Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň ekspertleri Aşgabatda

Saglygy goraýyş ulgamynyň ähli bölümleriniň ýolbaşçylary üçin Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň Ýewropadaky sebit býurosy tarapyndan bilelikde guralan iki günlük seminar öz işini tamamlady.

Seminara gatnaşyjylar real we durnukly ösüş nukdaýnazaryndan ilatyň saglygyny goramagy kämilleşdirmegiň ýollaryna seredip geçdiler. Bellenilip geçilişi ýaly, ýurdumyzyň saglygy goraýşynyň nusgasy Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň maslahat beren ýörelgelerine laýyklykda guralýar. Munuň özi hyzmatlaryň elýeterliligi we ýokary hilliligi, maliýeleşdirişe strategiki çemeleşme, işgärler we habarlar ätiýaçlyklarynyň kemala getirilmegidir, olar maýa goýumlary we okatmagy, şeýle hem gözegçiligi we dolandyryşy utgaşdyrýan ýolbaşçylygy talap edýär.

Foruma gatnaşan halkara ekspertleri Türkmenistanda lukmançylyk desgalarynyň gurluşygynyň ýokary depginlerini, işgärleri taýýarlamak maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge maksada gönükdirilen çemeleşmäni belläp geçdiler. Şonda bu ugurda döwlet tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreler ýokary okuw mekdeplerinde lukmançylyk işgärlerini taýýarlamagyň 6 ýyllyk binýatlaýyn möhletiniň dikeldilendigi, aspiranturalaryň, doktoranturalaryň açylandygy, dissertasiýa geňeşleriniň işiniň ýola goýlandygy bellenildi. Olar ylmyň we subut ediji lukmançylygyň wezipelerine laýyk gelýär, bu bolsa lukmanyň netijeli işiniň esasy bolup durýar we tutuşlygyna saglygy goraýyş ulgamyny berkitmek boýunça strategiýanyň özenini düzýär. Türkmenistanda saglygy goraýşyň ilkinji basgançagynyň hünärmenlerine—feldşerlere we şepagat uýalaryna möhüm orun berilýändigini Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň ekspertleri belleýärler, olaryň işi ilatyň saglygynyň görkezijilerine ep-esli derejede öz täsirini ýetirýär. Şonuň bilen baglylykda oba saglyk öýleriniň we merkezleriniň taslamalaryna ýokary baha berildi, olaryň gurluşyklary tutuş ýurt boýunça alnyp barylýar. Seminarda Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň Ýewropadaky sebitleýin býurosynyň Türkmenistana zerur bolan ähli maslahatlar kömegini, aýratynam işgärleriň bilim we taýýarlanylmagy babatda şeýle kömegi bermäge taýýardygy aýdyldy.

turkmenpress.com

3 Responses

  1. […] Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň ekspertleri Aşgabatda […]

  2. […] Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň ekspertleri Aşgabatda […]

  3. […] Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň ekspertleri… […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: