak ýeriňi öz gözýaşy bilen ÝUMŞADÝAN ekeni.Şol gün seni Ene toprak öz gujagyna gysyp manyly gysga ömrüň hakdaky iň soňky hüwdüsini aýtjak ekeni.

 Sen bolsa tebigatyň özüň üçin aglaýanyndan bihabar –hyýalyňda arzuwlaýan perzendiňi gujagyňa gysyp barýardyň..Haýp, bu ene bolmak bagty saňa ýetdirmedi. Üwreljek salançak seniň tabydyň boldy-hüwdülenjek hüwdi saňa aglanan agylarymyz boldy… Ezraýyl seniň ölüm hakdaky permanyňa möhürini basan ekeni.

 Ýoldan barýan howlukmaç sürüjiniň hatasy bilen ömür tanabyň üzüldi.Seniň arzuwlap okan, zähmet bilen ýeten asylly käriň bu gün- SENSIZ.Aşgabadyň medisina inistitutyny gyzyl medal bilen tamamlap ,Moskwanyň Medisina Akademiýasynda Lihaçýowanyň ýolbaşçylygynda alan, Medisina  ylymlarynyň kandidaty alymlyk derejäň  seniň doganlaryňy, eneňi ,obadaşlaryňy, Daşhowuzyň Tagta etrabynyň adamlaryny guwandyrypdy.Emma olara uzak bu bagta guwanmak nesip etmedi. Sen olara ölüm atly ajy aýralygy hem “dadyrdyň“…

Sen hakdaky ýagşy ýatlamalarym kalbymda püre-pür.Emma bu wagt olaryň birini-de ýazmak islemeýän. Sebäbi men häzir seni ýatlamaga taýýar däl. Sen entek biziň üçin ýatlamalara öwrüleňok mähribän Rozajan.Wagt maňa seniň ýoklugyňy ynandyran güni sen hakda ýazmaga söz berýän…

Mähribän boýdaşym! Gadyrdan dostum! Sen mydama meniň we seni tanaýanlaryň ýüreginde ebedi ýaşarsyň! Jaýyň jennet bolsun!
Çeşmesi : altyn-gupba.blogfa.com/

3 Responses

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: