Arakhorlugyň bejerilşi

Arakhorlukdan ejir çekýän näsaglaryň hökmany üc etaby öz içine alýar.
1). Alkogol intoksikasaiýasynyň ýiti netijelerini ýok etmek, näsäg bilen psihoterapewtiki gatnaşygy ýola goýmak we näsagy antialkogol terapiýanyň aktiw usullaryna taýýarlamak;
2). Spirtli içgileriň ysyna we tagamyna şertlireflektor ýigrenji dýretmek we aktiw terapiýa döwründe organizmi alkogola sensibilizirlemek .
3). Uzak wagtlýyn goldaýjy /antiresediw/ terapiýa 2-3 ýyl dowamynda .
Seýlelik bilen indiwidual bejeriş meýilnamasy düzülende ol 2-3 ýyl möhlete hasaplanan bolmaly .
Aktiw antialkogol terapiýa usullary öz içine ýörite çäreler esasynda spirtli içgilere ýigrenç ýa-da olaryň götermezligi ýüze çykarylýar. Diňe simptomatiki serişdeler psihoterapiýa bilen gosup bejermek , käbir ýagdaýlarda ulanylyp bilinse-de , ýeterlik derejede netijeli bolup bilmez .
 Antialkogol terapiýasynyň aktiw usullaryna degişli:
1. şertlireflektor terapiýa- alkogoly dürli serişdeler bilen gosup ulanmak esaynda gusmak we wegetatiw hadysalary döretmäge esaslanan – apomorfin agyr metallaryň duzlary , emetin alkoloidi , ýakymsyz ysly we tagamly maddalar ) , baransa gaýnatmasy, tiol serişdeleri . şertli reflektor terapiýa gysga wagtlaýyn agyr bozulmalary döredýän beýleki serişdeleri hem ulanyp geçirip bilner . Mysal üçin , alkogoly wena damaryna suksinilholini goýbermek arkaly gosup ulanmak usuly ulanylýar, ol gysga wagtlaýyn dem alşy duruzyp , güýçli gorky duýgusyny döredýär .
2. Alkogola sensibilizirleýji terapiýa- alkogolyň götermezligini döredýän serişdeleri ulanmak arkaly gazanylýar. Ol serişdelerden gin ýaýrany teturam /antabus/ we siamid /tempozil/ bolup durýar. Bu maksat bilen we beýleki serişdeler ulanylyp bilner, mysal metronidazol .
Amerikanyň Birlesen Statlarynda we Kanadada ulanylýan serişde /gallýusinogen/ dietilamid lizergin tursusy /LSD/ -narkotiki serisda örän seresaplylyk bilen seretmeli .
3. Gipnosuggestiw terapiýa- gipnotiki uky ýagdaýynda spirtli içgileriň ysyna we tagamyna ýigrenç döretmeklige esaslanan.
Antialkogol aktiw terapiýasy näsagyň ýagdaýy mümkinçilik berse sonça-da çalt başlamaly , bu bejergi simptomatiki bejergi we hemişe näsag bilen psihoterapewtiki täsir bilen bile alyp bardylar .
Antialkogol aktiw terapiýasy hökman stasionar bejergi däl-de , ambulator şertde hem bejerip bolýar . Onuň esasy maksady näsagy alkogoldan aýyrmak we dowamly antiresediw terapiýa geçirmek .
Goldaw beriji /antiresidiw/ terapiýa- hökmany bejergi we hemme näsaglara geçirilmeli . Antialkogol aktiw terapiýasynyň ilkinji tarapdan erbet tarapy antiresediw terapiýanyň gowy gurnalmazlygydyr. Lukman näsagy we onuň garyndaşlary dowamly bejergi geçirmelidigine ynandyrmaly .
Simptomatiki we dezintoksikasion terapiýa.
Simptomatiki we dezintoksikasion terapiýa alkogol inntoksikasiýasynyň netijelerini aýyrýar we aktiw antialkogol terapiýa taýýarlaýarlar .
Ambulator geçirilýän bejerginiň başynda hemme fiziki we akyl ýadawlygyny aýyrmaly, uzak wagtlap howada gezelenç etmek , sport bilen meşgullanmak maslahat berilýär. ýöne öz tanyşlarynyň , ýanyna kafe, restoran, nirede spirtli içgileri ulanýan bolsa çykmak bolmaýar.
Hökmany suratda ajy , duzly we etli naharlary bermek gadagan . Gök önümli we süýtli naharlary , süýji zatlary köpeltmeli . Içgilerden mineral içgiler , ýöne miwe suwlary däl , sebäbi siroplar spirtde taýýarlanýar . Alkogolyň antogonistleri hökmünde kofe we çaý maslahat berilýär .
Medikamentoz serşsdeleriň toplumyny ulanmak çalt ýagdaýda 1-2 hepdäniň dowamynda abstinent hadysasyny aýyrmaga kömek edýär .
ýürek-damar ulgamynyň ijeňligini stimulirleýän analeptiki serişdeler .
Abstinensiýa ýagdaýynda , esasan hem zapoýdan soň , adatda ýürek-damar ulgamynyň işjeňliginiň aýdyň bozulmasy bellenýär . şonuň üçin zapoýdan 2-4gün soň stasionar we ambulator şertlerde analeptikleri ulanmak hökmany bolup durýar . Kofein-benzoat natriy içmek üçin 0,1-0,2 gr (günde 2gezek irden we gunorta )deri astyna -1ml-10%ergini. Has aýdyň bozulmalarda -kordiamin , kamfora ýa-da korazol 1-2 ml deri astyna gije 1-3 günüň dowamynda , içmek üçin 20-25 damja kordiamin .
Spazmolitik we koronarolitik serişdeler.
Bu topara serişdeleri koronarospazm we beýni damarlaryn spazmy , gan basyşynyň ýokarlanmagyna ýykgyn ýagdaylarda ulanylýar . Spazmolitiklerden papawerin 0,02 gr 2-3 gezek günde aýratyn ýa-da 0,25 gr teobromi bilen , 0,02 gr fenobarbital, no-şpa 0,04 gr 2-3 gezek günde ýa-da muskul içine 2%-2 ml ergini . şeýle hem: eýfillin 0,1- 0,2 gr 2-3 gezek günde içmek üçin ýa-da 0,2 -0,4 gr rektal şemde (gastritde) , diprofen (ahyrlarňn damarlarynňn spazmynda ) 0,025-0,05 gr 2-3 gezek . şeýle koronarolitik serişdelerden : korwalol( walokordin, milokordin ) -10-15 damja 2-3 gezek günde .
Käbir ýagdaylarda alkogolizm gipertoniki keseliň başlangyç formalary bilen gabat gelende uly bolmadyk dozaly ganglioblokatorlar görkezilýär: benzogeksoniý 0,05-0,1 gr günde 1 gezek kem-kemden ýokarlandyryp 0,1 gr çenli 2-3 gezek günde . Ganglioblokirleýji serişdeleri ulanylanda ortostatiki kollapsyň ýüze çykmagy mümkin . şonuň üçin olary stasionar şertlerinde ulanmaly, dermany içenden soň näsag 1,5-2 sag duşekde atmaly.

SEDATIW SERIşDELER
Abstinensiýa döwründe we şoňlugy bilen birinji , ikinji ,üçünji ,döwür bejergide arakhorlukdan ejir çekýän näsaglara dürli sedatiw serişdeler bellenýär: Brom serişdeleri, waleriana , pustyrnik .
Bu serişdeler dürli garyndylaryň düzüminde ulanylýar, mysal Pawlowyň miksturasy (natriy bromid 1 gr , kofein benzoat natriý -0,5 , distilirlenen suw 200 ml ) 1 nahar çemçeden 3 gezek günde we Pawlowyň tabletkasy ( natriy bromid 0,1 gr, kofein benzoat natriy -0,05 gr ) 1 tab. 3-gezek günde. Behterowyň miksturasy( goriswet otunyn demlemesi 6 gr 200 ml natriy bromede , bromid kaliý we bromid ammoniýa 4 gr kodein 0,12 gr ). 1 nahar çemçeden günde 3 gezek we s.m. Brom kamforasy nerw ulgamyna koşeşdiriji täsiri bilen bilelikde ýürek-damar ulgamyny gowulaşdyryar , şonuň üçin ony abstinensiýa döwründe ulanmak maksada laýykdyr .

PSIHOTROP SERIşDELER
Psihotrop serişdeler içki dartgynlylygy , gaygyny ,biynjalygy , gorkyny aýyrýar , ukynyň kadalaşmagyna , umumy koşeşmäge , hereket aktiwliliginiň peselmegine ýardam berýär , arakhorly näsaglary bejermekde diýseň netijeli we giňden ulanylmalydyr .
Nerw-psihiki sferanyň güýçli bolmadyk bozulmalarynda trankwilizatorlary bellemek maksada laýykdyr .Meprotan (mepromat) hemme trankwilizatorlardan has güýçli uky getiriji häsiýete eýe . Bu serişdäni günüň ikinji ýarymynda ya-da gije bellemeli . Dozasy 0,2-0,4 gr 2-3 gezek günde gijesine 0,6 gr çenli ýokarlandyryp bilner .
Trioksaziň edil şeýle trankwilizirleýji (kosesdiriji ) , täsire eýe , ýöne meprotana garanynda uky getiriji täsiri pes . 0,3-0,6-dan ta 0,9 gr 2-3 gezek günde ulanylýar
Elenium (hlordiazepoksid )- has netijeli trankwilizirleyji serişde . Ony ulanmak gaygy duýgusyny aýyrýar , keýpini gowulaşdyrýar, işdäni , içki agzalar tarapyndan ýakymsyz duýgulary aýyryar , bu bolsa abstinent hadysalary çalt aýyrýar we alkogola çekijiligi basýar. Serişde 0.01-0,03 gr 2-4 gezek günde bellenilýär .Abstinent hadysalary aýyrmak üçin birinji 2-4 güni bejeriş mukdary maksimal 100 mg bolmaly, irden we gündiz 3 tab ( 0,03 gr ) gijesine 4 tab. ( 0,04 gr ) . ýagdaýynyň gowulaşdygyça dozasy kem-kemden 6-10 günuň dowamynda peselýär, soň serişdäni 0,01-0,02 gr diňe gijesine berilýär .
Seduksen (diazepam ) 0,005-0,010-0,015 gr 2-3 gezek günde edil elenium ýaly .
Oksilidin – koşeşdiriji täsir bilen bilelikde aýdyň gipotenziw we spazmolitiki täsiri ýetirýär , şonuň üçin arakhorlugyň giperoniýa keseli we kelle beýni damarlarynyň aterosklerozynda has hem gorkezilendir .Bu serişde şeýle hem antidepressiw häsiýete eýe . Ulanyş mukdary 0,02-0,04 gr 2-4 gezek günde ýa-da 1-2 ml 2% ya-da 5% ergini deri astyna ýa-da muskul içine 1-2 gezek günde .
Amizil koşeşdiriji täsir bilen bilelikde merkezi holinolitiki täsir edýär . Bu serişdeler abstinensiýa ýagdaýynda wegetatiw bozulmalary aýyrýar , fobiýalary we bizar ediji hadysalary aýyryar .Seýle hem tremory peseldärler we aýyrýarlar . Amizil 0.001 gr 1-3 gezek günde ulanylýar . Trankwilizatorlar 5-7 günden 4-6 hepda çenli ulanylýar . Trankwilizatorlary ýokary dozada birden kesmek maslahat berilmeýär, olary kem-kemden azaldyp soň aýyrmaly . Neýroleptiki serisdeler ýiti zapoý ýagdaýlary aýyrmak üçin we alkogol psihozlary bejermek üçin ulanylýar . Neýroleptiki serişdeleri serhoş ýagdaýyndaky näsäglara bellemek bolmaýar . Aminazin (plegomazin ) güýçli ukuzyzlykda , gijesine psihotiki ýagdaýlaryň oňüni almak üçin bellenýär , stasionar şertlerde muskul içine inýeksiýalar 0,5-1,5 ml 2,5 % aminazin ergini +0.5-1 ml 1-2 % dimedrol ergini bilen gijesine bellemek mümkin .( şol wagtda hem 2 ml kordiamin ) goýberilýär . Aňsat ýagdaýlarda 0.025-0,075 gr aminazin , 0,05 gr dimedrol içmek üçin bellenilýär.
Abstinensiýa döwründe aýdyň depressiýa ýagdaýynda trankwilizatorlar , neýroleptikler bilen bilelikde antidepressiw ( psihoanaleptikler ) serişdeler bellenilýär : imizin (melipramin , imipramin ) 0,025-0,05 gr , 2 gezek günde , fenatin 0,05-0,1 gr 2-3 gezek günde .

UKY GETIRIJI SERIşDELER
Barbitur hatarly uky serişdeleri arakhorly näsaglara bellemeklige maslahat berilmeýär , sebäbi olara öwrenişme mümkin . Ambulator şertlerde uky srişdeleri diňe güýçli ukusyzlykda abstinensiýa däwründe , hem-de kabul edisin bozulmalarynda (illyuziya , gallyusinbasiya ) bellemek mümkin , 2-3 günden köp däl .
Fenobarbital (lyuminal ) 0,3-0,4 gr , içmezinden öň 20 ml 96% etil spirtinde eredip , 150-200 ml goşup bir gezekde içmeli . şol bir wagtda 2 ml kordiamin deri astyna ýa-da 30-40 damja kordiamin içirmeli . Garyndyny içenden soň 6-8 sag dowamlykly çuň uky emele gelýär.

DEZINTOKSIKASION SERIşDELER
Bejerşiň birinji döwründe hökman arakhorluk bilen bozulan madda çalşygyny sazlaşdyryjy serişdeleri ulanmaly : 40 % glýukoza ergini 20 ml wena içine günde ýa-da günaşa , 10-15 gezek . Glýukozany magniý sulfaty bilen goýberseň amatly . 2-8 ml 25 % magniy sulfat ergini 18-20 ml 40 % glyukoza bilen günaşa 10-15 gezek .
Alkogol intoksikasiýasynda has amatly dezintoksikasion serişde tiol serişdeleri bolup durýar, olar sulfgidril toparlaryň aktiwliligini ýokarlandyrýar . Olar bolsa beloklaryň we fermentleriň düzümine girýärler , we organizmden alkogolyň çalşygynyň zäherli önümlerini çykarmaga ýardam berýär we alkogol intoksikasiýasynda bozulan fermentatiw ulgamynyň işjeňligini dikeldýär . Tiol serişdeleri ulanmak esasynda abstinent hadysalar ýeňleşýär , alkogola çekijilik peselýär . Tiol serişdeleri stasionar we ambularor şertlerde ulanmak mümkin .
Tiosulfat natriý 30 % ergini wena içine 15-20 ml günde, 10-15 günläp . Unitiol 5 % ergini muskul içine bejerginiň ilkinji günlerinde 10-20 ml , soň 5 ml günde , 7-15 günläp abstinensiýa hadysalary aýyrmak üçin , kurs üçin 10 inýeksiýa günde we soň ýene-de 10 inýeksiýa günaşa . Tiol serişdeleri käbir näsaglarda ýürek bulanma döredýär , bu bolsa arakhorlugy bejermek şertlireflektor usulyny güýçlendirmek üçin , şeýle hem spirtli içgileriň ysyna we tagamyna ýigrenç döretmek .

WITAMINLER
Uly mukdarda witamin serişdeleri bellemek arakhorlugyň bejerlişiniň hemme döwürlerinde hokmanydyr. Esasy B-toparyň witaminleriň ýetmezçiligini dolmaly , sebäbi alkogolizmde nerw we damar elementleriniň bozulmagy ep-esli derejede witamin B1 ýetmezçiligi bilen bagly . Witamin B1 ( tiamin bromid ) 200-300 mg sutkada . şerişde parenteral 6% ergin 2-3 ml günde .
Nikotin tursusy (witamin PP ) alkogola çekijiligi basýar. Uly mukdarda nikotin turşusyny ulanmak käbir ýagdaýlarda alkogola sensibilizasiýa getirýär . şonuň üçin nikotin turşusyny uzak wagtlaýyn kurslap , arakhorlugyň bejergisinin hemme döwürlerinde , goldaw beriji döwründe hem bellenilýär .
Nikotin turşusy indiwidual mukdarda bellenýär . 0.05-0,1-0,2 nahardan öň günde 3 gezek . Bu serişdä esasan hem gipoasid gastritli näsaglar has duýgur . Göz öňünde tutmaly zat hem bu serişde ortostatiki kollapsy döredip bilýär .
C-toparyň witaminleri – askorbin turşusy 0,1-0,2-0,5 gr içmek üçin ýa-da parenteral (muskul içine we wena içine ) 1-2 ml 5 % ergin görnüşinde ulanylýar.

UMUMYBERTKIDIJI WE TONIZIRLEYJI SERIşDELER
Arakhorlugyň bejerlişiniň hemme döwürlerinde umumyberkidiji , stimulirlyji we tonizirleýji serişdeler ulanylmalydyr .
Fosfatlar toparlary : fitin 0,5 gr 3 gezek , kalsiy gliserofosfat 0,5 gr ; lesitin 0,1 gr 20-30 günläp .
Demir we myşýak şerişdeleri – 0,5 gr feramid , ferrogematogen 0,5 gr 3-4 gezek 15-25 günläp .
Glýutamin turşusy , metionin , ştrihniň -bu serişdeler asteniyada , jyns funksiýasy bozulan ýagdaýynda , garry we surnugan näsaglarda , depressiýadaky näsaglara bellenilendir . Zenshen 0,15 gr 1-2 tabletka 3 gezek günde ulanmak hökmandyr .
Biogen stimulýatorlardan çalşyk hadysalaryny stimulirlemek üçin gerek . Aloe 1 ml deri astyna 20-25 günuň dowamynda . FiBS 1 ml deri astyna . Steklowidnoe telo 1 ml .

 OKSIGENOTERAPIýA we FIZIOTERAPIýA
Oksigenoterapiya deri astyna kislorody abstinensiýa döwründe goýberýärler bu usul dezintoksikasiýa ýardam berýär , ukysyny gowulaşdyrýar , keýpini ýokarlandyrýar.
Fizioterapiýa – arakhorly näsaglaryň bejerlişinin hemme döwürlerinde ulanylyar , gijeki wannalar , kursyna 10-12 , sirkulýar dus we elektroproseduralar bellenilýär .

şERTLIREFLEKTOR TERAPIýA
Apomorfin bilen bejermek .
Apomorfin deriniN asagyna goýberilende göniden-göni gusmak merkezini gyjyndyrmagy esasynda gaýtarmak ( gusmak )doredyar . Apomorfin gidrohloridi 1 % ya-da 0,5 % ergini ; apomorfini indiwidual saýlap alýarlar . 0,1-0,2 ml 1 % ergini ýa-da 0,2-0,4 ml 0,5 % ergini . Sanjymdan öň näsaga 0,8-1,2 litr ýyly suw ýa-da çay bermek maslahat berilýär . Apomorfiniň sanjymyndan 5-10 minutdan soň näsagda ýürek bulanma , ýüregiň çalt urmagy , dem gysma , gan basyşynyň peselmegi ýüze çykýar . ýürek bulanmanyň ýüze çykmagy bilen näsaga spirtli içgini ysgatmaly , gusmak hereketleri ýüze çykanda uly bolmadyk owurtlar bilen içirmeli . şeýlelik bilen gusmak hadysasy – görüş , ys alyş we tagam gyjyndyryjylaryna ýüze çykýar . Apomorfiniň dozasy 0,4-0,5 ml (1% ergini ) çenli ýokarlandyrylyp bilner .
Apomorfinin täsirini güýçlendirmek üçin 15-20 damja 10-20 % emetin ergini , 0,51 gr sink sulfaty ýa-da 0,15-0,3 gr mis sulfaty berilip soň 1 litr ýyly suw ýa-da çaý içirmeli . 15 minutdan soň 0,2-0,3 ml 1 % apomorfin edilýär . Apomorfini deri astyna 0,4 0,9 ml 1 % ergini edilip ýüurek bulanma ýüze çykan badyna 4-5 ml 33% etil spirti +15 ml fiziologiki erginde edilýär . Bu bolsa gusmagy has hem güýçlendirýär . EMETIN we BAşGA REFLEKTOR GUSDURYJY SERIşDELER BILEN BEJERMEK .
Emetin-ipekakuana kokuniň alkoloidi bolup güýçcli reflektor gusduryjy serişde we arakhorlugyň sertlireflektor terapiýasynda ulanylyp bilner . Emetin gidrohloridi 0,02-0,075-0,1 gr kulkesi emetinden soň näsag 1-1,2 litr suwuklyk içmeli , gusmak we gaýtarmak ýüze çykandan arak ýa-da başga spirtli içgileri içirmeli . Emetin berilenden soň gusmak reaksiyasy apomorfine garanynda biraz gijräk ýüze çykyar we wegetatiw damar bozulmalary bolmaýar.

SENSIBILIZIRLEYJI TERAPIYA
öňden bäri organizmi alkogola sensibilizirleyji serişdeleri gözleýärdiler . Onuň netijesinde alkogoly ulanmak mümkin däl . Onuň ýaly häsiýeti bilen nikotin turşusy , haýwan kömri , amilnitrit , natriy nitridi käbir komelekleriň ekstraskty eýedir. ýöne olary ulananda alkogola sensibilizasiýa gysga wagtlaýyn bolýar . Bejeriş praktikasynda tetraetiltiuramidisulfid we kalsiý karbamidiniň sitrady ulanylýar .
Teturam bilen bejermek .
Teturam ( disulfiram , abstinil , antabus , antikol , antetil , tiuram) . Organizmi alkogola sensibilizirlemek hasiyetine eýe. Ol tabletkada 0,15-0,25 gr we külke görnüşinde çykarylýar . Teturam alkogolyň okislenmesini asetaldegid stadiyasynda saklaýar . Teturam 0,25-0,5 gr5 sutkada , 10-12 gun , 7-10 güni 3-5 gr serişde ulanylandan soň teturam-alkogol synaglary geçirilýär . Jemi 2-10 teturam-alkogol synaglary geçirilýär . Onuň netijesinde alkogolyň ysyna , tagamyna otrisatel reaksiýa emele gelýär .
GIPNOSUGGESTIW TERAPIYA
Arakhorlugyň bejergisinde giňden ulanylýan usullaryň biri hem gipnosuggestiw terapiýa . Bu usul diňe hakykatdan hem bejerilmek işleýän näsaglarda geçirilmelidir . Gipnosuggestiw terapiýa gipnoz ýagdaýynda ynandyrmak bolup , dine gipnoz ýagdaýynda bejerilmek isleýän näsaglara geçirilmelidir . Sebäbi näsaglar bejerginiň netijesizligini subut etmek üçin , gelýän bolmaklygy mümkin . Umumylykda alynanda gipnosuggestiw terapiýa 10-15 seansdan ybarat bolup , indiwidual we toparlayyň gipnosuggestiw terapiýa bölunýär .

Ref.iatp.edu.tm/lukmandz

5 Responses

  1. […] Iň köp okalan Tüssesiz howa tásirli boldyTürkmenistanda saglyk ýarmarkasy Dünýániń iń kámil operasiýa roborty BMG-da Çilimkeşlige garşy göreşÖýken ragynda ösgülewige üns berilmeliDeri ragyna garşy sanjymGarrylyk çagynda az uklamak howplyÖýdáki howp: allergiýaÇaga hirurgynyń üstünligiÇakyza güwüs ragyny 30 göterim azaldýar Arakhorlugyň klinikasyArakhorlugyň bejerilşi […]

  2. […] Iň köp okalan Türkmenistanda saglyk ýarmarkasy Tüssesiz howa tásirli boldyDünýániń iń kámil operasiýa roborty BMG-da Çilimkeşlige garşy göreşÖýken ragynda ösgülewige üns berilmeliDeri ragyna garşy sanjymGarrylyk çagynda az uklamak howplyÖýdáki howp: allergiýaÇaga hirurgynyń üstünligiÇakyza güwüs ragyny 30 göterim azaldýar Arakhorlugyň klinikasyArakhorlugyň bejerilşi […]

  3. Gipnoz hakynda aýdyp bilmersiňizmi. Stresi nädip aýyryp bolar. gipnozyň muňa peýdasy barmy

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: