ÝÜREGE GÖNI BOLMADYK OWKALAMA WE EMELI DIKELDIŞ DEM BERMÄNI GEÇIRMEGIŇ DÜZGÜNLERI

1.Horluk çekeniň öz huşundadygyny anyklaň:
Gaty ses bilen “Size kömek gerekmi?” diýip soraň,
Horluk çekeniň trapesiýa şekilli beden etini gysyň.

2.Tiz kömegi çagyrmaga ýagdaýy bolanlary gaty ses bilen gygyryp kömege çagyryň.
3.Horlyk çekeni seresaplyk bilen arkanlygyna öwüriň.
4.Eger-de kellede ýa-da boýunda şikesiň ýokdugyna şübhe ýok bolsa,dem alyş ýollarynyň geçirijiligini üpjün etmek üçin horluk çekeniň kellesini arkanlygyna gayşardyň.
5.Dem almanyň bardygyny anyklamak üçin doly 5 sekundyň dowamynda gorüş, eşdiş we syzyş gözegçiligini geçiriň.
6.Agyzdan doly 2 dem bermäni ediň:
Horluk çekeniň alkymyny sähelçe galdyryp,kellesini arkanlygyna gayşardylan ýagdaýynda saklaň.
Burnunyň deşiklerini başam we süýem barmaklaryňyz bilen jebis gysyň.
Horluk çekeniň agzyny dodaklaryňyz bilen jebis gurşaň.
Her biriniň dowamlylygy 1-1,5 sekund bolan doly 2 dem bermäni ediň.
7. 5-10 sekundyň dowamynda pulsunyň bardygyny barlaň.
8. Tiz kömegi çagyryň.
9. Elleriňiziň dogry ýagdaýyny tapyň:
Barmaklaryňyz bilen döş süňküniň aşaky gyrasyndaky çukurjygy tapyň we özüňiziň 2 barmagyňyzy bu ýerde saklaň.
Horluk çekeniň dabanyna ýakyn ýerleşen eliňizi ulanyň.
Beýleki eliňiziň aýasynyň düýbüni döş süňkünde,barmaklaryňyz
ýerleşen ýeriniň ýokary ýanynda goýuň.
Barmaklaryňyzy çukurjykdan aýryn we birinji eliňiziň aýasyny beýleki eliňiziň ýokarsynda goýuň.
Barmaklaryňyzy döş süňküne degirmäň.
10.Döş süňküne 15 gezek basmakdygy ediň.
Basmaklygy ýerine ýetireninde halas edijiniň eginleri onuň aýalarynyň göni ýokarsynda bolmalydyr.
Döş süňküne basmaklyk 4-dem 5sm çenli çuňlukda geçirilýär. 10 sekundyň dowamynda 15-e ýakyn basmaklygy(her minutda 80-den 100 basmaklyga çenli)etmeli.
Basmaklygy emaý bilen dik çyzyk boýunça,eliňizi mydama döş
süňkünde saklap ediň.
Kadany geçiren wagtyňyzda yrgyldyly hereketi etmäň.Bu basmaklygyň netijeligini peseldýär we siziň güýjüňizi biderek sarp edýär.
Indiki basmaklyga başlamakaňyz döş kapasasyna ilki başdaky ýagdaýyna galmaga mümkinçilik beriň.
11.”Agyzdan-agza” doly 2 dem bermäni ediň.
Horluk çekeniň kellesini arkanlygyna gayşardyp we alkymyny sähelçe galdyryp, dem alyş ýollaryny açyň.
Horluk çekeniň burnunuň deşiklerini gysyň we onuň agzyny dodaklaryňyz bilen jebis gurşaň.
Her biriniň dowamlylygy 1,5-2 sekund bolan doly 2 dem bermäni ediň.
Howanyň öýkene geçýändigini göz ýetirmek üçin döş kapasasynyň galşyna gözegçilik ediň.
12.Döş süňküne basmaklygyň we dem bermekligiň toparlaryny gaytalaň:
15 basmaklykdan we 2 dem bermeklikden ýene 3 topary geçiriň.

Ref.iatp.edu.tm/ilkinjikomek

3 Responses

  1. […] ÝÜREGE GÖNI BOLMADYK OWKALAMA WE EMELI DIKELDIŞ DEM BERMÄNI GEÇIRMEGIŇ DÜZGÜNLERI […]

  2. […] ÖSÜŞ BIOLOGIÝASY (ilkibaşda)GÖWRELILIK DÖWRÜNIŇ ÖSÜŞ BIOLOGIÝASY (6-8 hepde)ÝÜREGE GÖNI BOLMADYK OWKALAMA WE EMELI DIKELDIŞ DEM BERMÄNI GEÇIRMEGIŇ DÜZGÜNLERIGÖWRELILIK DÖWRÜNIŇ ÖSÜŞ BIOLOGIÝASY (8-nji hepdäniň içinde)Bütindünýä saglyk […]

  3. […] ÝÜREGE GÖNI BOLMADYK OWKALAMA WE EMELI DIKELDIŞ DEM… […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: