Gan toparlary

Siz ähli adamlaryň gan toparlarynyň dörde bölünýändigini bilýärsiňiz, ýagny I, II, III we IV gan toparlary. Bu açyşy üçin Awstriýaly alym Kral Landşteýnere Nobel baýragyny berdiler. Gan toparlarynyň açylmagy bir adamyň ganyny beýleki mätäç adama guýmaga, netijede, müňlerçe näsaglary ölümden halas etmäge mümkinçilik berdi. Meselem, I toparly gany islendik näsaga guýup bolýar. I toparyň özüne welin, diňe I toparyň ganyny guýup bolýar.II we III toparly adamlara diňe birmeňzeş toparly (ikinjä ikinjini, üçünjä üçünjini) gany guýup bolýar. IV toparly adamlara ähli toparly gany guýup bolýar.

 

Gan toparlary şeýle belgilenýär: O(I), A(II), B(III), AB(IV). Bu ýerde rim sany bilen bellenenler gan toparynyň tertip düzgünidir. Uly latyn harplary (A, B, O) bolsa ganyň düzüminde bolan gyzyl bedenjiklerdäki agglýutinogenlerdir. Olar ganyň toparyny kesgitlemekde uly orun tutýarlar.

 

Üns beriň! Her bir adam öz gan toparyny bilmelidir. Ony siz islendik laboratoriýalarda barladyp bilersiňiz. Gan toparyňyz baradaky bellik şahsyýetnamaňyzda bolsa has hem gowy bolar. Sebäbi adam her hili ýagdaýa düşmegi mümkin. Gyssagly ýagdaýda size gan guýulmaly bolsa gan toparyny barlamaga gymmatly wagt gider. Ýöne şahsyýetnamaňyzda bellik bolsa-da gan guýjak wagtyňyz hem toparyny barlap, ony şahsyýetnamaňyzdaky bellik bilen deňeşdiriň.

 

“Saglyk kitabyndan”.

One Response

  1. […] köp okalan Sitoplazma Bilim we Saglyk jyns ýollary arkaly geçýän keselleriGan toparlary Adamyn dasky durkyPeşew-jyns synalaynyn incekeseliTürkmen Lukman HabarlarAIDS nähili ýokuşýar […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: