Ýeliň energiýasy

Türkmen alymlary—Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşiň «Gün» ylmy-önümçilik birleşiginiň işgärleri häzirki wagtda täsin taslamanyň üstünde işleýärler, onuň maksady ýeliň güýjüni adamlara hyzmat etmäge «öwrenişdirmekden» ybaratdyr. Häzirki günde bu taslama özüniň praktikada amala aşyrylmak basgançagyna gadam basdy. «Gün» ylmy önümçilik birleşiginiň hünärmenleri tarapyndan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmesi diýilýäniň—kuwwaty 5 kWt barabar bolan ýeliň energiýasyny özgerdijiniň bir görnüşiniň täze eksperimental nusgasy döredildi, ol Hazar deňzindäki Gyzylsuw adasyndaky mekdebi elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge niýetlenendir.

Mälim bolşy ýaly, alternatiw, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmaga gönükdirilen täzeçil, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary işläp düzmek ýurdumyzyň häzirkizaman ylmynyň öňünde goýlan esasy wezipeleriň biridir. Üstesine-de, Türkmenistan munuň üçin özüniň tebigy-howa şertlerinden gelip çykýan iň uly mümkinçiliklere eýedir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda adybir edaranyň binýadynda 2007-nji ýylda döredilen «Gün» ylmy-önümçilik birleşiginiň alymlary we konstruktorlary şol mümkinçiliklerden aňrybaş bähbitli peýdalanmaga çalyşýarlar. Ýeri gelende aýtsak, munuň özi GDA-nyň territoriýasynda dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda gönüden-göni barlaglar bilen meşgullanýan az sanly düzümleriň biridir. Häzirki wagtda «Gün» ylmy-önümçilik birleşiginiň hasabynda bu derwaýys ugurda üstünlikli amala aşyrylan taslamalaryň birnäçesi bar, şol sanda eksperimental ustanowkalary işläp düzmek we synagdan geçirmek boýunça işler geçirildi. Şolaryň arasynda gün guradyjysy, geliosuwsüýjedijisi, elektrik we suw üpjünçiligi üçin ýel-gün toplumy, suw ösümliklerini gün fotobioreaktorlarynda ösdürip ýetişdirmek boýunça enjam, ýokary temperaturaly barlaglar üçin «gün» peji we başgalar bar.

Şeýle taslamalaryň amaly ähmiýeti äşgärdir. Çünki Türkmenistanyň elektrik energiýasyny ýeterlik derejede öndürýändigine garamazdan, onuň territoriýasynyň elektrik geçiriji liniýalary geçirmegiň ýolunda kynçylyk döredýän ýerleri hem bar. Türkmen alymlary tarapyndan teklip edilen desga bu meseläni çözmäge, mysal üçin, uzak öri meýdanlarynda we Hazardaky adalarda, nebit we gaz promysellerinde energiýa üpjünçiligini ýola goýmaga ýardam eder. Üstesine-de, energiýany tygşytlaýjy tehnologiýalaryň düýpli artykmaçlyklary hem bar—iş ýüzünde şeýle çeşmeleriň çäklendirilmedik serişdelerini ulanmakda olar ygtybarlydyr.

Kuwwaty 5 kWt barabar bolan täze eksperimental ýel energetika agregatyny (ÝEA) döretmek we ony tejribe synagyndan geçirmek barada aýdylanda bolsa, «Gün» ylmy-önümçilik birleşiginde TDH-niň habarçysyna habar berişlerine görä, bu taslama Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda durmuşa geçirilýär. Häzirki pursatda ÝEA agregaty döredildi, onuň esasy bölegi-generator stend synagyndan geçirildi, şeýle hem agregatyň mehaniki böleginiň barlagy we synagy geçirildi. Bekrewedäki poligonda geçirilen synag oňyn netijeler berdi, munuň özi Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň hem «Gün» ylmy-önümçilik birleşiginiň wekillerinden ybarat döredilen ýörite iş topary tarapyndan hem tassyklandy. Indi ýel energiýa agregatyny Hazardaky Gyzylsuw adasynyň howa şertlerinde peýdalanmaga taýýarlamak, ony bellenilen ýere ýetirmek we gurnamak işleri öňde durýar.

Mundan başga-da, «Gün» ylmy-önümçilik birleşiginiň hünärmenleri ýeliň energiýasyny peýdalanmaga we has takygy, tejribe tehnologiýalaryny işläp düzmäge, ýel energiýa desgalarynyň eksperimental nusgalaryny arid zolagynyň şertlerinde ulanmaga taýýarlamak we olaryň ulanyş häsiýetnamalaryny barlagdan geçirmek temalary boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeş tarapyndan yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri boldular.

Häzirki günde özleriniň tejribelerine we dünýä ylmynyň gazananlaryna daýanyp, türkmen alymlary energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri babatda maksada gönükdirilen işleri dowam etdirýärler. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeş tarapyndan Germaniýanyň—energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini iş ýüzünde ulanmak sferasynda ykrar edilen lideriň esasy alymlary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirilen birinji internet-forum hem hut şol tema bagyşlandy. 
turkmenistan.gov.tm

 

 

4 Responses

  1. […] Ýeliň energiýasy […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: