Türkmenistanyň göz keselleriniň ylmy-kliniki merkezi

Türkmenistanyň göz keselleriniň ylmy-kliniki merkezi öz taryhyny 1932-nji ýyldan, ýagny haçan Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň trahomatoz ylmy-barlag instituty döredilenden alyp gaýdýar. Bu günki günde S. Karonow adyndaky göz keselleriniň ylmy-kliniki merkezi – tejribeli lukmanlary we häzirkizaman ylmy-kliniki esasy bolan ýurdymyzyň oftalmologiýa merkezi bolup durýar. Merkezde birnäçe ylmy-kliniki bölümler – köpugurly laboratoriýaly funksional barlag bölümi, gözüň hirurgiki rekonstruksiýasy we plastikasy bölümi, glaukomany kesgitleýiş we bejeriş bölümi, torly bardanyň keselleri bölümi, çagalaryň gözüni goraýyş bölümi bar. Şonuň ýaly-da GKYKM ýurt boýunça göz şikesleriniň we oftalmoonkologiýanyň merkezi bolup durýar.

 

GKYKM-iň işiniň esasy ugry göz kesellerini ir ýüze çykarmak we bejermek, sepgitde wajyp meseleler boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barmak, oftalmologlara ylmy – metodiki gollanma we maslahat bermek, hünärmenleri taýýarlamak bolup durýar.

 

Häzirki wagtda S. Karanow adyndaky Türkmenistanyň göz keselleriniň ylmy-kliniki merkezinde 120 orun bolup, şu aşakdaky bölümlerden durýar:

 

köpugurly laboratoriýaly funksional barlag bölümi,

çagalar oftalmologiýasy we çagalaryň gözüni goraýyş bölümi,

gözüň hirurgiki rekonstruksiýasy we plastikasy bölümi,

glaukomany kesgitleýiş we bejeriş bölümi,

göz düýbiniň keselleri bölümi,

witroretinal hirurgiýasy we göz şikesleri bölümi,

fotorefraksion hirurgiýa bölümi

Funksional barlag bölümi

Bölüm gözüň islendik kesellerini anyklap bilýän, häzirki zaman barlag enjamlary bien doly enjamlaşdyrylan. Kabul etmek 7 sany kabul ediş otaglarynda alynyp barylýar. Olardan başga-da ultrases barlag otagy, rentgen barlag otagy, fizioterapiýa bejeriş otagy goşmaça işleýär. Bu bölümden her gün ortaça 77-91 näsag, bir aýda ortaça 1159-2100 näsag geçýär. Bir ýylda barlagdan gesýän näsaglaryň sany 25-26 müň adama ýetýär.

 

Ondan başga-da, göz şikeslerinde, ýanmalarda we beýleki haýra goýulmasyň kesellerde güje-ýundigiň dowamynda gaýra goýulmasyň kömek berilýär.

 

Gözüň we onuň goşmaça agzalarynyň deşilen ýaralanmasynda we tejiribeli lukmanlar ýokary hilli mikrohirurgiýa emellerini geçirýärler.

 

Funksional barlag bölüminde kliniki, patogistolokigi, bakteriologiki, immunologiki barlaglary geçýän kopugurly laboratoriýa hem işleýär. Laboratoriýanyň ylmy işleriniň esasy ugry gözüň alawlama kesellerini kesgitlemek, öwrenmek we bejermek bolup durýar.

 

Refraksion hirurgiýa bölümi

1996-nji ýylda miopiýany we astigmatizmi bejermekde häzirki zaman bejeriş tehnologiýasy bolan eksimer lazer girizildi. Netijede gözüň özboluşly ölçeglerini göz öňünde tutup, köp näsaglary äýnek dakynman gowy görmeklige getitdi. Miopiýa refraksiýasyny dizedýän bu bejeriş usuly bilen 1 ýylda 1000-1500 emel geçirilýär.

 

2004-nji ýyldan başlap miopiýanyň bejerilişine goşmaça lasik usuly girizildi. Biziň sepgidimiziň şertlerinde miopiýanyň bejerilişindäki aýratynlyklar ylmy esasda öwrenildi we emelden soňky dowüriň bejeriş şertleri işlenilip düzüldi.

 

Rekonstruktiw emelleri we oftalmoonkologiýa bölümi

Rekonstruktiw emelleri bölümde buýnuz perdäniň (korneanyň) alawlama kesellerinde we distrofiýalarynda keratoplastika geçirmeklige uly üns berilýär. Keratoplastika we emeli göz jöwherini goýmak bilen kataraktanyň ekstraksiýasyny bir wagtda geçirmekligiň usuly, buýnuz gatlagynyň uly göwrümli şikeslerinde gaýragoýulmasyz keratoplastika usuly, keratomolýasiýada-buýnuz gatlagyň iziňli eremelerinde gaýra goýulmasyz keratoplastika usullary islenip düzüldi.

 

Gaýtadan keratoplastikanyň usullary, görnüşleri we oňa görkezmeler öwrenildi.

 

Bu bölümde oftalmoonkologiýa bilen baglanyşykly hemme soraglar – kesgitlemesi, göziň we onuň kömekçi agzalarynyň çişleriniň emel ýol bilen bejerilişi doly çözülendir. Hünärmenler ýanmalardan, şikeslerden, onkologiýa emellerinden soňky ýetmezçiliklerde we tyglarda timarlaýyş emel usullaryny doly özleşdirdiler.

 

Bölümde kataraktalarda emeli göz jöwherini ulunmak bilen fakoemulsifikasiýa usuly doly özleşdirilen.

 

Glaukoma bölümi

Bu bölümiň esasy iş ugry birinji we ilkinji (fakogen, neowaskulýar) glaukomalarda keseli kesgitlemek we bejermek bolup durýär. Türkmenistanyň ýerli ýaşaýjylarynyň sagdyn gözleriniň gurluşynyň käbir aýratynlyklary ýüze çykaryldy we bu aýratynlyklaryň glaukomanyň ýapyk burçly görnuşiniň we glaukomanyň ýiti tutgusynyň köp döremegine getirýändigi anyklanyldy. Şonuň ýaly-da gonioskopiýanyň, tonografiýanyň görkezijilerine esaslanyp, ilkinji glaukomanyň kliniki geçirişiniň aýratynlyklary bellenildi. Bu alynan maglumatlara esaslanyp glaukomanyň barlaglarynda kesgitleýiş – barlaglar toplumy hödürlendi we amalyýete girizildi, birinji we ikinji glaukomanyň emel usuly bilen bejerilişinde patogenetiki ugrukdyrylan usullary işlenip düzüldi. Şeýle hem Pex-li gözlerde şkes geçiren gözlerde glaukomanyň miktohirurgiki bejeriş usullary girizildi. Kombinirlenen emeller-bir wagtda antiglaukomatoz we emeli jöwherjigi implantirlemek bilen kataraktanyň ekstraksiýa usuly giňden ulanylýar. Sonky wagtlarda trabekuloektomiýa emelini kataraktanyň fakoemulsifikasiýa we emeli jöwherin implantasiýasy usuly bilen bilelikde geçirmeklik giň gerim alýar. Emelleriň hemme görnüşleri her näsag üçin aýratynlykda işlenip düzülýär we ulanylýar.

 

Torly gatlagyň keselleri bölümi

Bu bölümiň esasy iş ugry diabet, gipertoniýa kesellerinde ýüze çykýan retinopatiýalaryň, görüş nerwiniň dürli keselleriniň klinikasyny we bejerilişini ylmy esasda öwrenmek we bejermek bolup durýär. Retinopatiýalarda, torly gatlagyň we görüş nerwiniň gan aýlanyşymyň ýiti we dowamly bozulmalarynda konserwatiw bejerilişiniň usullary işlenip düzüldi we amalyýete girizildi.

 

Şonuň ýaly-da, kataraktanyň, esasan-da şikes kataraktasynyň emelli bejerişi, emeli jöwherleriniň implantasiýasy ýola goýuldy. öňden berilen görnüşi ýatlap bilýän emeli jöwher işlenip düzülip, hödürlendi. Derman serişdelerini intrawitreal goýbermegiň ýollary işlenildi we amalýete girizildi.

 

Witrioretinal emelleri bölümi

Bu täze döredilen bölümde diabet we gipertrofiýa retinopatiýaly näsaglaryň emel ýoly bilen bejerilişi we dikeldiş işleri alynyp barylýar. Bölümde torly gatlagyň gopmagynyň emeli bejergileri, lazer bejergileri, häzirki zaman enjamy bolan witreotomy ulanmak bilen bejermeklik ýoly goýulan.

 

Torly gatlagyň gopmagynda ulanylýan adaty bejergilerden başga-da intrawitreal gaz goýbermek, witreoktomiýa etmek usullary hem ulanylýar.

 

Bulardan başga-da, retinanyň distrofiýalarynda, miopiýalarda, retinopatiýalarda torly gatlagy argon lazer bilen berkitmeleri, flýuressein angiografiýalar alynyp barylýar.

 

Çagalar oftalmologiýa bölümi

Çagalar oftalmologiýa bölüminiň esasy ugry ylmy esasda çagalarda pes görüjiligi irki döwürde ýüze çykarmak, bejermek we öňüni almak bolup durýar.

 

Esasy üns dogabitdi çaga keselerini bejermeklige berilýar. Şeýle hem wajyp meseleleriň biri bolup, çaga göz şikesleri we olaryň bejerilişi, dikeldilişi bolup durýar. Bölümde çagalaryň gözüni goraýyş otagy bolup, bu ýerde ýöriteleşdirilen turgenleşik enjamlarynda miopiýa, göz çaşylygy ýaly keselleri bejermeklik ýola goýulan.

 

Soňky ýyllarda bu keselleriň bejeruluşinde kompýuterleri ulanmaklyk ýola goýuldy.

 

GKYKM-de meýilleşdirilen emeller üçin 2 emel otaglary ulanylyp, olaryň her birindir häzirki zamanyň talabyna deň gelýän 4 emel mikroskoplary (emel ýerleri) işledilýär. Olardan başga-da gijo-gündisiň dowamynda göz keselerinde gaýra goýulmasyz we mikrohirurgiki kömegi bermeklik ýola goýulan 1 sany ambulator emel otagy işleýär.

 

GKYKM-de ýerine ýeterilýän emelleriň esasylary:

 

dürli görnüşli emeli jowherleri ulanmak bilen geçirilýän. Kataraktasynyň fakoemulsifikasiýasy

Emeli jöwherleri ulanmak bilen geçirilýän kataraktanyň ekstrapsulýar ekstraksiýasy

Torly gatlagyň gopmagynyň emelli bejerilişi

Keratoplastikanyň hemme görnüşleri

Gözüň kömekçi agzalarynyň keselleriniň emelli bejerilişi (göz çaşylygy, pterigium, gabaklaryň dürli keselleriniň emelleri, tämizleýji emeller.)

Gözüň we onuň kömekçi agzalarynyň çiş keselleriniň emelli bejergileri

Şikesleriň emelli bejergileri

Şowakörlügiň lazer bejerilişi

Antiglaukomatoz emelleriň hemme görnüşleri, şol sanda hödürlenen üýtgeşmeler bilen, kataraktanyň ekstraksiýasy, fakoemulsifikasiýa, emeli jöwherleri oturdmak bilen.

http://www.gybat.net

 

3 Responses

  1. […] Türkmenistanyň göz keselleriniň ylmy-kliniki merkezi […]

  2. […] Türkmenistanyň göz keselleriniň ylmy-kliniki merkezi […]

  3. […] Türkmenistanyň göz keselleriniň ylmy-kliniki merkezi […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: