Gülki, göwnaçyklylyk, şadyýanlyk adam üçin örän peýdalydyr. Alymlar 70 ýaşan adamyň durmuşynyň azyndan 623 gününi gülüp, diňe 50 gününi aglap geçirýänligini hasaplapdyrlar. Käbir daşary ýurtlarda belli-belli keselleri diňe gülki bilen bejerýärler. Eýsem-de biz gülen wagtymyz bedenimizde nämeler bolup geçýär?
1. Dem alşymyz kadaly we çuň bolýar, ýagny demi uzak we çuň alyp, ony çalt goýberýäris. Bu bolsa, bedenimizde zyýanly maddalaryň toplanmagyna päsgel berýär.
2. Stresi döredýän garmonlaryň gany geçmesi azalýar. Netijede, biziň keýpimiz göterilýär.
3. Ýüregimiziň urşy we gan basyşymyz gowulanýar, damarlar giňeýär.
4. Beýniniň gan aýlanyşy gowulanýar.
5. Içki mäzleriň işleýşi kadalaşýar. Şol sebäpli hem “adam gülen wagty juwanlaşýar” diýýärler.
6. Bedeniň kesellere garşy duruş ulgamy güýçlenýär.
Mümkin boldugyça ýylgyryň, gülüň. Adamlary güler ýüz bilen garşylaň. Bu siziň ömrüňizi uzaldar. Çünki bir minutlyk gülkiniň peýdasy 3 minut suwda ýüzen bilen we 45 minut dynç alan bilen deňdir.
“Saglyk kitabyndan”.
Advertisements
Filed under: Bütin Temalar, Bilim, Durmyş, Saglyk |
[…] Saglyk we gülki […]
[…] Saglyk we gülki […]
[…] Saglyk we gülki […]