Howa salkynlady dümewlemejek boluň!

Öte yssy günlerden soň, birden aralaşan salkyn howa özi bilen ençeme näsaglyklary bile alyp gelýär. Yssa öwrenişen ynsan bedeni howanyň birden 5-6 dereje pese düşmegi birbada uýgunlaşyp bilmeýär. Howanyň birden üýtgemegi bedende birahatlyk döredýär. Hünärmenler şeýle howada sowuklama, dümew ýaly keselleriň ýüze çykmagyny belläp, ýuka egin-eşikleri eşik gaplara salmagy maslahat berýär. Turkiýäniň Keçioren bilim we barlag hassahanasynyň ýokanç keseller şypahanasynyň hünärmeni doc. Jemil Gül salkyn howalarda ylaýta-da çagalaryň sowuklama, dümew, bokurdak agyry ýaly kesellere ýolukmak ähtimallygynyň artýandygyny belläp, “Mekdebe gidýän çagalara dümew sanjymyny etdirmek olaryň dümewleme töwekgelçiligini azaldar” diýýär. Doc.. Gül dümewlemezlik, sowuklamazlyk üçin ululara-da howanyň ýagdaýyna görä, egin-eşigini kem-kemden galňatmagy maslahat berýär. Gül hatda howa yssyrak bolan halatynda hem galyň egin-eşigi ýanyňdan goýmaly däldigini belleýär. Lukman sowadyjydan doňan ýa öte sowuk suw içmek möwsüminiň yzda galandygyny belläp, ýatylan wagty hem galyňrak ýapynjalary ýapynmagy unutmazlygy maslahat berýär.
Ref.gybat.net

2 Responses

  1. […] Howa salkynlady dümewlemejek boluň! […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: