Adam bedeni barada esasy maglumatlar

Zeper ýetmeleriň häsiýetini, agyrlygyny we çylşyrymlaşmalaryny dogry kesgitlemek we netijeli ilkinji medisina üçin adam bedeniniň gurluşyna, onuň agzalarynyň ýerleşişine we işjeňligine düşünmelidir. (1-nji surat).

Her bir agzanyň gurluş birligi öýjükden ybaratdyr. Öýjükleriň gurluşynda we işjeňliginde köp sany birmeňzeşlikler bar. Şol bir wagtyň özünde öýjüklerde özüne mahsus bolan aýratynlyklary bolup, ol bolsa olaryň bedendäki ýerini we ornyny kesgitleýändir.Gurluşy we işjeňligi boýunça birmeňzeş öýjükleriň toplumyna dokuma diýilýär. Dokumalaryň düzümine ýörite öýjüklerden başgada öýjükara maddasy hem degişli bolup durýar.

Epitelial (örtüji), birleşdiriji, et we nerw dokumalary bardyr.Epitelial (örtüji) dokuma gorag işjeňligini amala aşyrýar we beden bilen daşky gurşawyň arasynda iýmit çalşygynda gatnaşýar. Bu dokuma deriniň ýokarky gatlaklaryny we nemli bardalaryny (agyz boşlugy, aşgazan, içege, peşew çykaryş-jyns agzalary we beýlekiler) düzýär.

Birleşdiriji dokuma öýjüklerden we öýjükara maddasyndan durýar. Ol dürli agzalary we dokumalary öz aralarynda “ýelmeşdirýär”, “birleşdirýär”. Birleşdiriji dokuma şeýlede kitirdewük we süňk dokumalary hem degişlidir.

Et dokumasy – bedeniň ähli eti, şol sanda ýüregiň hem eti ondan düzülendir. Et dokumasy adamyň agzalarynyň köpüsinde – gan damarlarynda, aşgazan-içege toplumynda we beýlekilerde bolýar.Nerw dokumasy örän ýokary ýöriteleşendir. Ol gyjyndyrmany kabul etmäge, nerw impulslaryny döretmäge we geçirmäge ukyplydyr. Kelle beýni, merkezi we periferiki nerw ulgamy nerw dokumasyndan düzülendir.

Öz gurluşy boýunça dürli bolan dokumalar agzalara birigendir. Işjeňligi biri-biri bilen bagly bolan agzalar bilelikde ulgamlary emele getirýärler. Adam bedeninde şu aşakdaky ulgamlar bardyr: et-süňk, ýürek-gan dammar, dem alyş, iýmit siňdiriş, peşew çykaryş-jyns, nerw, duýuş agzalary we beýlekiler.

Ref.saglyk.org

3 Responses

  1. […] Adam bedeni barada esasy maglumatlar […]

  2. […] Adam bedeni barada esasy maglumatlar […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: