Medisina bilimini dünýä standartlaryna ýetirmek gerek

Türkmen ylmyny ösdürmegiň täze ädimlerine laýyklykda ýakyn ýyllarda medisina ylmy we milli saglygy goraýyş täze ösüşe eýe bolar. Ozal habar berlişi ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Kararyna laýyklykda şu ýylň we ýurdumyzyň esasy ylmy-kliniki medisina merkezleriniň binýadynda kliniki ordinaturalar açylar. Şol ýerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinden lukmanlar hünärlerini ýokarlandyryp bilerler.

 

Ýurdumyzyň ylmyny kemala getirmäge we ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň sanawyna kliniki ordinatura baradaky düzgünnamanyň goşulmagy milletiň lideriniň ýokary hünärli lukmançylyk işgärlerini taýýarlamaga uly üns berýändigine şaýatlyk edýär. Şol hünärmenler bu pudagy dünýä derejesindäki standartlara ýetirmelidir.

 

Bütin dünýäde kliniki ordinatura ýokary lukmançylyk biliminiň köpugurly düzümi bolup durýar. Şol düzümleriň biri-de ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Şunuň bilen birlikde ol geljekki hünärmenleri taýýarlamakda kuwwatly esas bolup durýar. Çünki okadylyş döwründe lukman medisina ylmynyň gazananlary bilen tanyşmaga, häzirki zaman diagnostikasynyň metodlaryny, operatiw taktikasyny ele almaga, täze diagnostik we bejeriş enjamlaryny özleşdirmäge, kafedralaryň hem-de institutlaryň ylmy-barlag işlerine golaýlaşmagyna ýardam edýär.

 

Kliniki ordinaturada okamagyň esasy iş ýerinden aýratynlykda geçirilýändigini bellemek möhümdir. Her bir ordinator aýratyn meýilnama boýunça iki ýyllyk okuw geçýär. Şol meýilnama okaýanlaryň hünäri boýunça teoretiki we praktiki taýýarlygyny göz öňünde tutýar. Ordinatorlaryň okuw prosesine professorlar, dosentler, ýokary okuw mekdepleriniň has tejribeli mugallymlary we ylmy-barlag edaralarynyň hünärmenleri çekilýär. Okatmagyň maksatnamasy özüne hünärler boýunça leksion kurslary, fundamental we garyşyk sapaklary, praktiki sapaklary, seminarlary, kliniki gözden geçirişleri göz öňünde tutýar. Şeýle hem ylmy seminarlary we konferensiýalary guramak göz öňünde tutulýar.

 

Şu ýyl ýurdumyzyň lukmançylyk ýokary okuw mekdebinde lukman ordinatorlaryň 27-si okar, Onkologiýa we Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň, şeýle hem Gurbansoltan eje adyndaky enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş we S.Karanow adyndaky Göz keselleri ylmy-kliniki merkezleriniň her biri iki sany kliniki ordinatorlary kabul eder. Kliniki aspirantura Türkmen döwlet lukmançylyk institutyny tapawutlanyp tamamlanlaryň we üç ýyldan az bolmadyk zähmet stažy bolan, 35 ýaşa çenli lukmanlaryň hataryndan bäsleşik esasynda kabul edilýär. Düzgünnama laýyklykda şertnama esasynda daşary ýurt raýatlaryny okatmak hem göz öňünde tutulýar. Okuw tamamlanandan soň, ordinatorlara degişli nusgadaky şahadatnamalar gowşurylar. 

Çeşmesi: turkmenistan.gov.tm

3 Responses

  1. […] Medisina bilimini dünýä standartlaryna ýetirmek gerek […]

  2. […] Medisina bilimini dünýä standartlaryna ýetirmek gerek […]

  3. […] Medisina bilimini dünýä standartlaryna ýetirmek gerek […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: