Milletiň saglygy

“Saglyk” maksatnamasyny işläp taýýarlan we durmuşa geçirilmegine badalga beren Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan uzak wagtlap ýolbaşçylyk edilen ýurdumyzyň saglygy goraýşy soňky ýyllarda Türkmenistanyň ilatyna kepillendirilen ýokary hilli lukmançylyk hyzmatyny üpjün etmek bilen, dünýä standartlarynyň derejesine çykdy. Häzirki wagtda döwlet baştutany tarapyndan başy başlanan milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmäge tarap alnan ugur diňe bir bu netijeleri berkitmek bilen çäklenmän, ilata edilýän lukmançylyk kömeginiň mundan beýläk-de ýokary derejesini üpjün etmelidir, şol hyzmatyň hili bolsa ýurdumyzyň abadançylygynyň we onuň raýatlarynyň mynasyp durmuş derejesiniň möhüm görkezijileriniň biri boldy we şeýle bolmagynda galýar.
Täze häzirki zaman merkezleriniň we hassahanalarynyň birnäçesi häzirki wagtda bu derejäni kepillendirýär, döwletimiz bolsa olary gurmaga hem-de enjamlaşdyrmaga ýüzlerçe million dollara barabar serişde harçlady. Mysal üçin, Aşgabatda saglygy goraýşyň täze iri desgalarynyň–100 orunlyk kelle we boýun kesellerini bejermegiň häzirki zaman Halkara merkeziniň we talyplaryň bilim almagy hem-de ýaşamagy üçin ähli şertler dörediljek 3000 orunlyk Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň binasynyň gurluşygyna başlanmagy hakyndaky habar “Saglyk” maksatnamasynyň nobatdaky ýyllygynda lukmanlara ajaýyp sowgat boldy.

Giň möçberli gurluşyklaryň diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem alnyp barylýandygy guwançlydyr, paýtagtymyzda bolsa Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde tutuş saglygy goraýyş şäherjigi bir ýere jemlendi. 2008-nji ýylyň ahyryna çenli ýurdumyzyň welaýatlarynyň dolandyryş merkezleriniň ählisinde hyzmatlaryň giň toparyny hödürleýän,işläp gelýän keselleri anyklaýyş merkezleri bilen bir hatarda, döwlet baştutanynyň görkezmesi boýunça her biri 50 orunlyk häzirki zaman “Ene mähri” merkezleri peýda bolar, ähli etraplarda bolsa täze Saglyk öýleri gurlar we öňki Saglyk öýleriniň durky täzeleniler

Häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy maşyn öndürijileriniň awtomobilleri bilen üpjün edilen pudagyň ýörite awtoulag parky doly täzelendi. Golaýda rentgen barlaglaryny geçirmek üçin “ZIL” kysymly awtomobilleriň altysy,şeýle hem donorçylyk ganyny toplamak, saklamak we daşamak üçin “PAZ” kysymly awtobus lukmançylyk gulluklarynyň ygtyýaryna gelip gowuşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça lukmançylyk enjamlary we dermanlar bilen üpjünlenen “Mersedes-Bens Sprinter 224 KA 4h2″ kysymly tiz kömek awtomaşynlarynyň ýene-de 50-si satyn alyndy, olar ýakyn wagtlarda Türkmenistana getiriler.

Ilatyň saglygynyň görkezijileriniň şu ýyllaryň içinde ep-esli derejede hil taýdan üýtgemegi hem 1995-nji ýylyň Gorkut aýynyň (iýul) 21-inde kabul edilen maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginden habar berýär. Esasy gazanylan üstünlik ýurdumyzyň ilatynyň kesellemeginiň ep-esli azalmagydyr. Munuň özi tötänleýin däldir, sebäbi keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuşy,bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek bu ugurda ýöredilýän syýasatyň esasy ugurlary boldy. Arassaçylyk babatdaky howpsuzlyga gözegçiligiň güýçlendirilmegini hem has ähmiýetli netijeleriň hatarynda görkezmek bolar, Türkmenistanyň arassaçylyk—keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň özgerdilmegi muňa ýardam etdi,şol gulluk bolsa keselleriň ýaýramagyna garşy gözegçiligi üpjün edýär,ýurdumyza getirilýän we ondan alnyp gidilýän önümleriň arassaçylyk taýdan güwälendirilmegini geçirýär.

Häzirki wagtda dünýäde ösen ulgamlaryň biri bolup durýan eneligi we çagalygy goramak ulgamy garaşsyzlyk ýyllary içinde döwlet tarapyndan ägirt uly goldawy aldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda ene süýdi bilen iýmitlendirmek we az ganlylyga garşy göreş alyp barmak boýunça milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär,ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň birnäçesi Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ekspertleri tarapyndan resmi taýdan tassyklanylan “Çaga mähirli garaýşyň hassahanasy” atly ýokary derejä mynasyp boldy.

Döwlet tarapyndan berk gözegçilikde geçirilýän immunoprofilaktika çäreleri hem ilatyň kesellemeginiň derejesini peseltmekde möhüm orny eýeleýär. Häzirki günde Türkmenistan sebitde Bütindünýä Saglyk Guramasy tarapyndan güwälendirilen waksinalary 100 göterim satyn alýan we iň ýokary derejede ilatyň hökmany mugt immunizasiýalaşdyrylmagyny geçirýän ýeke-täk döwletdir. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy 95 göterimini talap edýän hem bolsa ýurdumyzyň ilatynyň 99 göterime golaýy sanjym bilen gurşalyp alnandyr. 1997-nji ýylda ýurdumyzda çagalary her ýylda köpçülikleýin immunizasiýalaşdyrmak boýunça geçirilen çäreler we şol çäreleriň göwnejaý guralmagy netijesinde ýurdumyzda poliomielitiň doly soňuna çykyldy, şunuň bilen baglylykda 2002-nji ýylda Türkmenistanyň öz çäginde ýabany poliwirusyň aýlanyşygynyň bes edilendigi hakynda sertifikat berildi.

Has giňden ýaýran beýleki kesellere, şol sanda gyzzyrma keseline hem garşy göreş alyp barmakda üstünlikler gazanyldy. Ýurdumyzda WIÇ-infeksiýanyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça geçirilýän işler hem nusga alarlykdyr, şonuň netijesinde Türkmenistan WIÇ-infeksiýa we SPID keseli ýaýramadyk az sanly ýurtlaryň hataryna degişlidir.

BMG-nyň Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we ýod ýetmezçiligi bilen döreýän kesellere gözegçilik etmek boýunça Halkara Geňeşiniň halkara sertifikatynyň Türkmenistana gowşurylmagyny hem ýene-de bir möhüm ähmiýetli waka hökmünde görkezmek bolar. Türkmenistan GDA we Merkezi Aziýa döwletlerinden ilkinji we dünýäde dördünji bolup, umumylykda kabul edilen halkara standartlaryna laýyklykda duzy köp ugurly ýodlaşdyran ýurt hökmünde ählumumy ýagdaýda ykrar edildi. Adam bedeninde ýoduň we demiriň ýetmezçiligi bilen baglanyşykly keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek maksady bilen Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda BMG-nyň düzüm birlikleri bolan ÝUNISEF, Ilat gaznasy we beýlekiler bilen ýakyn hyzmatdaşlykda azyk önümlerini, hususan-da, uny we duzy baýlaşdyrmak boýunça giň möçberli taslamalaryň birnäçesi amala aşyryldy.

Soňky ýyllarda düýpli ýeňillikleri berýän meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyny wagyz etmäge we işe ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Saglygy goraýyş polisleriniň eýeleri sebitde iri häzirki zaman hassahanalarynda lukmançylyk kömegini almak we bejeriş kursuny geçmäge mümkinçilige eýe bolup, diňe bir tölegli saglygy goraýyş hyzmatlary üçin däl, eýsem derman serişdelerini satyn almak üçin hem ýeňillikleri alýarlar. Ýurdumyzyň derman senagatynda gazanylan ägirt uly öňe gidişlikleri hem ýatlap geçmeli, garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda oňat hilli we nyrhy boýunça elýeterli derman serişdeleriniň köp görnüşleriniň öndürilmegi ýola goýuldy. Türkmen lideriniň soňky başlangyçlary mynasybetli saglygy goraýyş ylmyny ösdürmäge, ony iş ýüzündäki saglygy goraýşa ýakynlaşdyrmaga uly üns berilýär, şunuň bilen baglylykda dürli ylmy-barlag institutlary gaýtadan guraldy.

Şeýlelik bilen, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça Türkmenistan tarapyndan halkara guramalary we kompaniýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda geçirilýän anyk çäreler düýbünden täze, eýýäm öz netijeliligini subut eden saglygy goraýyş gullugyny döretmäge mümkinçilik berdi. Onuň maksady bolsa ýurdumyzyň abadançylygyny has ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

gozyetim.com

Advertisements

2 Responses

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: