Ilkinji medisina kömegi

Dr. Aman Babayew

Ilkinji medisina kömegi (ilkinji kömek) – betbagtçylykly hadysalarda we ýiti ýüze çykan kesellerde adamyň durmuşyny halas etmek we çylşyrymlaşmalaryň öňüni almaga gönükdirilýän, hadysa bolan ýerde heläkçilige uçranyň özi (özüňe kömek etmek) ýa-da ýakynyndaky adamlar (biri-biriňe kömek) tarapyndan amala aşyrylýan gyssagly ýönekeý çäreleriň toplumydyr.

Ilkinji kömek – döwük-ýenjikleri we dürli ýiti keselleri bejermegiň ähmiýetli bölegidir. Onuň ähmiýeti adamlaryň durmuşa we işe çalt dolanmagyna täsir edýänligindedir.

Ilatyň ilkinji kömegi bermek baradaky biliminiň bardygyna seretmezden, ilkinji kömek berilýän hakyky şertlerde onuň ýerine ýetirilişi mundan hem gowy bolsady diýip arzuw etdirýär. Ilkinji kömegiň beriliş usullary barada köplenç ýatdan çykarýarlar ýa-da kömegiň deregine zyýan getirýän köne usullary ulanýarlar.

Her bir adam öz mümkinçiligine baglylykda ilkinji kömegi bermegi başarmalydyr.

Ilkinji medisina kömegini bermegiň umumy düzgünleri.

Betbagtçylykly hadysa – daşarky güýçleriň täsiri netijesinde adamyň agzalarynyň zaýalanmagy ýa-da onuň işjeňliginiň bozulmagy. Beýiklikden gaçmak köplenç süňkleriň döwülmegi bilen, güýçli urgy ýa-da emelsiz bökmekde çykyklar ýa-da peýleriň dartylmagy bilen, ýiti abzallaryň kesmegi güýçli gan akmalar bilen bolup geçmegi mümkin. Şonuň ýalyda daşarky ýaramaz täsiri ediji güýçleriň zeper ýetirmelerine ýanyklar, doňmak, gün ýa-da yssy urgysy arkaly gyzmagy, elektrik togynyň zeper ýetirmegi, gark bolmak, himiki we derman serişdeleri bilen zäherlenmek, haýwanlaryň dişlemegi we ş.m. degişlidir.

Ýiti ýüze çykýan kesellere sebäbi boýunça dürli-dürli bolup, häsiýeti boýunça bir sany birmeňzeşlik bolan – sagdyn adamda birden ýiti başlanmagy bilen häsiýetlendirilýär. Muňa garyn boşlugynyň agzalarynyň keselleri – aşgazanyň baş keseliniň deşilen görnüşi, ýiti appendisit, ýiti içege geçirmezligi we beýlekiler degişlidir. Bu ýere ýiti ýokanç keselleriniň uly topary degişlidir.

Ýiti ýüze çykýan kesellere könelişen keselleriň ýitileşmegi hem deň bolup durýar. Bulara ýüregiň könelişen işemiýa keselli (stenokardiýa) adamlarda ýüregiň ýiti infarkt keseliniň, uzak wagtlap aşgazan we on iki barmak içegesinde baş keseli bolanlarda aşgazan gan akmasynyň, bronhial demgysmalyda demgysma tutgaýynyň ýüze çykmasy we şuňa meňzeşler (ş.m.) mysal bolup biler.

Ilkinji medisina kömegi berlende ozaly bilen:

Daşarky zeper ýetiriji güýçleriň (agyrlyklaryň, elektrik togynyň, beýik ýada pes gyzgynlygyň, zäherli gazlaryň we ş.m.) täsiriniň öňüni almaly ýa-da heläkçilige uçrany onuň durmuşyna haýbat atýan amatsyz şertlerden alyp çykmaly.Heläkçilige duçar bolana artykmaç agry döretmezlik we zeper ýetmegiň agyrlygyny azaltmak üçin muny örän seresap amala aşyrmaly.

Heläkçilige duçar bolanyň durmuşyna ýa-da saglygyna täsir edýän howpy ýok etmeli. Dem almaga we ýüregiň işjeňligini dikeldýän çäreleri geçirmeli. Munuň bilen bir wagtyň özünde gan togtadylýar, zähere garşy serişdeler berilýär.

Mümkin bolan çylşyrymlaşmalaryň öňüni almaly. Ýaralary daňmaly, aýagy-eli baglamaly (berkitmeli), hassa (heläkçilige uçrana) agryny aýyrýan serişdeleri, içmäge suw bermeli we beýlekiler.

Lukman gelýänçä ýa-da bejeriş edarasyna barýança hassanyň ýa-da heläkçilige duçar bolanyň esasy durmuş işjeňliklerini saklamaly.

Ref.saglyk.org

3 Responses

  1. […] Ilkinji medisina kömegi […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: