Bäbekler nädip gepleýärler

Çagalar dünýä inen pursatlaryndan başlap, daş-töwerek bilen çynlakaý gatnaşykda bolýarlar. Gözleri, hereketleri bilen birzatlar aýtmaga synanşýarlar. Aýratyn-da, gözleri bilen pikirlerini şeýle bir ýürekden we düşnükli “aýdýarlar” welin, olara düşünmezlik üçin kör we ker bolmaly. Ene üçin ömrüniň iň manyly pursatlarynyň biride bagryndan önen balasynyň dünýä açylan şol kiçijik penjireden özüne seredýän pursatydyr. Bu pursat örän ähmiýetlidir. Şol pursatda ene dünýäniň iň gözel zatlarynyň birini synlaýar. Ýöne çaga nädýärkä? Ol hem ejesindäki gözellikleri görüp bilýärmikä? Duýgularyny nädip düşündirýärkä?
GöZE DÜŞÜNMESELER, SESLI DÜŞÜNDIRIP BAŞLAÝARLAR.
 Bu mesele boýunça barlag geçiren alymlar “Çagalar ilkinji aýlarda mölegözdür, hiç zat görmeýärler” diýen pikiriň ýalňyşdygyny ýüze çykardylar. Çaga dünýä inen ilkinji günlerinden başlap ençeme zatlary görýän ekeni. Ýaňy dünýä inen çaga hereket edýän yşygy ýa-da predmeti gözi bilen yzarlap bilýän ekeni. Lukmanlar ýaňy dünýä innen çaga 25 santimetr uzaklykdan güli ýa-da haýsydyr bir jisimi dürli taraplara hereket etdirenlerinde bäbegiň şol zadyň hereketini gözi bilen yzarlaýandygyny görüpdirler. Ähli duýgularyny ilki başda gözleri bilen aýtmaga synanýan çagalar bu başa barmasa “sesli duýduryş” bermäge başlaýarlar. Çagalar ilki el-aýagyny hereketlendirmegi goýup, ähli ünslerini ses bilen beýan etmäge berýärler. Ýagny ünsleri bir işde jemlenendigi üçin käbir beýleki hereketleri unudýarlar. Dürli wagtlarda, dürli çagalarda geçirilen barlaglaryň gözi bilen hereket edýän jisimi yzarlaýandygyny ýüze çykarylypdyr. Biziň hut özümiziňde daş-töwerekde duş gelýän bäbäkleriň hereketlerinden çykaran netijelerimiz bar. Şol netijelerimize salgylanyp, olaryň hereket edýän jisimleri gözleri bilen yzarlaýandygyny aýdyp bileris.
Käbir eneler ilkinji hepdelerde bäbekleriniň öz enesi beýleki adamlardan tapawutlandyryp bilmeýändiklerini aýdýarlar. Eneler çagalarynyň ýüzlerindäki yşaratlary näçe anyk “okap” bilýän bolsalar, çaganyň ýuz mimikasy we bakyşy bilen many aňlatmak ukyby-da şonça öser.

Ref.gybat.net

3 Responses

  1. […] Bäbekler nädip gepleýärler […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: