Türkmen döwlet lukmançylyk instituty

Kafedralar:

§         Dünýä tejribesini öwreniş kafedrasy.

§         Medisina parazitologiýasy we genetika kafedrasy.

§         Akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasy.

§         Kadaly fiziologiýa kafedrasy.

§         Şöhle diagnostikasy, terapiýasy we onkologiýa kafedrasy.

§         Medisina himiýa kafedrasy.

§         Adam anatomiýasy, topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasy.

§         Sud medisina we hukuk kafedrasy.

§         Anesteziologiýa we reanimatologiýa okuwly umumy hirurgiýa kafedrasy.

§         Iç keselleriň propedewtikasy kafedrasy.

§         Patologiki fiziologiýa kafedrasy.

§         Nerw keselleri we reýrohirurgiýa kafedrasy.

§         Saglygy dikeldiş okuwly fakultet terapiýa kafedrasy.

§         Urologiýa okuwly fakultet hirurgiýa kafedrasy.

§         Gospital hirurgiýa kafedrasy.

§         Trawmatologiýa, ortopediýa we harby-meýdan hirurgiýa kafedrasy.

§         Göz keselleri kafedrasy.

§         Kliniki farmakologiýa we endokrinologiýa okuwly gospital terapiya kafedrasy.

§         Maşgala medisina kafedrasy.

§         Gulak, burun we bokurdak keselleri kafedrasy.

§         Inçekesel kafedrasy.

§         Akuşerçilik we ginekologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasy.

§         Patologiki anatomiýa kafedrasy.

§         Fakultet pediatriýa kafedrasy.

§         Çaga keselleriniň propodewtikasy kafedrasy.

§         Psihiatriýa we narkologiýa kafedrasy.

§         Ýokanç çaga keselleri kafedrasy.

§         Gospital pediatriýa kafedrasy.

§         Gistologiýa, embrionologiýa we sitologiýa kafedrasy.

§         Saglygy goraýşyň guralyşy, dolandyrylyşy we ykdysadyýeti kafedrasy.

§         Çaga hirurgiýasy kafedrasy.

§         Deri we weneriki keseller kafedrasy.

§         Medisina ekologiýaly gigiýena kafedrasy.

§         Wirusologiýa mikrobiologiýa kafedrasy.

§         Epidemiologiýa we ýokanç keseller kafedrasy.

§         Ortopediki we hirurgiki stomatologiýa kafedrasy.

§         Terapewtiki stomatologiýa kafedrasy.

§         Farmasiýa kafedrasy.

§         Farmakologiýa kafedrasy.

§         Diller kafedrasy.

§         Ýörite taýýarlaýyş kafedrasy.

Fakultetler:

§         Kesel bejeriş fakultetinde esasan maşgala lukmanlaryny, şeýle hem ýöriteleşdirilen lukman hünärmenlerini taýýarlamak amala aşyrylýar. Olar häzirki zaman saglygy goraýyşda wajyp gerek bolan hirurg, terapewt, kardiolog, akuşer-ginekolog, onkolog, oftalmolog, deri-wenerolog, endokrinolog, reanimatolog, urolog we onlarça beýleki hänärmenlerde.

§         Pediatriýa fakultetinde çaga keselleriň öňüni alýan, anyklaýan we bejerýän köp ugurly çaga lukmanlaryny taýýarlanylýar.

§         Keselleriň-öňüni alyş fakultetinde döwletimizde sanitar-epidemiologiki abadançylygy gowulandyrmak üçin bakteriolog, epidemiolog, sanitary lukmany, gigiýenist, diýetolog ýaly hünärmenler taýýarlanylýar.

§         Dermançylyk fakulteti ýurdumyzyň derman senagatynda işlemek üçin prowizor-tehnologlary we prowizor-analitikleri taýýarlaýarlar.

§         Stomatologiýa fakultetinde terapewt stamotolog, ortoped-stomatolog, hirurg-stomatolog, ortodont atly hünärmenler ýetişdirilýär.

Türkmen döwlet lukmançylyk institutynda ylmy-barlag işleriniñ ugurlary we olardan alnan netijeler
1.     Ýiti pnewmoniýanyň döreýiş, kliniki geçiş, bejeriş we öňüni alyş aýratynlyklary (Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana bilen bilelikde). (2004-2006 ý.ý.) Ýolbaşçylar: Ő.Annadurdyýew, M.Hudaýberdiýew. Bu ylmy işiniň netijesinde Hazar deňziniň gyzyl (Polisiphonia Caspila) we ýaşyl (Cladophora wagabunda) suwotylaryň pnewmoniýaly keselleriň umumy bejerigisinde ulanmaklygyň ýokary derejede bejerijilik häsiýetinin bardygy anyklynyldy. Mundan başga-da suwotylarynyň öýjük (T-limfositler) we gumoral (B-limfositler) immunitetleriniň işlerini ýokarlandyryjy täsirleriniň bardygynyň üsti açylypdyr. Işi ýerine ýetirijiler ýiti pnewmoniýanyň immun anyklamak usulyny işläp düzüpdirler.

2.     Ehinokokkozyň anyklanylyşy we onuň hirurgiki bejerilişini kämilleşdirmek. (2004-2006 ý.ý.) Ýolbaşçy: K.Nurlyýew, A.Abdullaýew. Türkmenistanda köp duş gelýän ehinokokkoz keseleriniň hirurgiki bejerilişiniň birnäçe görnüşlerini işläp düzmeklik bilen, olaryň ahyr netijelerine, gaýraüzülmelerine baha berilipdir. Işi ýerine ýetirijiler 234 sany näsaglaryň hirurgiki bejergileriniň netijelerini saýgarmak bilen ehinokokkozyň hirurgiki bejerilişiniň hususy usulyny işläp düzüpdir.

3.     Şikesden soňky gaýraüzülmeler, olaryň öňüni alyş we bejeriş çäreleri.(2004-2006 ý.ý.)Ýolbaşçy: N.Batyrow. Ahyrlaryň süňk şikeslerinden soň ýüze çykýan gaýraüzülmeleriň sebäpleri anyklanylypdyr we olar toparlara bölunipdir. Jemi 129 sany näsaglaryň maglumatlary esasynda şikeslerden soňra ýüze çykýan gaýraüzülmeleriň öňüni alyş we toplumlaýyn bejeriş çäreleri işlenilip düzülupdir.

4.     Türkmenistanda dowamly bagyr keselleriniň anyklanyşynyň, bejerilişiniň we öňuni alyş çäreleriniň kämilleşdirilişi.(2006-2008 ý.ý.) Ýolbaşçy: O.Nepesowa Dowamly bagyr keselleriniň anyklanyşynyň takyklygyny artdyrmak üçin immun-ferment barlagyny geçirmeklik ýola goýulypdyr. B görnüşli wirus gepatitiniň öňüni almak maksady bilen waksinasiýa geçirmeklik ýola goýulypdyr. Görkezmeleri bolan näsaglara “tentiz” we “ROCH” ugur boýunça wirusa garşy täsiri bolan Roferon-A derman serişdelerini bellemeklik girizilipdir.

5.     DOTS ýörelgesi boýunça gysga wagtlaýyn himiýa-bejergi bilen bejerilýän inçekeselli näsaglarda bejerginiň netijeliligine baha bermek. (2006-2007 ý.ý.) Ýolbaşçy: M.Durdyýewa Häzirki döwrüň netijeli bejergileriň görnüşi bolan DOTS ýörelgeleriň Türkmenistanda ornaşdyrylmagynyň aýratynlyklary öwrenildi. Bu ýörelgäniň milli aýratynlyklary işlenilip düzüldi we olaryň esasynda inçekeseli bejermegiň DOTS usuly welaýatlarda ornaşdyrylyp başlanyldy.

6.     Aýallaryň önelge ulgamy-nyň işiniň bozulmagynyň käbir görnüşleriniň anyklanyşyny we bejergisini kämilleşdirmek. (2004-2006 ý.ý.) Ýolbaşçy: N.Myratnazarowa. Aýallaryň önelge ulgamynda käbir bozulmalaryň ýygylygy we bu hadysalarda gaýnaglamanyň we endokrin özgermeleriň orny kesgitlendi. Önelge ulgamynyň kesellerinin öňuni alyş we bejeriş usullary hödürlendi.

7.     Türkmenistanyň şertlerin-de giçki gestozlarda sagdyn nesli almagy çaklamakda fetoplasentar ulgamyny bahalandyrmagyň esaslary. (2006-2009 ý.ý.) Ýolbaşçy: G.Hojamberdiýewa Giçki gestozly göwreli aýallaryň merkezi gemodinamikasy we fetoplasentar ulgamynyň aýratynlyklary öwrenildi. Alnan maglumatlaryň netijesinde giçki gestozlaryň geçiş aýratynlyklary, öňüni alyş çäreleri we derman serişdeleri bilen bejeriş usullary işlenip düzülipdir.

8.     Çagalarda peşew çykaryjy ýoluň daralmasynyň bejeriş usullaryny kämilleşdirmek (Gurbansoltan eje adyndaky EÇSG YKM bilen bilelikde). (2005-2007 ý.ý.) Ýolbaşçy: G.Geldiýewa. Çagalarda peşew çykaryjy ýolunyn inçelmesiniň bejermekliginde kämilleşdirmekligiň täze usuly işlenip düzülipdir. Bu usul opartiw bejerginiň ýerini tutýa hem öz gezeginde ekonomiki taýdan uly ähmiýeti bar.

9.     Beden arssalaýjy we bakteriýalara garşy häsiýetini ýüze çykarýan käbir ösümlikleri öwrenmek. (2004-2006 ý.ý.) Ýolbaşçy: M.Atagaraýew. Gara çaýryň we kyr bogun otunyň farmakologiki derňewleri geçirilip, olary tanamakdaky tapawutlandyryjy alamatlary, çig mallary taýýarlamagyň düzgünleri öwrenilipdir. Bu dermanlyk ösümlikleriniň mikroba garşy, peşew kowyjy, böwrekden daş aýyryjy, gan akmasyny duruzyjy häsiýetleri öwrenilipdir.

10. Käbir gulak, burun we bokurdak kesellerini bejermekde ýerli derman ösümlikleriniň netijeliligini öwrenmek we olaryň ulanyş usullaryny kämilleşdirmek. (2004-2006 ý.ý.) Ýolbaşçy: A.Gurbandurdyýew, S.Pleskanowskaýa. Dowamly gulak, burun, bokurdak kesellerini bejermekde türkmen arçasynyň we ýapon saforasynyň ýokary netijeliligi anyklanyldy. Bu ösümlikleri ulanmaklygyň usullary işlenip düzüldi.

11. Antioksidant ulgamynyň ýagdaýyny we ferment gistidazanyň işjeňligini kesgitlemek. (2004-2006 ý.ý.) Ýolbaşçy: H.Gurbanow, G.Ataýewa. Enzimo-anyklaýyş usulyny ulanmak bilen bagyrda patomorfologiki özgermeler emele gelmänkä – bagyr patologiýasynyň molekulýar derejede geçýän özgerişleri anyklamak mümkinçilikleriniň bardygyny görkezmeklik işiň esasy maglumatydyr. Enzimo-anyklaýys usulynyň bagyr kesellerini öňüni alyş çärelerini işläp düzmekde uly ähmiýetiniň bardygy nygtalýar.

12. Wagotomiýanyň dürli görnüşleriniň aşgazanyň gurluşyna we işine edýän täsirini öwrenmek. (2005-2007 ý.ý.) Ýolbaşçy: G.Bäşimow. Wagotomiýanyň 3 görnüşiniň arasyndaky tapawutlar morfometriki hem-de funksional usullar bilen ýüze çykaryldy. Alnan netijeleriň esasynda wagotomiýanyň selektiw proksimal we seromuskulýar nemasty görnüşleri morfologiki-funksional taýdan amatly diýlip bellenildi. Wagotomiýanyň seromuskulýar nemasty görnüşi kafedrada oýlanyp tapyldy, onuň netijeleri beýleki görnüşlerden has tapawutlanýar.

 

science.gov.tm

One Response

  1. […] incekeseliTürkmen Lukman HabarlarAIDS nähili ýokuşýar DEM ALYS YOLLARYNYŇ YITI WIRUS KESELLERITürkmen döwlet lukmançylyk instituty Sazlaşykly maşgala – sazlaşykly terbiýe AIW we […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: