Gyzamyk we gyzylja keselleriniň eliminasiýasy

Türkmenistan gyzamyk we gyzylja keselleriniň eliminasiýasy boýunça sertifikat almaga dalaş edýär
Türkmenistanda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň maslahat bermegi boýunça Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet sanitariýa-epidemiologiýa gullugy tarapyndan işlenip düzülen hem ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda 2010-njy ýyla çenli gyzamyk keseliniň we dogabitdi gyzylja ýokanjynyň öňüni almak barada» Milli maksatnama badalga alýar.
Gyzamyk we gyzylja keseliniň eliminasiýasyna gönükdirilen strategik maksatnama birnäçe wezipeleri, şol sanda ýurduň ilatyny ýokary derejede sanjymdan geçirmegiň gazanylmagyny we durnukly goldaw berilmegini, ilatyň arasynda gyzamygyň we gyzyljanyň ýaýramagynyň öňüni almagyň goşmaça immunizasiýasyny, şeýle hem şol ýokanç kesellere epidemiologik gözegçilik ulgamyny gowulandyrmagy öz içine alýar.

 

Şeýlelik bilen, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň talaplaryna we maslahatlaryna laýyklykda yzygiderli esasda çäreleri geçirýän Türkmenistan 2010-njy ýyla çenli bu ugurda degişli sertifikaty almaga dalaş edýär.

 

Keselleriň öňüni almak dünýä standartlarynyň derejesine ynamly çykýan milli saglygy goraýşyň iňňän möhüm ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagyna galýar. Şu ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi arkaly ýurdumyzda ýokanç kesellere gözegçilik etmek babatda täsir galdyryjy üstünlikler gazanyldy. «2003-2020-nji ýyla çenli döwür üçin Immuno-öňüni alyş» milli maksatnamasynyň çäklerinde yzygiderli geçirilýän, aýny wagtyndaky sanjymlar onuň iňňän möhüm bölegi bolup durýar. Çagalaryň köpçülikleýin immunizasiýasynyň netijesinde poliomielit keseli doly ýok edildi, munuň özi 2002-nji ýylda ýurduň territoriýasynda ýabany poliwirusyň ýaýramagynyň öňüniň alnandygy barada Türkmenistana sertifikatyň gowşurylmagy bilen tassyklanyldy.

 

Mälim bolşy ýaly, häzirki günde adamlary maýyplyga we hatda ölüm-ýitime getirýän howply keselleriň öňüni almagyň has netijeli usuly immunizasiýadyr. Sebitde esasy giňden ýaýran keselleriň öňüni almagyň Milli senenamasyna hökmany öňüni alyş sanjymlarynyň waksinasynyň girizilmegi tötänden däldir. Şolaryň hatarynda «W» wirus gepatiti, inçekesel, poliomielit, täjihoraz, gökbogma we bürmek kesellerini görkezmek bolar. 2007-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň başyndan däbe öwrülen sanjymlaryň sanawynyň üsti gyzamygyň, gyzyljanyň we parotitiň (MMR) kombinirlenen waksinalary bilen ýetirildi. Şonuň netijesinde 12-15 aýlykdan 6 ýaşa çenli çagalaryň ählisine sanjym edildi.

 

Şol keselleriň ýaýramagyny aňrybaş azaltmak maksady bilen geçen ýyl Türkmenistanda gyzamygyň we gyzyljanyň garşysyna giň möçberleýin kompaniýa ýaýbaňlandyryldy. 7 ýaşdan 23 ýaşa çenli çagalaryň we ýetginjekleriň we 24-den 40-a çenli reproduktiw ýaşdaky aýallaryň arasynda goşmaça immunizasiýa geçirildi. Sanjymdan geçirilmäge degişlileriň 96,4 göterimini öz içine alan möwsüm Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň halkara synçylarynyň iň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

 

Häzirki günde zerur bolan ähli waksinalary satyn almagy amala aşyrmak we UNISEF-iň, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň we beýleki halkara guramalarynyň hünärmenleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda ilatyň arasynda yzygiderli mugt immunizasiýa çärelerini geçirmek bilen, Türkmenistan bu ugurda sebitde öňdäki orny eýeleýär.

 

Hökümetiň gözegçiligi astynda amala aşyrylýan immunoprofilaktika milli maksatnamasynyň üstünligi milletiň saglygyny berkitmäge iňňän ýiti üns berýän türkmen lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklylykda üpjün edildi. Häzirki günde epidemiki abadançylygy üpjün etmek boýunça döwlet tarapyndan iňňän möhüm medisina-sosial maksatnamalaryň çäklerinde amala aşyrylýan ähli çäreler waksinalar arkaly öňi alynýan ýokanç keselleriň ýaýramagyny aşaklandyrmagyň, diýmek, milletiň bagtynyň we abadançylygynyň iň gowy kepili bolup hyzmat edýär.

 

gozyetim.com

2 Responses

  1. […] Gyzamyk we gyzylja keselleriniň eliminasiýasy […]

  2. […] Gyzamyk we gyzylja keselleriniň eliminasiýasy […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: