Maşgala dermanhanajygy her bir öŷde bolmaly

Ŷlkinji medisina kömegini bermek üçin her bir hojalykda maş­gala dermanhanajygy bolmalydyr. Şeýle derman­ha­najygy özüňiz hem düzüp bilersiňiz ýa-da taýýaryny satyn alyp hem bilersiňiz. Maşgala dermanhanajygyny taýýar­la­ny­ňyzda, ýagny onda goýuljak dermanlary toplanyňyzda şol maşgalanyň agzalarynyň ýaşy we olarda bar bolan hroniki ke­seller göz öňünde tutulmalydyr.

Maşgala derman­hana­jy­gyn­da dermanlar belli bir tertip boýunça ýerleşdirilmelidir. Me­selem, derä çalynýan ýaglary we erginleri içilýän derman­la­ryň ýanynda goýmaly däldir.

Maşgala dermanhanajygy gu­ry, garaňky we salkyn ýerde sak­lanylmalydyr. Ol çagalara elýeter bolmadyk ýerde bol­ma­lydyr. Çyglylyk we gyzgynlyk sebäpli maşgala derman­ha­najygyny naharhanada ýa-da wan­na otagynda saklamak bol­ýan däldir. Dermanhanajykda wagty geçen, saralan, el­le­seň owranyp duran, daşy hatsyz ýa-da reňki bulanyk der­man­lar bolmaly däldir. Eger-de şeýle der­man bar bolsa, onda ha­ýal etmän ony ýok ediň.

 

Wagtal-wagtal (aýda bir gezek) dermanlaryň möhletini bar­lap durmaly. Çünki, wagty geçen dermanlary ulanmaklyk sŷziň janyňyz üçin örän howpludyr. Her bir dermanyň gu­tu­sy­nyň daşynda onuň haýsy wagtda taýýarlanandygyny we haý­sy wagta çenli ulanylyp boljakdygy rim ýa-da arap sanlary bŷlen görkezilendir. Meselem, Exp. – V ŶX 2007 diýildigi, bu der­many diňe 2007-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 5-ine çenli ula­nyp bol­ýandygyny aňladýar. Ergin görnüşli dermanlarda çö­kündi eme­le gelen bol­sa, ulanma möhletiniň en­tek barly­gy­na seret­mez­den olary ulanmaly däl­dirler. Eger-de maş­ga­­la­da em­dŷrilýän ça­ga bar bol­sa, onda olar üçin ýö­rite niýet­le­­nen “enä­niň we ça­ga­nyň maş­gala der­manhanajy­gy­ny” ulan­­saňyz go­wy bolar.

 

“Saglyk kitabyndan”.

Advertisements

One Response

  1. […] Maşgala dermanhanajygy her bir öŷde bolmaly […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: