Gök önümleriň saglyga peýdasy

Saçaklarymyzyň ýaraşygy gök önümler saglygymyzyň däri-dermansyz dikelmegine ýardam berýär. Olar hemmämiz üçin elýeterli.KÄDINI ýürek-damar, böwrek, bagyr kesellerinde, iýmit siňmesi kynlaşanda, gan basyşy ýokarlananda iýmek örän peýdalydyr. Mundan başga-da, onuň endamy sowadyjy suwlandyryjy, buşukdyryjy, içegäni ýumşadyjy, gyzgyny gaýtaryhy täsirleri bardyr. Ol et bilen iýlende çalt siňýär. Nohut, noýba bilen iýlende üsgülewikde haýry köp. Ini gyzdyrýanlar ony nar şerbedi, üzüm bilen iýmeli. Sowukganlylar bolsa, burç bilen kabul etmeli. Süýjibaşda, ýanykda, synlaryň biri sowuk alanda ony çigligine ýapmaly. Çigidiň düzüminde sink köp saklanýandygy sebäpli, ony bedendäki gurçuklaryň öňüni almakda ulanylýar.

KELEM – düzüminde kaliý duzunyň känligi zerarly bedendäki suwuklygy köp
çykarýar, ýürek etiniň işini kadalaşdyrýar. Ter kelemiň suwy aşgazan, oniki barmak içegedäki ýarany bitirýär. Mundan başga-da ýag ýygnanmasynyň öňüni alýar, artykmaç agramy aýyrmaga ýardam edýär. Şerbetine saçyňy ýuwsaň, goňagy aýyrmaga haýry köp. Bokurdan agyranda suwuna agzyňy çaýkamaly, göreji ýitelýär. Suwuna ýumurtganyň sarysyny goşup, ýanyga çalsaň peýdasy gaty tiz ýetýär. Aşgazan-içege ýarada onuň suwuny 200 milligram nahardan öň, 1 aýlap 3 wagtyna içmeli. Böwrek, ýürek kesellerinde milligram suwuna 1 nahar çemçe bal goşup günde 2 gezek kabul etmeli.

KÄŞIR – A witamine baý. Muny yzygiderli iýmek görejiňi gowuandyrýar.
Ganazlykda, witamin ýetmezçiliginde giňden ulanylýar. Ösüp gelýan ýaş nesil, göwreliler iýse, bedeniň kadaly boý almagyna ýardam berýär.

ŞUGUNDYR – onuň düzüminde belok, şeker, ýag,magniý, kaliý, kalsiý, demir,
askorbin turşusy saklanýar. Ol aşgazan we içege suwuklygynyň çykyşyny
kadalaşdyrýar. Ony ýürek-damar sökelliklerinde, gan basyşy ýokarlananda,
zenan maşgalanyň kesellerinde iýmek nepli. Onuň gyzyly howply çişde olaryň
öýjükleriniň ösmeginiň öňüni alýar.

INJIR – gan lagtalanmagynda juda peýadaly. Ýapragyny, miwesini siňňile, çaga tegmillerine ýapsaň haýry köp. Süýjikeselip, çişleriň emi. Guradylanyny bagyr, dalak çişinde iýmeli däl. Kakadylanyny süýde garyp içseň, gökbogmany ýok edýär. Miwesi ýürek-damar kesellerinde ähmiýetli.

Mekgejöwen – düzüminde efir ýagy, witaminleriň B topary, K, E, C köp. Onuň
gulpagy, dänesi gany duruzýar. Gaýnatmasy bagyr, öt kesellerinde, içgeçmede, böwrekde daş emele gelende peýdaly.

Ref.gybat.net

One Response

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: