UJYPSYZ ÝARALAR

Ujypsyz ýaralardaky nyşanlar we alamatlar:
Inçejik gan damarlaryndan akanynda gan ýarajyklardan edil syzýan ýaly bolýar.
Gan pes basyş bilen akyp çykýar.
Inçejik gan damarlaryndan gan gyzyl gan damaryndan çykan ýaly açyk reňkli däl.
Ganyň goýulmagy derrew bolup geçýär.
UJYPSYZ ÝARALARDA ILKINJI KÖMEK:
Ýarany zyýansyzlandyrylan serişdeli ergin ýa-da sabynly suw bilen ýuwyň.
Hapalanan ýaralary arassalamak üçin arassa desmaly ýa-da zyýansyzlandyrylan hasany ulanyp: mydama ýaranyň ortasyndan
gyrasyna tarap hereket edip başlaň.Ýara her indiki täze täsir etmeklikde desmaly çalyşyň.
Daňy daňyň.
Lukmanyň kömegi diňe haçan-da ýaranyň azyp,ganyň hapalanmagyna alyp barjak howpy bolanynda gerek.
Ýarany ýuwmak üçin spirt ulanmaň.
Içki gan akmanyň nyşanlary we alamatlary
Içki gan akmany anyklamaklyk daşky gan akmany anyklamakdan has kyn,sebäbi onuň nyşanlary we alamatlary beýle aýdyn bildirmeýärler we birnäçe wagt geçeninden soň ýüze çykyp bilerler
Deriniň we şikesiň töwereginiň gögermegi (gögerme emele gelmegi)
Ýumşak şikes agyryly,çişen ýa-da el bilen barlanylanynda gaty.
Mysal üçin,garyn boşlugyna içki gan akmada “gaty”garyn.
Ejir çekenin tolgunma ýa-da biýnjalyklyk duýmagy.
Ýygylyşan gowşak puls, ýygy-ýygydan dem alma.
Solgun,ellenilip görleninde sowuk ýa-da çygly deri.
Ganyp bolmaýan teşneligi duýmaklyk.
Husuň derejesiniň peselmegi.
Bedeniň tebigy deşiklerinden (agyz,burun,gulak we ş.m )gan akmagy.
Içki gan akmada ilkinji kömek.

“03-e” jaň edip derrew tiz kömegi çagyryň.
Islendik ýagdaýda ilkinji kömegi bermekligiň esasy kadalary boýunça hereket ediň.
Ilkinji kömegi şokdaky ýa-da onuň ösmeginiň oňuni almakdaky ýaly beriň.
Sowuk melhem agyryny ýenilleşdiryär we çişi aýrýar.Buz ulananyňyzda
ony şikeslenen ýerine goymazyňyzdan oň hasa,polotensä ýa-da mata dolaň.
Sowuklygy her bir sagatdan 15 minutlap goýuň.
Içki şikeslenmäni ýeňilkellelik bilen “ýönekeý gögerme”diýip kabul etmek bolmaz.Ejir çekeni seredip görüň,onuň içki agzalarynyň düýpli şikesiň ýokdugyny kesgitlemäge çalyşyň.

Ref.iatp.edu.tm/ilkinjikomek

4 Responses

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: