Inçekesel

Incekesel kop adamlar ucin oyken we dem alys ulgamlarynyn keseli bilen baglanysdyrylyar. Bu kesel bolsa, adamlaryn ahli synalarynda, yagny deride, gozde,sunklerde we bogunlarda, bagyrda we icegede, icege mazlerinde , cetki mazlerinde, beyni gabygynda, sunk-onurgada, seyle hem bowrek we pesew yollarda,erkeklerin we ayallaryn jyns synalarynda gabat gelyar. Keselin su gornuslerinin ahlisine oykenden dasky synalaryn incekeseli diyilyar. Saher boyunca subheli nasaglar, yagny yokarda agzalan synalarda incekesel guman edilen nasaglar bizin Merkezi Incekesel dispanserimize iberilyarler. Biz olara yorite barlaglar gecirip, incekesel bar bolsa,anyklap, hasaba alyarys. Yone, oyken incekeselinden tapawutlylykda, bu keseli anyklamak kyn mesele bolup duryar.
Oykenden dasky synalaryn incekeseli (ODSI) birinji bilen gic (keselin baslanyndan 3 aydan, 2-10 yyla cenli )yuze cykarylyanlygy bilen tapawutlanyar . Bu bolsa, nasaglaryn keselinin 80%-ne cenli beterlesmegine getiryar. ODSI-lin bu ayratynlyklaryny umumy lukmancylyk ulgamynda bilinmeyanligi bilen dusundirilyar.Esasy bilmeli zat- keselin ir anyklanylmagy. ODSI-in “ir anyklanylmagy” diyip, keseli konserwatiw usullary bilen bejerilip bolunyan dowre aydylyar. Munun ucin yylda Asgabat saherindaki hemme saglyk oylerinde, bu mesele barada dersler we gurrunler gecirilip durulyar. Yokarda belleysim yaly, ODSI-de esasy anamnez ( nasagyn caga wagtynda ya-da jahyllyk dowrunde oykeninde , beyleki synalarynda(sunk-onurga) incekeseli gecirenligi we incekesel ederasynda hasapda durandygy barada maglumat); kesellerin alamatlary, gecirilmeli barlaglar hakynda maglumatlaryn mohumligi barada gurrunler gecirilyar.Haysy synasynda incekesel guman edilse, ilki bilen spesifiki dal bejergi gecirip gormeli. Eger nasagyn yagdayy gowulasmasa, bizin edaramyza yorite barlaglar gecirmek ucin iberilmeli.
Oz websaytymda men pesew-jyns synalaynyn incikeseli, onun ir yuze cykarylmagy, gowreli we dogurandan sonky dowurde ayallarda oyken incekeselin gecis ayratynlyklary barada gurrun etmekci.

Dr Gaipazarowa Ogulsenem

3 Responses

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: