TÜRKMEN GAWUNYNYÑ GUDRATY

bnvhjgrfjtmhtfghfghfhffhhffhfh.jpg

Gawun saglyk üçin örän peýdaly iýmitleriñ biridir. Onuñ düzüminde witaminlerden, mikroelementleren başga-da, çigidiniñ ýerleşýän ýerinde-gylawynda altyn bar. Altyn bolsa adam üçin iñ peydaly zat hasaplanýar. Ol gany arassalaýar. Alymlar Türkmenistanda bitýän ýandakda hem-de ýandakdan alynýan ary balynyñ düzüminde altynyñ beyleki zatlara garanda has köpdigini altyn hakyndaky yazgylarda agzapdyrlar.

 Halk döredijiliginde “Gawun iýseñ säher iý, säher iymeseñ zäher iý” diyen nakyl bar. Gawuny aşgazanyñ boş wagty iýseñ, has peýdaly. Gawunyñ diñe özüni ertirlik ya-da agşamlyk hökmünde 40 gün iýseñ demgısma, inçekesel, sowuklama ,öt-bagyr, garyn-içege keselleriniñ nämedigini hem bilmersiñiz!

Yzygiderli başga zat bilen garman gawun iýýän adamyñ gözüniñ göreji ýitelýär, yüziniñ hamy täzelenýär.

Ýörite horlanmak isleýänler agşamlyk naharynyñ ýerine diñe gawun iýseler has-da peýdaly. Ýöne ony agşam sagat 19-a çenli iýmeli.
Kellesi agyrýan adam gawunyñ paçagyny mañlaýyna ýapmaly. Gawunyñ içindäki gylavyny (altynly ýerini) ýüzine çalan zenanlar ownuk ýygyrtlardan dynarlar. Mysal üçin, bir gawunyñ içiniñ gylawyny käsä gyryp almaly. Tämiz ýüze çalmaly. Soñundan mylaýym suw bilen ýuwmaly. Ýüzi süpürmeli däl. Özi gurandan soñ ösümlik ýagyny ýeñiljek çalmaly. Künji ýagy ýüze çalynanda başga krem küýsetmeýär.

Gawunyñ çigdinden ýag hem alyp bolýar. Ol inçekesele dermandyr. Gawun biýarasynyñ kökini bolsa ayal kesellerini bejermek üçin ulanylýar. Gawun güllerinden alynan ary baly ýandak balyna barabardyr.
(Nurberdi Gummadow tarapyndan)
Ref.gybat.net

 

2 Responses

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: