Türkmenistanda AIW/AIDS-iň öňüni almaga halkara guramalar goldaw berýär

Türkmenistanda AIW/AIDS-iň öňüni almaga halkara guramalar goldaw berýär

Paýtagt Aşgabatda AIW weAIDS öňüni almak barada maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň Saglyk we derman senagat ministrliginiň wekilleri, şeýle hem jemgyýetçilik we halkara guramalaryň wekilleri duşuşyk geçirdiler. Bu duşuşyk ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça gullugy arkaly Birleşen Ştatlarynyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilen “KAPASITI” taslamasynyň tehniki taýdan goldaw bermeginde Türkmenistanyň Saglyk ministrligi tarapyndan gurnaldy.

Duşuşyk gatnaşyjylara “KAPASITI” taslamasynyň garalama görnüşindäki iş meýilnamasyny ara alyp maslahat etmäge mümkinçilik berdi. Bu meýilnama WIÇ-infeksiýasynyň ýokuşmak howpynyň öňüni almak boýunça işleýän hyzmatdaşlar tarapyndan bilelikde düzülipdi. Bu iş meýilnamasy jemgyýetiň AIW/AIDS baradaky habardarlyk derejesini ýokarlandyrmak ugrunda bileleşip geçirilýän çäreleri geçirmekde, hususanda, ýetginjekleriň arasynda jyns baradaky bilim meselelerinde, degişli milli maksatnamalary we ugurlary işläp düzmekde, şeýle hem milli we halkara hünärmenleriň gatnaşmagynda okuwlary geçirmekde giň mümkinçiliklere ýol açýar. “KAPASITI” taslamasy arkaly Türkmenistanyň Saglyk ministriligi, Milli AIDS-e garşy göreş merkezi, ýaşlar we zenanlar guramalary bilen, şeýle hem DSG-Dünýä saglyk guramasy, BMG-niň AIDS boýunça edarasy, BMG-niň ösüş maksatnamasy, BMG-niň neşe serişdeleri ulanmagy gözegçilik edarasy, ÝUNISEF, we “Serhetsiz lukmanlar” guramasy ýaly halkara guramalary bilen içgiň hyzmatdaşlyk etmek arkaly taslama boýunça çäreleri amala aşyrmaklyk göz öňüne tutulýar.

Tegelek stoluň daşynda geçiren çykyşynda, “KAPASITI” taslamasynyň sebitleýin müdiri Lew Hodakewiç habar beriş serişdeleriň gatnaşmagyndaky hökümet, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň arasyndaky ýokarlandyrylan utgaşdyrma milli saglyk ulgamyny güýçlendirýär diýip aýratyn nygtady.

Çeşme:http://turkmen.ashgabat.usembassy.gov/

3 Responses

  1. […] Türkmenistanda AIW/AIDS-iň öňüni almaga halkara guramalar goldaw berýär […]

  2. […] Türkmenistanda AIW/AIDS-iň öňüni almaga halkara guramalar goldaw berýär […]

  3. […] Türkmenistanda AIW/AIDS-iň öňüni almaga halkara guramalar… […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: