Göz almasynyň bejerilşi

Göz almasynyň çuňlugyna aralaşan şikesleriniň gaýraüzulmelerinin bejerilşi

Göz almanyň çuňlugyna aralaşan şikesler örän agyr geçip, ahyrky netijeleri köplenç, pes bolýar. şikesli gözleriniň görşi ortaça 60% ýagdaýda ýitip, körlüge getirýär , olaryň 16,5%-ni gowulandyrmaga mümkinçilik bolmaýar we 19-30%-ni göz almasynyň doly aýrylmagyna (enukleasiya) getirýär.
GCAS-in ahyrky netijeleriniň kanagatlanarsyzlygy diňe bir şikesleriň agyrlyk derejesi bilen däl-de, eýsem şikesden soňky ýagdaýlaryň we netijeleriň durnuksyzlygy bilen hem baglanyşyklydyr. GCAS-in geçişiniň çylşyrymlaşyşynyň esasy sebäpleriniň biri ýokançly başlangyçlaryň döremegi bolup, ol kabir alymlaryň maglumatlaryna görä 50%-e ýetýär. Bu ýagdaý kiçi ýaşly çagalarda has köp 35-50% duş gelýär. Endoftalmit 20-40% naşgalarda gözüň enukleasiýasyna getirýär.
şikesden sonky endoftalmitleriň adaty dermanlar bilen bejergisi oňat netije bermeýär. Derman serişdeleri bedene goýbermegiň däp bolan ýollary (yerli, gözüň nemli bardasynyň astyna, göz almasynyň aňyrsyna retrobulbar, gan-damarlaryň içine, muskulyň içine) antibiotikleriň diňe gözüň ondaky bölüminde we gan-damar gatlagynda ýygnanmagyna mümkinçilik döredýär. şunlukda, gözün aýna görnüşli bedenini (korpus witreumyn) gurluş-işleyiş aýratynlyklary sebäpli bejergi serişdäniň diňe intrawetreal goýberilişi onuň witreal boşlukda netijeli ýygnanmagyna getirdi. şonuň üçin, sonky döwürde gözüň içindäki iriňli jerhetlemelerde hirurgiki usullar, hususanda ýapyk witrektomiýa giňden ulanylyar. Biziň işimiziň maksady GCAS-in iriňli gaýraüzülmeleriniň dürli bejergi usullarynyň netijeliligini kliniki geçişiniň aýratynlyklaryny öwrenmekden ybaratdyr.Dermanly bejergi geçirilende antibiotikler (sealosporinler, aminoglikozidler), sulfanilamid serisdeler, CweB toparyn witaminleri ulanyldy. Bedeni zahersizlendiriji (detoksiki) bejergide 5% glýukoza ergini we gemodez gan-damaryna goyberildi. 17 nasagda hirurgiki usuly bilen oňki we yzky ýapyk boşluklar (kameralar) gentamisiniň gowşak ergini bilen ýuwuldy, şolardan 9-da intrawitreal akym lulejigi (drenaz) goýlup, yzky ýapyk witrektomiya geçirildi. şol drenazdan 5-7 günüň dowamynda gözüň içine antibiotik goýberildi.Sonra drenaz ýyrylyp, gözüň agyna (sklera) tikin goýuldy.

ýazan : Dr. Hallyýew Merdan

Ref.iatp.edu.tm/lukmandz

4 Responses

  1. […] Göz almasynyň bejerilşi […]

  2. […] Göz almasynyň bejerilşi […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: