Sitoplazma

Sitologiýa ylmynyň ösmegi bilen onuň ulanýan usullary we guralary has kämilleşdi. Öýjükleri öwrenmegiň häzirki zaman döwründe dürli usullar we gurallar ulanylýar. Olardan has giňişleýin ulanylýanlarynyň biri ýagtylyk mikroskopiýasy usulydyr. Adaty ýagylyk ulaldyjysy öýjükleri we onuň düzüm böleklerini 3000 esseden gowrak ulaltmaga mümkinçilik berýär. Bu usul seredilýän bölekleriň ýagtylygy geçirijiligine we döwüjiligine esaslanandyr. Emma adaty ýagtylyk ulaldyjysynda öýjügiň düzüm böleklerine bir wagtyň dowamynda we has anynk gözegçilik etmek mümkin däl. Şol sebäpli faza-kontrast, steroskopiýa, ultramelewşe, lýuminessent, polýarizasion, interferensiýa we elektron mikroskoplary (ulaldyjylary) oýlanyp tapyldy. Iňňän ýuka kesimleri taýýarlap bolýan ultramikrotom ýasaldy. Öýjük böleklerini dürli boýaglar bilen boýamak usuly ulanylýar.
Öýjügiň umumy gurluşy barada aýdanymda, ýokarda hem agzap geçişim ýaly, janly-jandarlaryň aglaba köpüsiniň öýjükleri iki sany düzüm böleginden – sitoplazmadan we ýadrodan ybarat.
Ähli jandarlaryň ýönekeý gurluş birligi hökmünde öýjüge ýaşaýşa mahsus bolan alamatlaryň esasylary degişlidir, ýagny olar iýmitlenýärler, dem alýarlar, köpelýärler, öz alamatlaryny indiki nesillere geçirýärler, gyjynýarlar, hereket edýärler.
Gelip çykyşynyň we gurluşynyň umumylygyna garamazdan ösümlik we haýwan öýjükleriniň arasynda käbir aýratynlyklarhem bar. Bu aýratynlyklar şu aşakdakylardyr:
1. Ösümlik öýjüginiň plazmatiki membranasynyň daşynda sellýulozadan ybarat gatlak bolýar. Oňa öýjük gabyjagy ýa-da öýjük diwary diýilýär. Öýjük gabyjagy ösümlik öýjügine berklik we çeýelik beerýär, öýjügiň durkunny saklaýar, dürli täsirlerden goraýar.
Ýönekeý jandarlaryň we haýwanlaryň köpüsiniň öýjükleriniň daşyny glikokaliks gatlagy gurşap alýar.
2. Ösümlikleriň öýjüklerinde haýwanlaryňkyda bolmadyk plastidler saklanýar. Plastidler biri-birinden reňki we ýerine ýetirýän wezipesi bilen tapawutlanýar (hloroplastlar – ýaşyl, hromoplastlar – sary-mämişi, gyzyl, leýkoplastlar – reňksiz). Olar arkaly ösümlik öýjüklerinde fotosintez, madda toplanmagy we pigmentleriň sintezi amala aşýar.
3. Wakuollar (latynça wacuus – boş) hem ösümlik öýjügine mahsus bolan düzüm bölekleridir. Olaryň daşy plazmatiki membrana meňzeş tonoplast bilen gurşalandyr.
Sitoplazma (grekçe kytos – öýjük, plazma – resmileşen) barada aýdanymyzda ol öýjügiň dury, ýarym suwuklyk halyndaky, ýagtylyk ulaldyjysynda oňat görünýän bölegidir. Onuň 75-85%-ni suw, 10-12%-ni beloklar we aminokislotalar, 4% -ni uglewodlar, 2-3%-ni ýaglar we lipidler, 1%-ni bolsa organiki organiki däl we beýleki maddalar düzýärler. Sitoplazmanyň daşy hususy barda – plazmatiki membrana bilen gurşalan, içinde bolsa sitoplazmanyň esasy maddasy – gialoplazma (grekçe gialos – aýna we plazma – resmileşen), organoidler we ýadro ýerleşýär.
Gialoplazma öýjügiň ähli organoidlerini baglanyşdyrýar we olaryň özara täsirini üpjün edýär.
Organoidler – öýjügiň hemişelik we wajyp düzüm bölekleridir. Olaryň her biri öýjükde özboluşly wezipäni ýerine ýetirýär. Öýjük organoidlerine öýjügiň membranasy, mitohondriýalar, Goljiniň toplumy, endoplazmatik tor, ribosomalar, plastidler degişli. Öýjükleriň käbir görnüşlerinde ýörite wezipäni ýerine ýetirýän organoidler hem bolýar (miofibriller, kirpikjagazlar we dürli ösüntgiler).
Ýadro – ýokarda hem belläp geçişim ýaly, öýjügiň esasy düzüm bölekleriniň biridir we organoidler bilen birlikde ol hem sitoplazmanyň gialoplazmasynyň içinde ýerleşýär.
Plazmatiki membrana (latynça membrana – gabyjak, germew) ähli öýjüklerde bolýar we öýjügiň üstüni emele getirip, sitoplazmany töwerekdäki gurşawdan çäklendirýär. Oňa başgaça plazmalemma (grekçe plazma – resmileşen we latynça lemma – miwäniň gabyjagy) hem diýilýär.
Plazmalemmannyň galyňlygy örän ýuka (40-10 nm) blsa hem ol dürli maddalaryň dykyz we çeýe gatlagyndan ybaratdyr. Ol, esasan fosfolipidlerden we lipoproteid beloklaryndan durýar. Lipid molekulalary membrananyň gurluşynyň esasyny düzýärler. Olar biri-birine ugurdaş iki gatlak bolup ýerleşýärler. Belok molekulalarynyň bir bölegi lipid gatlaklarynyň bir ýada iki tarapyndan bütewi bolmadyk gatlagy emele getirýär, käbir belok molekulalary bolsa lipid gatlagyna batyp durýarlar ýa-da onuň içined ýerleşýärler.
Haýwan öýjükleriniň membranasynyň daşynda glikoproteid tebigatly glikokaliks gatlagy emele gelýär. Ösümlik öýjüginiň membranasynyň daşynda bolsa pektin maddalaryndan ýa-da sellýulozadan ybarat öýjük gabyjagy ýa-da öýjük diwarjygy bolýar. Bulardan başga-da membranalarda we gabyjaklarda dürli hereket hem-de başga maksatlar üçin organoidler (ösüntgiler, kirpikjagazlar, guýrujaklar, gyldyrganjyklar, tikenler, tikenekler) we maddalaryň gatlaklary (dürli duzlaryň kristallary, kutin, hitin gatlaklary, mum gatlagy) emele gelip bilýär.
Plazmatiki membranananyň esasy wezipeleriniň biri öýjük bilen daşky gurşawyň arasynda madda çalşygyny amala aşyrmak we saklamakdyr. Bu wezipe membrananyň gurluşynyň we geçirijiliginiň özboluşlylygyna esaslanandyr. Membrananyň üsti tutuş bolman, onda köp sanly maýdajyk deşijekler – poralar (grekçe poros – deşik, ötelge) bar. Poralar ösümlik öýjüginiň daşky gabyjagynda (diwaranda) hem bolýarlar. Emma olaryň öýjükleri bireleşdiriji we maddalary gönümel geçiriji häsiýeti bolýar.

Ref.gybat.net

6 Responses

  1. […] köp okalan Sitoplazma Bilim we Saglyk jyns ýollary arkaly geçýän keselleriGan toparlary Adamyn dasky durkyPeşew-jyns […]

  2. çok kötü bir site

  3. Sag ol

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: