Awiasiýa Medisinasy

Awiasiýa Medisinasy – medisinanyň awiasiýa uçuşlary medisina hyzmaty bilen üpjün edýän bölümi. Onuň wezipesi harby, sport we transport awiasiýasynyň spesialistleriniň zähmet şertlerini öwrenmekden, olaryň saglygyny gorap saklamak üçin profilaktik çäreleri işläp düzmekden, gigiýena kadalaryny berjaý etmekden ybaratdyr. Awiasiýa ylmynyň ösmegi bilen birlikde awiasiýa medisinasy hem ösüp kämilleşdi. Bu bolsa has ýokary belentliklerden çalt uçmak bilen baglanyşykly problemalary çözmekde awiasiýa ylmyna köp kömek berdi. SSSR-de awiasiýa medisinasynyň düýbi 1918 ýylda Sarisyn (häzirli Wolgograd) şäheriniň goralýan günlerinde tutuldy. Şol wagt lýotçikleriň saglygyna gözegçilik etmek üçin awiasiýa bölümlerine wraçyň ştaty berildi. Häzirki zaman şertlerinde awiasiýa medisinasy atm-nyň ýokary gatlaklarynyň adam organizmine edýän täsirini öwrenýär, atm. basyşy we kislorodyň parsial basyşy peselen halatlarynda lýotçiklere kadaly işlemäge mümkinçilik berýän çäreleri işläp düzýär. Adam organizminiň ýokary tizlige has çydamly bolmagynyň çärelerini, häzirki zaman samolýotlary heläkçilige duş bolan wagtlarynda olaryň inž-tehn. sostawyny, ýolagçylaryny halas etmegiň ýollaryny öwrenýär. Ol awiasiýa gullugyndaky adamlaryň saglyk ýagdaýyna edilýän talaby kesgitlemek, lýotçikler sostawynyň ýaşaýşyny, dynç alşyny we iýmitini öwrenmek wezipelerini ýerine ýetirýär. Awiasiýa medisinasy umumy medisina metodlary bilen bir hatarda özüne degişli metodlary hem ulanýar. Soňky ýyllarda awiasiýa medisinasyndan özbaşdak pudak hökmünde kosmos medisinasy bölünip aýryldy.

Ref.tk.wikepedia.org

 

2 Responses

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: