Yaş Türkmen alymyn rak keseli makalasy

ABŞ-niň abraýly uniwersitetlerinden Texas Southwestern Medical Center-iň Öýjük Biologiýasy bölüminde doktoranturasyna dowam edýän Kakajan Kömürowyň bu makalasy bu babatda meşhur Nature Publishing Group’a degisli Molecular Systems Biology jurnalinda çap edildi.

Ynha, Kömürowyň makalasynyn gysgaça mazmuny: Bu iş statistiki we kompýuter metodlary arkali öýjük sistemasynyň gurluşynyň esasy häsiyetleriniň üstüni açýar. Şeylelik bilen, bu analiz biologiki sistemalaryň dinamiki gurluşyny öwrenmek babatynda uly goşant goşýan möhüm iş bolup durýar.Her janly organizmanyň ýaşaýşy onuň genleriniň özara işleşmegi ya-da aragatnaşygy bilen dowam edýär. Biziň tenimizdäki her bir öýjügiň ýaşaýyşy, öz ömründäki edýän funksiýalary, daşky gurşawyň üýtgemegine garşy berýän reaksiýasy we şuňa meňzeş butin prosesler öýjügiň içinde öňünden gurnalan “gen programmalary” (genetic program ya-da transcriptional program) arkaly bolýar. Bu gen programmalary belli wagtlarda aktiw bolup öýjügiň şol wagtlardaky häsiýetini kesgitleýär. Meselem elimiz ýiti bir zat bilen kesilen wagty, yokarky deridäki (epidermisdaki) öýjüklerde “ýarany gowylaşdyryş” (wound healing) programmasy aktiw bolýar we öýjügiň hasiyetini bütinleýin diýen ýaly üýtgedýär. Bu öýjükler adaty ýagdaýlarda hereketsiz bolýarlar, we kän köpelmeýär. Emma “ýarany gowylaşdyryş” programmasy başladylan wagty bu öýjükler duran ýerinden hereket edip ýaranyň ýüzüni ýapýarlar, şeýlelik bilen köpelip başlaýarlar. Şeylelik bilen gysga wagtyň içinde ýara oňatlaşýar, we “ýarany gowylaşdyryş” programmasy hem öz-özünden gutarýar we öýjükler öňki durmuşyna dowam edýär. Öýjügiň içindäki esasy işleri amala asyrýan gigant molekulalara “protein” diyilýär. Bu proteinler dürli-dürli bolup (adam öýjüginde 100 müňden gowrak görnüşi bar), her biri öýjügiň içindäki belli bir prosesi ýerine ýetirmäge ýöriteleşdirilen bolýar. Bu proteinler ýeke özi işlemeýär, bular öz-ara gatnaşyp bilelikde işleýärler we proteinleriň özara gatnaşyk toruna-da “protein network” diyilýär. Bu proteinler öýjügiň içindäki genlerdäki kodlaryň üsti bilen emele gelýär. Şeýlelik bilen, gen programmalary aslynda öyjügiň içindäki proteinleriň özara baglanyşygyny we aragatnaşygyny kesgitläp, ýagny protein networkyň strukturasyny kesgitläp, öýjügiň häsiýetini şeýdip üýtgedýärler. Eger-de gen programmalarina öyjügiň “häsiýet kody” diýilse, onda proteinlere hem öýjügi işledýän “apparaturasy” diýip bolar. Muny kompýuterdäki “software” we “hardware” bilen deňeşdirip bolar. Gen programmalary bilen protein network arasyndaky gatnaşyk öyjügiň häsiýetini kesgitleýän esasy faktorlar. Emma, bularyň özara işleýşiniň we gatnaşygynyň, ýa-da bu gatnasygyň öyjügiň häsiýetini nädip kesgitleýändigi häzirlikçe ylma nämälim. Öyjügin hasiýetini kesgitleýiji faktorlary bilmek hem esasy biologiýa hem de biomedisina tarapyndan örän ähmiýetli. Sebäbi adamdaky iň esasy keseller öyjügiň häsiýetiniň üýtgemegi bilen bolýar. Meselem, rak keseliniň iň esasy tarapy rak öyjüginiň häsiyetiniň bütinleýin üýtgemegidir. Adaty adam öyjükleri organizmadan “buýruk” bolmasa öz-özünden köpelmeýär. Emma rak öýjügi organizmaden gelýän “buýruklary” diňlemeýär we öz-özünden köpelip, ýaýrap we gan aýlanşygyna girip başlaýar. Soňra bolsa başga organlara ýerleşip ol organlaryň funksiýasyny bozýar we netijede organizmanyň ölümine sebäp bolup bilýär. Rak öyjüginiň häsiýetini kesgitleýji gen programmalary köpden bäri öwrenilip ýör we şu wagt umumylaýyn alanymyzda bu tema barha has hem anyklaşýar. Emma gynansak-da gen programmalarynyň protein networkünde nähili işler edýändigini we rak öyjüginiň häsiýetini kesgitleýän protein networkdäki faktorlar belli däl. Bulary bilmän rak öýjügine garşy “akylly” derman tapmak mumkin däl. Bu temada ýokary hilli iş az boldy we öyjük sistemasny öwrenýän “Systems Biology” sferasynda bu temada gaty uly çylşyrymlylyk we näbellilikler bar. Ine şu näbellilikleri azaltmak maksady bilen, men kompýuter simuliýasiýalary we statistiki metodlar arkaly gen programmalarynyň protein networklerindäki täsirini we seylelik bilen hem öyjügiň häsiyetiniň nädip üýtgeýändiginiň üstüni açmak isledim. Bu işde, öz döreden ýönekeýje statistiki metodlarym arkaly, protein networkdäki proteinleriň öýjügiň häsiýetini kesgitlemede umumylaýyn iki synpa bölünýändigini tapdym. Birinji synp (olara “dinamiki modullar” adyny berdim) öyjügiň diňe belli wagtlarda ýüze cykyp öyjügiň “ýörite” situasiýalarda rol oynaýandgyny, beýleki synpyň (”statiki modullar” adyny berdim) bolsa öyjügiň içinde hemişe aktiwdigini, emma bularyň aktiwliginiň derejesiniň öýjükden öyjüge uly tapawutlar gorkezýändigini gördüm. Bu statiki modullaryň öyjükleriň “hususy” häsiýetini kesgitleýändigini görkezýär. Bu synpyň başga bir gyzykly tarapy hem olaryň içinde “phenotypic enhancer” diýilýän rak keselinde “keseli guýçlendiriji” genleriň köp bolmagydyr. Bu iş öz sferasynda protein network bilen gen programmalarynyň aragatnasygyny anyklasdyrýan sanly makalalaryň biri bolup durýar. Şu wagt bu programmalaryň üstünde has anyk we giňişleýin iş alyp barýan, we bu indiki işim bilen bu temadaky näbellilikleri we çylşyrymlylygy köpçülikleýin azaldaryn diýen umydym bar.

Kakajan Kömürow

Texas Uniwersiteti Southwestern Medical Center Öýjük Biologiýasy Doktorantura talyby

komurov@hotmail.com

http://www.nature.com/msb/journal/v3/n1/full/msb4100149.html

Ref.turkmenpress.com

2 Responses

  1. […] Yaş Türkmen alymyn rak keseli makalasy […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: