Tebigy serişdeleri dolandyrmak

Tebigy serişdeleri dolandyrmakda dünýä tejribesini ornaşdyrmaly 

 awtor: Türkmen Döwlet habarlar gullugy | 11 Garaşsyzlyk 2007 
 
  Tebigaty goraýyş wezipeleriniň çözgüdiniň netijeli ýollaryny kesgitlemek — Türkmenbaşy şäherinde «Hazar deňziniň kenar ýakasynda Hazar goraghanasynyň suw – batgalyk ýerleriniň biologik dürli görnüşliligini gorap saklamak we netijeli peýdalanmak» taslamasynyň çäklerinde geçirilen seminaryň maksady şeýledir.

Taslama Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan BMG-niň Ösüş maksatnamasy we Global ekologiýa gaznasy bilen bilelikde amala aşyrylýar.

Duşuşyga gatnaşyjylar – Tebigaty goramak ministrliginiň, Döwlet balyk hojalygy komitetiniň, Hazar döwlet goraghanasynyň esasy hünärmenleri, Hazaryň kenar ýakasyndaky şäherleriň we şäherçeleriň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň awçylar we balykçylar jemgyýetiniň we beýleki düzümleriň wekilleri goralýan territoriýalarda – goraghanalarda, milli seýilgählerde tebigy serişdeleri dolandyrmagyň dünýä tejribesi bilen tanyşdylar, olary Türkmenistanda we has takygy, dünýä möçberinde uly ähmiýete eýe bolan täsin tebigy toplumyň – Hazar goraghanasynyň çäklerinde ulanmagyň mümkinçiliklerine baha berdiler. Mälim bolşy ýaly, Hazaryň türkmen böleginiň kenarýaka zolagynda günbatar Ýewropadan, Arktikadan we Sibirden günorta uçup geçýän guş sürüleriniň Merkezi Aziýa we Gündogar Afrika tarap göçýän uçuş ýollary kesişýär, şonda guşlaryň ýüzlerçe müňüsi bu ýerde gyşlamaga galýar.

Seminarda bellenilişi ýaly, häzirki günde halkara praktikasynda biologik dürli görnüşliligi goramak, ondan peýdalanmak we ony dikeltmek meseleleriniň çözgüdine ylmy, ykdysady, sosial, demografiýa we beýleki nukdaýnazarlary hasaba almak bilen, deňagramly çemeleşme agdyklyk edýär. Munuň özi guşlary we balyklary awlamaga, beýleki bioserişdelerden peýdalanmaga gadaganlyklaryň hem çäklendirmeleriň berk ulgamy bilen tebigy zolaklary merkezleşdirip dolandyrmagyň tutuşlygyna alnanda ýeterlik derejede netijeli däldigi, maliýe nukdaýnazaryndan bolsa döwlet býujeti üçin çykdajylydygy bilen şertlendirilendir.

Täze, has çeýe ýörelgäniň mazmuny ol ýa-da beýleki ýagdaýda goraghana çäkleri bilen haýsydyr bir baglanyşygy bolanlaryň — ministrlikleriň we pudaklaryň, ylmy we tebigaty goraýyş guramalarynyň, ýerli ilatyň we dolandyryş häkimiýetleriniň, kommersiýa düzümleriniň ählisiniň bähbitleriniň ylalaşdyrylmagyndan, tagallalarynyň birleşdirilmeginden ybaratdyr. Munuň özi dürli ýollar bilen, milli aýratynlyklar, taryhy taýdan emele gelen däpler, biologik dürli görnüşliligiň – haýwanat we ösümlik dünýäsiniň ýagdaýy we beýleki faktorlar bilen baglylykda gazanylýar. Tebigy serişdeleri dolandyrmaga, şonuň bilen baglanyşykly kararlary kabul etmäge ýerli ilatyň gatnaşdyrylmagy umumy, prinsipial ýagdaýdyr. Hereketleriň bellenilen meýilnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň mehanizmi degişli kadalaşdyryjy – hukuk binýadynyň döredilmegini, strategiki meýilnamalaşdyryşy, dolandyryşy, monitoringi we täze ulgamyň netijeliligine baha bermegi amala aşyrmaly düzümleriň kesgitlenilmegini talap edýär.

Seminara gatnaşyjylaryň pikirine görä, Türkmenistanda ilatyň gatnaşmagynda tebigy serişdeleri dolandyrmagyň täze nusgasyny üstünlikli synagdan geçirmek üçin ähli mümkinçilikler we ozaly bilen halk häkimiýetiniň we ýerli öz-özüňi dolandyryşyň geňeşlikler, ýaşulularyň maslahaty ýaly netijeli institutlary bar. Şuňa laýyklykda, Hazaryň kenar ýakasynda ýerleşen obalaryň birinde ýa-da birnäçesinde, mysal üçin, Çekişlerde, Garagölde ýa-da adada ýerleşen Gyzylsuw şäherçesinde biologik serişdeleri jemagatyň bilelikde dolandyrmagyna bermegiň pilot taslamasyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Başgaça aýdylanda, aw awlamagyň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalaryny we her bir maşgalanyň real zerurlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, şol ýerde ýaşaýan guşlaryň baş sanyna zeper ýetirmezden, jemgyýetiň agzalarynyň arasynda aw awlamagyň ýerlerini we möçberini bellemek hukugy ýerli ýaşaýjylaryň özlerine beriler. Mundan başga-da kenar ýakasynda jemgyýetçilik aktiwistlerini ol ýa-da beýleki ýerli meseleleriň çözgüdine mobilizlemegiň usullaryny, özara kömek bermegi, şeýle hem telekeçiligiň esaslaryny – biznes-meýilnamalary, taslamalary işläp düzmegi öwretmek üçin serişdeler merkezleri açylar.

Türkmen döwletiniň syýasatynda tebigatdan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow muny, hususan-da, özüniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 62-nji sessiýasynda eden çykyşynda aýratyn nygtady. Häzirki wagtda Hazaryň täsin ekologiýa ulgamyny gorap saklamagyň, ony sosial-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleriniň çözgüdine täze, global nukdaýnazaryndan çemeleşilýär. Türkmenistanyň baştutany tarapyndan başy başlanan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmegiň taslamasy, Hazar sebitinde amala aşyrylýan beýleki maýa goýum maksatnamalary bolsa muňa ýardam edýär diýlip, seminarda bellenildi. Şoňa görä-de ekologiýada öňdebaryjy täzelikleriň, dünýäniň oňyn tejribesiniň işjeň ulanylmagy häzirki günde aýratyn derwaýys mesele bolup durýar, ol gadymy Hazaryň seýrek duş gelýän tebigy baýlyklaryny goramagyň netijeli we ygtybarly ulgamyny döretmäge ýardam eder. 
turkmenistan.gov.tm

2 Responses

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: