Inçekesel kafedrasynda okuw merkezi

ABŞ-niň “HOUP” taslamasynyň we ÝUSAID-iň goldaw bermekliginde, Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň Inçekesel kafedrasynda okuw merkezi açyldy. Bu okuw merkezi “DOTS” strategiýasy (saglygy goraýyş işgärleriniň göniden-göni gözegçiligi astynda gysga tapgyrlar boýunça inçekeselli näsaglary bejermek) esasynda Türkmenistanyň Milli inçekesele garşy göreşmek maksatnamasyny amala aşyrmak üçin lukmanlary taýýarlamaga goldaw berýär.
“HOUP” taslamasy, ÝUSAID-iň ýardam bermekliginde okuw merkezi üçin kompýuter enjamlaryny, mebel, sowadyjy kondisionerleri we okuw esbaplaryny satyn alyp berdi. Okuw maksnamalaryndan başga-da, bu merkez maslahatlary, çykyşlary, mowzuklar boýunça iş toparlarynyň duşuşyklaryny we beýleki çäreleri geçirmek üçin ulanylar. Türkmenistanyň Hökumeti inçekesele gözegçiligi wajyp ugurlaryň biri hasaplap, 2009-njy ýyla çenli “DOTS” strategiýasyny bütin ýurt boýunça amala aşyrmagy talap etdi. “HOUP” taslamasy we ÝUSAID Türkmenistanyň Saglyk we derman senagaty ministrligine Aşgabat, Mary, Balkanabat şäherlerinde we Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda tehniki kömegini berýär.
Ref.turkmenpress.com

4 Responses

  1. […] . Inçekesel kafedrasynda okuw merkezi […]

  2. […] Inçekesel kafedrasynda okuw merkezi […]

  3. […] Inçekesel kafedrasynda okuw merkezi […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: