Peýdaly iýmitler

Germaniýanyň “Focus” žurnaly ynsan saglygyna peýdaly 10 sany iýmitiň sanawyny çap etdi. Ine, olar şulardan ybarat:

Alma

Her gün bir alma iýseň, Alsgeýmer keseli bilen kesellemek howpy pese gaçýar. Almanyň düzümindäki kwersetin düwnük öýjükleriniň köpelmeginiň öňüni alýar. Şeýle hem alma witaminlere, immunitet we ýürek-damar ulgamlarynyň işini güýçlendirýän mikroelementlere örän baýdyr.

Balyk

 

Ýüregi barada aladalanýan adamlar köpräk balyk iýmäge çalyşmaly. Hepdede üç sany balyk naharyny ýa-da günde 30 gram balyk iýseňiz, onda infarktyň döremek ähtimallygy 50 göterim pese düşýär. Dogrudan hem, ýaponlar we eskimoslar balyk bilen köp iýmitlenýändigi üçin ýürek-damar keselleri bilen az keselleýärler.

 

Sarymsak

 

Dümew bilen kesellänlere sarymsak örän gowy peýda edip biler. Şeýle hem ol aşgazanda düwnük keseliniň döremek ähtimallygyny pese düşürýär we iýmit siňdirişi kadalaşdyrýar. Sarymsak esasan hem damar keselleriniň döremeginiň öňüni alýar.

 

Ýer tudanasy

 

Bedeni S witamini bilen üpjün etmek üçin ýer tudanasyny iýmek ýeterlikdir. Şeýle hem ol immuniteti güýçlendirýär. Ýer tudanasynyň düzümindäki efir ýagy düwnügiň döremeginiň öňüni alýar.

 

Käşir

 

 

 

Käşiriň düzüminde derä we göze gowy täsir edýän maddalar bar. Şeýle hem onda köp mukdarda A witamini bar.

 

Burç

 

Ajy burç bedeniň alyş-çalşyny gowulandyrýar we şeýlelikde adamyň horlanmagyna sebäp bolýar. Şeýle hem ol aşgazanda we içegede howply bakteriýalaryň köpelmeginiň öňüni alýar. Süýji burç hem peýdalydyr. Onuň düzüminde S witamini bardyr we düwnügiň we ýürek-damar keselleriniň öňüni alýan maddalar hem agdyklyk edýär.

 

Banan

 

Banan – iň ýokumly we uglewodlara baý bolan miwedir. Şeýle hem onuň düzüminde biziň bedenimize wajyp bolan magniý hem bar.

 

Gök çaý

 

Gök çaýyň düzümindäki katehin atly bioaktiw madda ateroskleroz we düwnük keselleriniň öňüni alýar. Horlanmak isleýänler her gün dört käse gök çaý içse ýakymly täsir edýär. Gara çaýda katehin ýokdur. Sebäbi çaý ýasalanda ol öz güýjüni ýitirýär.

 

Soýa

 

Soýanyň düzüminde B toparly witaminler örän köp. Bu bolsa ýatkeşligi güýçlendirýär we nerw ulgamyny kadalaşdyrýar. Şeýle hem ol beloklara hem örän baýdyr.

 

Süýt

 

Ýene bir peýdaly iýmitleriň biri hem süýtdir. Onuň düzüminde ýokumly beloklar, gowy siňýän ýaglar, peýdaly laktoza şekeri bar. Şeýle-de süýt kalsä hem baýdyr. Bu bolsa garrylykda osteoporoz keseliniň döremeginiň öňüni alýar.

 

Ülje şiresi

 

Käbir önümleri derman hökmünde peýdalanyp bolýar. Meselem, fiziki zähmetden soň ülje şiresi (sogy) içilse, ol ýadawlygy aýyrýar. Munuň üçin bolsa bir stakan ülje şiresi ýa-da 45 ülje iýmek maslahat berilýär.

 

zamantm.com/Turkmenistan

 

3 Responses

  1. […] Iň köp okalan Peýdaly iýmitler […]

  2. […] Iň köp okalan Peýdaly iýmitler […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: