Adamyn dasky durky

Adamyn dasky durky, kaddy hakynda dusunje.
Adamyn kaddynyn nasazlygy

Bu tema oran aktual mesela – adamyn kaddynyn owadanlygyna bagyslanan. Hemme adamlar oz kaddynyn, gowresinin owadan bolmagyny isleyar. Hali-hazire cenli antik, gadymy skulpturalaryn (heykellerin) owadanlygy adamlary hayran galdyryar. Sonky dowurlerde bizdede owadanlyk konkurslaryny gecirmek adat bolup galdy.
Esasy mesela gecmezden on kabir kesgitlemeleri, terminleri ozlesdirelin.
Kifoz-diyen termin onurganyn arka tarapa egrelmegini anladyar. Ol dos onurgasyna mahsusdyr.
Lordoz-onurganyn one egrelmegini anladyar. Ol adamyn boyun hem-de bil onurgasyna mahsusdyr.
Seylelik bilen, adamyn onurgasy tayak yaly gos-goni dal-de, onun fiziologiki egrilikleri bardyr. Yogsam, onurgany onurga sutuni hem diyip atlandyryarlar. Sol egrilikler oz bolmalysyndan uly ya-da kici bolup bilyarler. Ol hem adamyn kaddynyn, durkynyn, osankasynyn bozulmagyna getiryar.
Hemme adamlaryn ozbolusly, ozune mahsus bolan durky, kaddy, osankasy bolyar. Sonun ucin tanys adamlaryny dasdan, entek onun yuz kesbi saygartmasa-da, tanap bolyar. Diymek adamyn kaddy, durky, osanikasy diyip, adamyn gowresinin dasky gornusine, suratyna dusunmek bolyar. Adamyn durky, osankasy, esasan, onurga sutuninin yagdayyna bagly. Galyberse-de, el-ayagyn uzynlygyna, endamyn proporsionallygyna bagly bolyar. Adamyn osankasy, durky bir gunin ozunde-de uytgap bilyar- irden gowy, agsam ara, adam yadasa osankada (durky) erbetlesip bilyar.
Adamyn dasky durkuna, osanikasyna seredip, hatda adamyn hasiyetini kesgitlemek bolyar. Utanjan, yygra adamlarda dos onurganyn kifozy ulyrak bolyar.
Adamyn dasky durkyna, kaddyna seredip, onun karini hem bilse bolyar: boksiyorlar hemise egilip goranany ucin olar kukirak bolyar.
Yene-de kabir yetginjek gyzlar, yany gowsi gabaryp ugranda cekinjen bolyarlar, oz dosuni (gowsuni) bir neme gizlejek bolup, eginlerini one itekleyarler, sonda hem olaryn yagyrnysy kukurak bolyar- dos onurgasynyn kifozy artyar.
Umuman, cagalaryn yetginjeklik dowri hem-de ilkinji mekdebe gatnap baslan yyly adamyn dasky dukynyn, osankasynyn erbetlesayjek wagty. Sol wagtlar ene-atalar, masgala lukmanlary gaty hazir bolmalydyrlar.
Adamyn kaddy-kamaty hakynda turkmen eserlerinde hem kop yatlanylyar. Kopiniz “Yusup-Zuleyha” diyilyan dessan bilen tanys bolsanyz gerek. Sol dessanda Yusubyn owadanlygy taryplanyar. Sonda Yusubyn kakasy Yakup Yusuby awa goybermejek bolup seyle diyyar:
“- Yakubyn ne gecer haly-ahwaly,
Gormese Yusupnyn kaddy-nahaly”.
Zuleyhanyn aydany:
“- Ol serwi-kaddyn jany,
Yandyrdy Zuleyhany”.
Umuman, dessanlarda adamyn kaddyny, owadanlygy serwi agajyna denapdirler. Ol agac syrdan, owadan bolyar.
Yene-de:
“- Elip kaddym yay boldy”.
Elip arapca dik gonu I cyzyk bolyar, yay bolsa egri.
Adamyn durky, kaddy, sekili, osankasy kop zatlara bagly bolyar. Ol adamyn oz omrunin dowamynda, hat-da bir gunun ozunde-de uytgap bilyar. Adamyn kaddynyn, osankasynyn belli bir sekile gelmegini adamyn endamynyn anatomiyasy we fiziologiyasy, onun nerw sistemasy, ene-atasyndan alan genlerinin jemi, filogenez (gornusin we olyusiyasy), ontogenez (bir osobyn dogulanyndan olyanca gecen osus yoly) uly tasir edyar.

Anatomiki sebapler
Dasky sekilin, kaddyn, osankanyn esasyny onurga, onurga sutuni we onun catalba bilen birikmesi duzyar. Bir wagtlar ahli yer yuzundaki jandarlary dine iki topara-onurgalylyr we onurgasyzlar diyip bolupdirler. Yadynyza dusyan bolsa, onurga sutuni 24 onurgadan: 7 sany boyun, 12-dos, 5-bil onurgadan duryar. Beyleki 5 sany canaklygyn denindaki krestsowyy, hem-de 5 sany turre onurgalary sekile uly tasir etmeyarler, sebabi olar bir dursuna duryarlar (gymyldamayarlar). 24 onurga bilsa biri-biri bilen ketirdowugin (kekirdowugin) we sinirlerin (swyazkalaryn) komegi bilen mayysgak birlesendirler. Onurga sutunine 300-den gowurak mysyssalar tasir edyarler. Seylelikde, 24 onurganyn her birinin, olaryn arasyndaky baglayjy ketirdowugin (kekirdowugin), sinirlerin (swyazkalaryn) ya-da myssalaryn haysy birinde kemcilik bolsa hem, adamyn kaddynyn, kamatynyn uytgemegine getiryar.

Filogenetik sebapler
(Filogenez gornusin ewolyusiyasy)
Adama oz ata-babalaryndan tapawutlylykda dik durup yoremeklik mahsus. Adamyn dik yagdaya gecmegi onun iki elinin dayanc organlygyndan zahmet we goranmak guralyna owrulmegine getiryar. Seyle-de bolsa, adamyn endamynyn kabir yerleri entegem 4 ayakly haywanlarynka gabat gelyar. Mysal ucin, gapyrgalaryn arasyndan gecyan wenalar haywanlarda wertikal (dik) yagdayda yerlesyarler, sonun ucin hem, olaryn klapanlary bolyar. Sol klapanlar adamda-da bar, yogsa adamda sol wenalar gorizontal (kese) yagdayda yerlesen, klapanlar gerek hem dal. Onurganyn onunden gecyan uly wena haywanlarda gorizontal (kese) yagdayda duryar. Sonun ucin hem klapany yok. Sol klapan adamda-da yok, yogsa ol dik, wertikal yagdayda yerlesyar. Bu bolsa gan aylansyga zyyan yetiryar (gemerroy, warikosele, ayakdaky wenalary ginelmegi-warikoz). Haywanlaryn dem almasy ansat bolup gecyar, onun ucin gapyrgalaryn arasyndaky myssalaryn sahelcejik islemegi yeterlik. Adamda bolsa, gapyrgalary gorizontal yagdaydan galdyrmak we dem almak ucin myssalaryn uly is etmegi gerek bolyar. Yone sol sebapli adamda pnewmoniya (oyken cisli sowuklama) keseli kop dus gelyar. Haywanlarda bolsa ol seyrek dus gelyar. Haywanlarda gorizontal yerlesen onurga sutunine berkidilen icki organlar biri-birine zyyan etman sallanysyp duryarlar. Adamda bolsa, sol organlar biri-birinin ustunde durup, agram salyarlar we asaklygyna suysmegi hem mumkin. Has hem ince uzyn adamlarda asgazanyn, bowregin asak suysmegi mumkin we sol organlaryn nasaz islemegine getiryar. Ewolyusiyanyn netijesinde entek adamyn canaklygy doly dikelip bilmandir, ol erkek adamlarda 310 ayallarda 280 gysyk duryar. Sonun ucin hem bil onurgada lordoz emele gelyar. Ol bolsa canaklyk sunkunin icine abanyp duran promontoriumy emele getiryar. Ol bolsa, oz gezeginde ayallarda caganyn dunya inmegine uly kyncylyk doredyar. Haywanlarda cagasynyn bolanyny ertirden son bilip galyarsyn, ayallarda bolsa, caganyn ya-da enesinin helak bolmazlygy ucin yorute caga dogurulyan oyler bolyar. Olar-da bir nace akuserler, lukmanlar gije-gundiz hazir bolup duryarlar. Sonda-da helak bolyan caga ya-da enesi bolyar. Sebabi caga dogulanda sol promontoryunyn deninden gecende bir nace akrobatik owrumler etmeli bolyar. Ony siz akuserstwodan ginisleyin gecensiniz.
Haywanlaryn kellesi onurganyn ujyndan sallanyp duryar, sonun ucin hem, kellanin onurga birikyan yeri yzda yerlesyar. Adamda onurganyn birlesyan yeri kellecanagyn onuragine suysipdir, emma entek ortasyna yetmandir, sonun ucin hem kelle hemise one yykyljak bolup duryar, ony saklamak ucin mysyssalar hemise komek beryarler, hem-de boyunda lordoz emele gelyar.
Haywanlarda on ayaklary dayanc organy bolup hyzmat edyar. Adamda bolsa, olar yuk bolup duryar we dem almaga uly zyyan beryar.

Ontogenetiki sebapler
Ontogenez bir adamyn (osobyn) oz omrunde gecyan osus yoly. Ontogenez filogenezin gysgajyk osus taryhyny gaytalamakdyr diyilyar. Caga enesinin icindeka onurga tutuslayyn kifoz gornusundedir. Taze bolan cagada onurga gonulenyar. Emma 2-3 aydan boyun myssalaryna guyc gelip baslandan, boyun onurgada lordoz emele gelyar. Hacanda caga oturup baslanda dos hem bil onurgada tutuslugyna kifoz emele gelyar. Caga ilkinji adimleri atlande hem su yagday saklanyp galyar. Caga gowy yorap ugranda, bil onurgada lordoz emele gelyar. Caga ilki yorap baslanda seyle sekili, osanikasy, durky bolyar: boynunda mese-malim bildirip duran lordoz, yagyrnysynda cala bildirip baslan kifoz, ep-esli cykyp duran garynjygy, bilinde yany bildirip baslan lordoz, cucik we dyz bogunlarynda ayaklary calaja epilip duryar. Mekdebe gidip baslanda caganyn garny kicelip ugrayar, bilindaki lordoz ulalyar. Yetginjeklik dowurunde, caga yetisip ugranda, gormonlaryn tasiri bilen bedenin gurlusynda, adamyn psihikasynda uly uytgesikler bolup gecyar we sonda her bir adama mahsus bolan dasky sekil, durk, osanika emele gelyar. Bu prosess 20 (gyzlarda)-25 (oglanlarda) yasa cenli dowam edyar. Adamyn durkunyn bozulmagy caganyn ayratyn calt osyan wagtlary bolup gecyar, esasan hem yetginjeklik dowurunde.

Dasky sekile tasir edyan faktorlar
1. Caganyn gowsak, myllyk, az hereketde bolmagy, ya-da bet, ayratyn kop hereketde bolmagy.
2. Yaramaz iymitlenmek, kop kesellemek.
3. Ene-atasynyn sekili (astenik, giperistenik, normastenik).
4. Gownacyk, sadyyan hasiyetli cagalaryn sekili gowy bolyar, gowni cokgun, keypi yok cagalaryn sekili, kaddy gowy bolmayar.
5. Isde ya-da okuwda uzak wagtlap belli bir pozada oturmak ya-da durmak hem zyyanly (is aralygyndaky arakesme).
35 yasdan son yenede adamyn garny salparyp baslayar. Garry adamlarda yagyrnysyndaky kifoz ulalyp baslayar, onurgalaryn beyikligi peselyar. Sonun ucin garry adamlar gysgalan yaly bolayyar.

Gorward usuly boyunca dasky sekilin,
durkyn, osanikanyn gornusleri
A-has gowy, in gowy sekil: kelle, boyun dos kapasasyna, butlara, dabanlara gora goni yerlesyarler. Dos kapasasy silindr gornusde. Garyn yasy, icine cekilip duran, lordoz hem kifoz cala bildirip duryar. Canaklyk, catalwa sunkleri erkek adamlarda 310 ayallarda 280 egilip duryar.
B-gowy sekil: kelle calaja one cykyp duryar. Dos kapasasy azajyk yasyrak, garyn yasy, emma gaty icini cekilip duranok. Kifoz, lordozlar oz durkuragynda.
C-gelisiksiz sekil: kelle dos kapasasyndan one cykyp dur. Dos kapasasy yasy, garyn salparyp dur. Kifoz hem lordozlar oz gereginden uly.
D-has betgelsik sekil: kelle dosden has one cykyp dur. Dos kapasasy yasy. Garny has one salparyp dur. Onurganyn egriligi bicak bildirip duryar.

Yaramaz sekillerin, osanikalaryn gornusleri
1. Kuki sekil, yagyrnynyn kukermegi, dos onugasynyn kifozynyn ulalmagy.
2. Tegelek yagyrny, tegelek arka (kruglaya spina)-dos onurgasynyn kifozynyn ulalmagy bilen bilelikde bil onurganyn lordozynyn artmagy.
3. Yasy arka, yasy yagyrny-dos onurganyn kifozynyn kicelmegi, bil onurganyn lordozynyn arytmagy. Adam arkan gayysyp duran yaly bolyar. Bu koplenc ince uzyn adamlarda bolyar. Yasy arkanyn basga skolioz diyen kesele (onurganyn gapdala gysarmagy) getirmegi mumkin.

Yaramaz sekilin onuni almak (profilaktikasy)
Aydylanlardan bilisiniz yaly gowy, owadan sekil beden saglygynyn alamaty.
1. Keselleri wagtynda bejermek yaramaz sekilin profilaktikasydyr. Cagalary rahit keselinden, sowuklamalardan goramaly.
2. Dogry iymitlenmegi guramaly. Kabir eneler cagalaryna suytli aslardan icirip bilenini iciryarler. Ol bolsa asgazanyn ginelmegine, garnyn salparmagyna we bil onurganyn lordozynyn ulalmagyna getiryar.
3. Caga mekdebe ilkinji gezek baranda, birinji yylynda hazir bolmaly. Oturgycda dogry oturmagyny, wagtly-wagtynda iymitlenmegini, beden terbiye we giminastika bilen meshullanmagyny gazanmaly.
4. Yetginjeklik dowrunde ayratyn unus bermeli. Birnace adamlar oz cagalaryny beden terbiye sapagyndan bosatjak bolup azara galyarlar, ol bolsa adamyn kaddynyn bozulmagyna getirmegi mumkin.
5. Adamyn nadogry dem alysyny bejermeli-burun dykylyan bolsa, acmaly.
6. Ayakdaky kemcilikleri, densizlikleri duzetmeli.
7. Caganyn gozunin gorusi yaramaz bolsa, ony duzetmeli (aynek gotermeli).

Yaramaz sekilin duzedilisi.
1. Yaramaz sekile getiryan ahli faktorlary yok etmeli.
2. Hemise duzedis giminastikasyny gecirip durmaly. In gowy giminastika-suwda yuzmeklik. Ylgamaklyk hem osanikany duzetmage komek edyar.

 Ref.iatp.edu.tm/lukman

4 Responses

  1. […] köp okalan Sitoplazma Bilim we Saglyk jyns ýollary arkaly geçýän keselleriGan toparlary Adamyn dasky durkyPeşew-jyns synalaynyn incekeseliTürkmen Lukman HabarlarAIDS nähili ýokuşýar DEM ALYS […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: