Bagtyýar garrylar hem-de maşgala agzybirligi

Maşgala bagty, rowaçlygy diýilýänine her kimiň öz düşünişi bar. Olaryň dürli-dürli bolmagam mümkin. Şeýle-de bolsa, maşgala sagadatlygy (bagtyýarlygy) hakdaky söhbetleri diňläp bilsek, olar herimize bir zatlary aýdar, oýlandyrar.
Aramyza menzil düşse, duşuşmak arzuwy ýüregimizde atygsaýan bolsa, dyz-dyza, egin-egne diräp oturyşlarymyzy küýseýän bolsak, çagamyz ylgap öňümizden çykýan bolsa, “Gaty gijä galmagyn” diýip ugradylýan bolsak, bu sagadatdan nyşan.

Öýden gideniňizde dodaklar ýylgyrsa-da, göz owasyna ýaş aýlansa, dolanyp geleňizde ýoluňyza intizar garalyp, garaşylan bolsa, garaşylýan, garaşdyryp bilýän, “ýene azajyk otursady, hoşwagtlygymyz uzaga çeksedi“ diýdirýän bolsaňyz, elbetde, bularam sagadatdan nyşan.

Kakam enem hakynda gürrüň berýär. Onuň atama bolan yşkyndan, yşkyndan dörän hormatyndan söz açýar. Ejemem kakamyň aýdanlaryny tassyklap: “Menem şoňa şaýat” diýýär.

Enem eger atam ýatymlyk uzak bir ýere giden bolaýmasa, tä gelýänçä düşegine geçmez eken. Näçe gijä galsa-da, şol garaşar oturar eken. “Halys uky bürse, diwara ýaplanyp irkilen ýaly eder, soň ýene bir zada güýmenen bolar oturar” diýýän kakam henizem ejesiniň bu boluşlaryna haýran galýar. Atam dagy bilen baglanyşykly ýadynda ömürlik galan bir wakany aýdyp berende, kakamyň bokurdagy doldy.

“Ýaşlary altmyşdan aşypdy. Bir gün baraýyn, hal-ýagdaýlaryny soraýyn diýdim. Meni görüp, ikisem bozulyp aglaberdiler. “Näme boldy, näme aglaýaňyz?” diýsemem, özlerini dürsäp bilenoklar. Ahyry olar bilen bile menem başymy sallap, bozulyp oturdym…”

“Ýaşlary könelip, ýüregi ýukalan gojalar, belki, şol gün meni düýşlerinde görendirler, ýatlap oturandyrlar, şol wagtam gelendirin“ diýip oýlandym

Kakam ýere seredip uzak dymdy welin, ejem gaýyn enesiniň bir gürrüňini ýatlady:

“Gaýyn ataň ýaramady. Esli günläp ýorgan-düşekli ýatdy. Pahyr hemişe köpüň içinde, ile garyşyp-gatyşyp ýören adamdy. Oňa soňa baka düşegi zyndan bolup göründi, hasam hassalygy artdy. Şol günleň birinde “Maňa bir taýak getir” diýdi. Menem getirip berdim degenegi. Nädersiň, şo taýak bilen meni urmaga başlasa. Hiç sebäp ýok ýerden, bahana arap urýar. Menem “Içini sowatsyn, janynyň ýangyjyny çykarsyn” diýdim, gaçmadym. “Ursa, ursun” diýdim. Taşlap gitmämsoň “Bar, gaçsana, keýwany, beýtmesene“ diýip hamsygdy. Menem ýanynda oturyp agladym…“

Köpimiz atamyň ol hereketini makullamasagam, bu hadysalaryň aňyrsyndaky sagadatyň tagamyny, wepanyň çuňlugyny, pidagärligi, birek-birege düşünişiň, sazlaşygyň giňligini duýýaňyzmy…

Ýene kakam gürrüň bermäge başla-dy:“Bizde mukaddes Käbä zyýarata gitmek her kimiň hyýalyndadyr, ýüre- giniň arzuwydyr. O ýerlere gidip gelen gören zatlaryny ädimme-ädim gürrüň berer, köňül hesretden, gözler ýaşdan doly diňlener. “Inşalla, bize-de nesip etsin“ diýip dileg ediler. Ene-atanyň gurby çatman, gidip bilmese, ýagşy perzent bolmagy arzuw edýän ogly olary Mekge-Medinä ibermek islär, olaryň hajy bolmasyny höwes eder.

Güzeranymyz beýle bir elpe-şelpelik bolmasa-da, barymy-ýogumy jemläp kakamy o mukaddes ýerlere ibermek isledim. Emma ol her gezek “Men öz puluma gitjek” diýip, meniň maslahatymy ret edýärdi, öz gazananjasam ýetmeýärdi. Ahyry bir gezek: “Jemlän puluňy, doly hasabyňy görkezmeseň, uzak ýola hyýallanman“ diýdi. Bu onuň “Bolýar, seň maslahatyňa razy“ diýdigidi. Hem begenýän, hem tolgunýan. Eglenmän algy-bergimiň, geljek girdejimiň hasabyny çykardym. Hudaýa şükür, kakamy haja ibermäge pulum ýetýärdi. Guş bolup uçup, kakamyň ýanyna bardym: “Ine, hasabym. Inşalla, gidýäň“ diýdim. Kakam: „Ýok, ýeke özüm gitmeli bolsam, gitmeýän. Gitsem, ejeňizem ýanymdan galmaly däl. Ol meni hiç ýeke goýan däldir, bu ýola-da ýeke özümi ugradasy gelmez” diýdi. Kakamyň aýdýany çyndy. Dolandym yzyma, arpa-bugdaýy ýygnadyk. Olary gapana goýdum. Pulum ikisine ýeter diýen umydym welin ýokdy. Emma, ynanyň, ogullarym, eneňizi ibermäge-de gazanjymyň ýetýänini görüp, saklanyp bilmedim, oturyp agladym. Allaha şükür, şol ýyl ikisem tirkeşip haja gitdiler.

Hiç umydym ýokka dänämiziň ýetip durmasy, kakamyň ejeme bolan wepasynyň çuňlugyndan bolsa gerek.

Ataňyzyň dünýeden ötmeziniň öň ýany eneňize: “Men gidýän, ýöne senem kän gijä galmagyn-da barybergin. Indi bärde kän göwnüň rahat tapmaz“ diýşini, höwrüniňem bir ýyl geçmänkä ötägidişini gaty manydar görýän.“

Eý, gadymky jübütler! Ak gyňaçly eneler, ak sakgally gojalar! Siz gitdiňiz, ol çuň duýgularam siziň bilen bile gitdi diýmek islämok. Öz çuňlugynda, häzirki döwrüň çäklerinde o wepalar, o pidagär-likler häzirem bar, bolaram. Meniň aýtjak bolýanym, biziň höwes edýän maşgala sagadatymyz, haýwany lezzetler beýlede dursun, rugsat edilen islegleri hem pida etmegi başaranlaryň nesibesi. Beýle öýler, beýle ojaklar Nebiler Soltanynyň dilinde aýtsak “jennet burçlaryndan bir burçdur.”

zamantm.com

One Response

  1. […] Bagtyýar garrylar hem-de maşgala agzybirligi […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: