ÝANMALAR ÝYLYLYK URMASY ELEKTRIK TOGY BILEN ŞIKESLENME

Ýanmalar bu adatça ýokary gyzgynlygyň täsiri bilen ýumşak dokumalaryň zaýalanmagy.Ýanmalar şeýle hem himiki maddalaryň,elektrik togunuň ýa-da gün şöhlesiniň täsir etmegi bilen hem döräp bilerler.
Ýanmalaryň görnüşleri :
Ýanmalar olaryň döremeginiň sebäpleri we ornaşma,çünlaşmasyna
görä tapawutlandyrylýarlar.
1 derejeli ýüzleý,diňe deriniň ýokarky gatyna degýärler,deri gyzaran,
agyryly,pökgeren bolýar.
2 derejeli aram çuň,deriniň iki gatyny zaýalaýarlar,deriniň ýokarky gaty we deri,ham çişli,gabarjaklar bilen gyzaran,olar ýarylyp bilerler,gabarjaklardan suwuklyk akýar.
3 we 4 derejeli çuň, deriniň iki gatyny we çuňlukda ýerleşen dokumalary hem degnany,gan damarlaryny,ýag,beden eti we süňk dokumalaryny haraplaýarlar.Deri kömre donen(gara) ýa-da gany gaçan görnüşli görzünyär.
1we 2 derejeli ýanmalarda ilkinji kömek:
– Ejir çekenden howplylygyň çesmesini derrew aýryn ýa-da ony howpsyz ýere geçiriň!
– Ýanan ýerini sowuk suw bilen derrew sowudyň.Buz ulanmak bolmaz!
– Sowuk suwuň aşagynda azyndan 10 minutlap, tä agyry ayrylýança saklamaly!
– Ýokanjyň, howanyň düşmeginiň öňüni almak üçin hem-de agyryny ýeňilleşdirmek üçin sowadylanynda soň zayalanan ýerini arassa çyg desmal bilen örtüň!
– Gabarçaklary deşmäň,eger gabarçaklar ýarylsa,zaýalanan ýerini ýara ýagdaýyndaky ýaly ýuwuň, sabynly suw bilen ýuwuň,we zyýansyzlandyrylan daňyny daňyň.
3 we 4 derejeli ýanmalarda ilkinji kömek:
Ilkinji kömek bermekligiň esasy kadalaryny eýeriň.
– Tiz kömegi çagyryň!
– Dem alyş ýollarynyň geçirijiliginiň bolmagyna gözegçilik ediň.
Agzyň ýa-da burnuň töweregindäki ýanmalar dem alyş ýollarynyň we öýkeniň zaýalanandygyny görkezip bilerler.
Dem alyş ýollarynyň ýa-da öýkeniň ýanmagyna şübhe bolanynda,demiň alnyşyna hemişe gözegçilik ediň,(ýanmada dem alyş ýollary ejir çekeniň dem almasynyň bozulmagyny döredip çişip biler ).
– Ilkinji seredip görmekligi geçirileninde barlap görün,ýanmalary görkezyän goşmaça nysanlary ýokmy.Ejir çekeniň alan beyleki nyşanlaryny hysaba alyň,esasan hem,eger-de olar partlama
ýa-da elektrik togunuň urmagy bilen dörän bolsalar!
– Ýanan ýerine öl polotense ýa-da nähili hem bolsa,bir arassa
matany goýuň.Bu melhemiň üstüne wagtal-wagtal sowuk suw güýup,onuň sowuk bolmagyna esewan boluň,ýogsam ol derrew gyzýar ýa-da guraýar!
– 3 derejeli ýanmalar şok ýagdaýyna getirip biler.Ejir çeken dem
almadan kynlyk çekmeyän bolsa,oňa ýatmaklygy haýyş ediň.
Ejir çeken adatça ýanmadan üşütmäni başdan geçiryär.Onuň
bedeniniň ýylylygyny üýtgetmän saklaň,eger ýanan yer giň
ýaýbanly bolsa,onuň zaýalanan ýerini birden sowatjak bolmaň.
– Himiki ýanmada himikatyn deň eşigini seresaplyk bilen kesip,çykaryň!

SERESAP BOLUŇ!

– Gury himiki maddalary goraglanan el bilen(ellikli polotenseli)
deriden kakyp aýyryň!
– Ýanan ýerini bol suw bilen ýuwuň.
– Himikat göze düşeninde,ony bol suw bilen ýuwuň!
ÝANMALARDA ilkinji kömegi berende nämeleri etmeli DÄL:
– Ýanan ýerine ýelmeşen egin-eşigi goparmaly DÄL.
– Ýag,spirt ýa-da çalgy ýagyny ulanmaly DÄL.
– Ýanan ýeriri göni üstüne pagtany goýmaly DÄL.
– Ýeňil ýelmeşijini(leykoplaster) ulanmaly DÄL.
– Ýanmanynňgabarçaklaryny açmaly DÄL, sebäbi deriniň bütewiligi sizi ýokanjyň geçmeginden goraýar.
– 3we 4 derejeli ýanmalarda ýarany arassalamaly

Ref.iatp.edu.tm/ilkinjikomek

4 Responses

  1. […] ÝANMALAR ÝYLYLYK URMASY ELEKTRIK TOGY BILEN ŞIKESLENME […]

  2. […] ÝANMALAR ÝYLYLYK URMASY ELEKTRIK TOGY BILEN ŞIKESLENME […]

  3. […] ÝANMALAR ÝYLYLYK URMASY ELEKTRIK TOGY BILEN ŞIKESLENME […]

  4. […] ÝANMALAR ÝYLYLYK URMASY ELEKTRIK TOGY BILEN ŞIKESLENME […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: