DEM ALYS YOLLARYNYŇ YITI WIRUS KESELLERI

Dem alyş ýollarynyň ýiti wirus keselleri işe yarawsyzlygyň esasy sebäpleriniň biri bolup, ilatyň saglygyna we önumcilige beli bir derejede zyýan ýetirýän iň kop yayran keselere degişlidir. Bu keseller maşgala lukmanlarynyň iş tejribelerinde iň köp duş gelýän kesellerdir.
Häzirki döwürde howa-damja yollary bilen yokaşyp, esasan ýokarky dem alyş yollaryna zeper ýetirýän we biri-birine meňzeş kliniki alamatlary bolan kesellerin 200-den gowragy bellidir. Dem alyş yollarynyň ýiti yokanç keselleriniň sebäpleri hökmünde köp ýaýran wiruslaryň özara paýlanyşy seyledir: A we B grippiň wiruslary – 35-50%, paragrippiň wiruslary – 10-12%, pespirator-sinsitial wiruslar – 8-10%, mikoplazmalar – 15-20%, adenowiruslar – 10-12%, koronowiruslar – 3-5%, rinowiruslar – 5-10%, enterowiruslar – 5-10% we reowiruslar – 1-3%.
Bularyň arasynda has epidemiologiki ähmiyetlisi A we B grippiň wiruslary bolup, olar her ýylda epidemiyalary, täze ştammlaryn peýda bolan ýyllarynda bolsa tutuş yer şarynyň ilatynyň 1/3 böleginiň kesellemegine getirýan pandemiyalary döredýärler. A grippiň wiruslary diňe adamlarda däl-de, haywanlarda we guşlarda hem duş gelýärler. B we C grippiň wiruslary diňe adamlarda duş gelýärler. Bularyň arasynda has köp ýaýranlary
A grippiň wiruslary bolup, olar yokuşyjylygynyň, kesel döredijiliginiň we uytgeýjiliginiň has yokarylygy bilen tapawutlanýarlar. Olar esasan suw we kenaryaka guşlarynyň bedenlerinde köpelýärler.
Güýz-gyş aylarynda beýleki ýiti respirator wirus keseleri hem epidemiýa we sporodiki yagdaylar görnuşinde duş gelýärler. Adenowirus infeksiyasy üçin hadysanyň has hayal yüze çykýanlygy we keseliň gizlin geçýän görnuşlerinňn agdyklyk etmegi häsiyetlidir. Çagalar baglarynda we mekdeplerde köp duş gelýän 3-nji we 7-nji görnüşli adenowiruslar bilen şertlenen möwjemeler köplenç bokurdagyň sowuklamasy we gözleriň gyzaryp-yaşarmagy bilen utgaşýan gyzzyrma görnüşinde yüze cykýarlar, 8-nji görnüşli adenowiruslar bolsa epidemiki keratokonyunktwitleriň sebäbi bolup durýarlar. Şol bir wagtyä özünde gizlin toparyň adenowiruslary (1-nji, 2-nji, 5-nji görnüşler) hemme ýere ýaýrap, örän seýrek yüze cykýarlar.
Paragrippoz keseller güýz-gyş aýlarynda has köpelmek bilen tutuş ýylyň dowamynda duş gelýärler. Olar bilen hemme ýaşdaky adamlar hem keselleýärler, yöne kiçi ýaşly çagalar olara has duýgur bolyarlar. Respirator-sintisial wiruslar bilen ýokary keselçilik güýz-yaz aýlary esasan cagalaryň arasynda köp duş gelýär. Rinowirus infeksiýalary hem güýz-ýaz aýlary has köpelmek bilen ýylyň islendik paslynda hemme ýaşdaky adamlarda duş gelýärler, olar howa-damja yollary bilen bir hatarda yokanclanan zatlaryň üsti bilen hem yayrap bilyärler.
Mikoplazma infeksiyalary sporodikii yagdaylar, masgalalaýyn ojaklar, mekdeplerdäki we harby birikmelerdäki ýerli mowjemeler görnüşinde güýz-gyş aýlary has köpelmek bilen tutuş yylyň dowamynda duş gelýärler. Kesel döredijiler howa-damja yollary bilen kesellän adamdan yokaşýarlar. Käbir yagdaylarda garyşyk wirus infeksiyalary hem duş gelýärler, bu koplenç adamyň bedeninde uzak wagtlap saklanyan adenowirus we respirator-sinsitial infeksiyalar bilen baglanyşyklydyr.
Gripp bilen keselländen soň adam durnukly, ýokary mahsus immunitete eýe bolyar we diňe täze antigen häsiyetleri bolan başga wiruslaryň yokaşmagy bilen keselläp bilýär. Grippiň wirusynyň şol bir antigen görnüşine bolan immunitet takmynan 20 ýyla golaý saklanýar. Beýleki respirator wiruslara garşy immunitet doly kemala gelmedik we durnuksyz bolýar. Olar üçin esasan dem alyş ýollarynyň nemli bardalarynda ýerli antitelalaryň (A toparyň immunoglobulinleriniň) emele gelmeginiň uly ähmiýeti bardyr. Mahsus däl rezistentligiň möhüm düzüm bölegi interferon ulgamy bolup, ol adatça mahsus immunitetden has ir isjenleşýär.
Grippde patalogiki hadysa örän tiz ýüze çykýar. Wirusyň dem alyş ýollarynyň öýjüklerinde köpelme döwründen soň esasan gandamar we nerw ulgamlary tarapyndan häsiýetli reaksiýalar bilen ýüze çykýan wirusemiýa döwri başlanyar. 10-14 günläp dowam edýän wirusemiýanyn netijesinde wirus içki agzalara aralaşýar. Şol döwürde ganda, dalakda, limfatiki düwünlerde, badamjyklarda, kelle beýnisiniň maddalarynda wirus antigenleri anyklanylýar. Beýleki respirator wiruslaryň antigenleri diňe bir keseliň ýiti ýüze çykýan ýagdaylarynda däl-de, ýokançlylygyň gizlin we dowamly görnuşlerinde (adeno-we respirator-sinsitial wirus keseleri) hem tapylyp bilner. Keseliň kliniki alamatlarynyň barlygynda wirusemiyanyň keseliň ähli döwürlerinde saklanyp galýandygyny bellemek zerurdyr.
Grippde esasan gandamar we nerw ulgamlaryna zeper ýetip, bu wirusyň zäherleýji täsiri bilen şertlenendir. Gan damarlaryna zeper ýetmegi netijesinde damarlaryň diwarlarynyň geçirijiligi we portlugy ýokarlanyp, ownuk damarlaryň derejesinde gan aylanyşyk bozylýar. Bu üýtgeşmeler käbir nasaglarda burundan gan akmalaryň, deride we nemli bardalarda gemorragik örgünleriň, içki agzalara gan öýmeleriň emele gelmegine getirýär. Wirusyň kelle beýnisiniň damar torlarynyň reseptorlaryna täsiri netijesinde beýni suwuklygynyň artykmaç işlenilip çykarylmagy bolup geçip, bu beýni içki basyşyň ýokarlanmagyna we beýniniň suwlanmasyna getirýär. Neyrowegetatiw, neyroendokrin we neyrogumoral sazlaşygy ýerine ýetirýän orta beýnide (gipotalamus, gipofiz) gan akymynyň guýçlenmegi nerw ulgamy tarapyndan çylşyrymly funksional bozulmalaryň esasynda ýatýar.
Dem alyş ýollaryna zeperlenmeginde hemme respirator wirus infeksiýalary üçin häsiýetli patologik hadysanyň umumy kanunalaýyklygy bardyr, yöne zeper yetmäniň häsiýeti we yerleşýän ýeri boýunca käbir aýratynlyklar bolyar. Mysal üçin, paragripp we respirator-sinsitisial iinfeksiya ýokary dem alyş yollarynyň epitelial öýjükleri az zeperlenýär, grippde has çuňňur distrofiki üýtgeşmeler bolup geçýär, adenowiruis kesellerinde bolsa sowuklama reaksiýasy mononuklear häsiyetli ekssudat bilen has aydyň bolýar.
Adenowirus infeksiýasynda dem alyş yollaryndan başga gozleriň, limfa dokumalarynyň, içegeleriň we pesew haltanyn yeperlenmegi hem bolup gecyar. Wiruslar limfatiki dokumalarda uzak wagtlap saklanyp bilýärler. Wirusemiya grippdükü garanyňda has uzak dowam edýär. Kahalatlarda bakterial infeksiýalaryň goşulyşmagy bilen gaýra üzülip biler. Grippiň wiruslarynyň we adenowiruslaryň stafilokokklar bilen gosulysmagy has agyr hasaplanylýar.
Patologiki hadysa bedeniň wiruslardan doly arassalanmagy we nasagyň doly sagalmagy bilen ya-da adenowirus we respiratir-sintisial infeksiýalarda keseliň gizlin we dowamly görnüşleriniň emele gelmegi bilen tamamlanyp biler.
Grippde wirus yokaşandan soň keseliň ilkinji alamatlaryna çenli döwür ürän gysga bolup, birnäçe sagatdan 1-1,5 güne çenli dowam edýär. Kesel yiti başlanýar. Beden gyzgynynyň tiz 39-40C çenli ýokarlanmagy bolup geçip, üşütme peýda bolýar. Zäherlenmäniň alamatlary: esasan manlaý-çekge bölümlerde ýerleşýän güýçli kelle agyry, baş aýlanma, göz almalarynyň agyrysy, muskul we bogun agyrylar, umumy gowşaklyk tiz artyp, olar esasan keseliň agyrlygyny kesgitleýän alamatlar bolup durýarlar. Has güýçli zäherlenmelerde gaýtarmak, essi aýylma, meningeal alamatlar hem ýüze cykyp biler.
Gyzgynyň ýokary galmagy ortaça 4 gün dowam edýär we birden peselyar. Onuň 5 günden artyk dowam etmegi gaýraüzülmeleriň ýüze çykanlygynyň alamaty bolup biler.
Sianoz hem toksikozyň esasy alamatlarynyň biridir. Hatda grippiň ýeňil, gaýra üzülmedik görnüşlerinde hem dodaklaryň we nemli bardalaryň gögümtilligi ýüze çykarylýar. Damarlaryň geçiriliginiň bozulmagy netijesinde burundan gan akmalar, deride we nemli bardalarda gemorragik örgünler, seýrek gematuriya peýda bolýar.
Näsagyň deri örtükleri biraz gyzarýar, ýüzi çişýär. Gözleriniň agy inýesirlenyar, gabaklary gyzarýar, kähalatlarda olara gan öýmegi mumkin.
Ýüregiň çäkleri gaýra üzülmedik grippde üýtgemeýär. Ýürek tonlary gyzzyrma döwründe peselen, depejikde mymyk sistoliki şuwwuldynyň eşidilmegi mümkin. Adatça beden gyzgyny aşak düşenden soň ýürek tonlary kadalaşýar, sistoliki şuwwuldy hem yitip gidýär. Ýüregiň ýygrylyş sany beden gyzgynyna bagly bolýar, ýöne köplenç gyzgynyň aşak düşýän döwürlerinde has aýdyň ýüze çykýan bradikardiýa has häsiyetli hasaplanylýar. Gan basyşynyň aşak düşmegi keseliň agyr görnüşinde, şeýle hem sagalma döwründe bellenilýär.
EKG üýtgeşmeler – miokardyň distrofiýasynyň alamatlary, PQ aralygynyň uzalmagy, T dişiň peselmegi we izoelektrikligi näsag sagalandan son öňki kadasyna gelýär.
Rinit görnüşindäki kataral üýtgeşmeler, burnuň dykylmagy we gury üsgülewük keseliň hemişelik alamatlarydyr, olar eýýäm keseliň birinji gününiň dowamynda ýüze çykýarlar. Ýumşak kentlewügiň we bokurdagyň yzky diwarynyň nemli bardalary gyzaryp, näsaglaryň 1/3-inde gögümtil öwüşgine eýe bolýar, seýrek yumşak kentlewükde owunjak gan öýmeleri ýüze çykarylylýar. Traheit – keseliň in häsiýetli alamatlarynyň biri bolup, gury, agyryly üsgülewük bilen ýüze çykýar. Laringit adatça traheobronhit bilen utgaşýar. Öýkenlerde kamahal gysga wagtlaýyn gury hyžžyldylar eşidilýär. Rentgen barlagynda irki möhletlerde öýkenlerde damar suratynyň güýçlenmegi bellenilýär.
Nerw ulgamy tarapyndan üýtgeşmeler yeňil funksional wegetatiw-damar bozulmalaryndan meningitlere, meningoensofalitlere çenli baryp ýetip biler. Kähalatlarda mielitiki alamatlaryň, poliradikuloneýropatiýanyň ýüze çykmagy mümkin. Adatça agyr newrologiki bozulmalardan hem soň näsag tiz sagalýar, bir aýyň cäklerinde näsagyň newrologiki statusy öňki kadaly ýagdaýyna dolanyp barýar.
Ganyň barlaglarynda gaýra üzülmedik grippde, esasan hem keseliň 3-4-nji günleri has aydyň ýüze çykýan leykopeniýa häsiýetli hasaplanylýar. Basga uytgesmeler bolmayar, diňe kähalatlarda uly bolmadyk monositozyň, eozinopeniýanyň bolmagy mümkin. Gaýraüzülmeleriň goşulmagynda leýkositoz, taýakyadro süýşmeli leýkositoz ýüze çykýar, emma leykopeniýaly agyr gripp pnewmoniýa bilen gaýra üzülende leýkositoz aram bolýar ya-da bolman hem biler.
Dem alyş yollarynyň wirus infeksiýalaryny tapawutlandypmagyň belli bir derejede kynlygyny göz öňünde tutup tablisada olaryň tapawutlandyryş-kesgitleýiş alamatlaryny gorkezýäris.

Tablisa. Dem alys yollarynyn esasy wirus infeksiyalarynyň tapawutlandyrys-kesgitleyis alamatlary

Alamatlar
Gripp
Paragripp
RS-wirus
Adenowirus
Rinowirus
Toksikoz
+++
+
+
++
±

Kelle agyry
+++
+
+
+
±
Muskul we bogun agyrylar
+++
+
±
Ýürek bulanma, gaýtarma
++
±
±+
+
Bas aýlanma
++
±
±
Gowşaklyk, az hereketlilk
+++
+
+
+
Samrama, aňyň bulaşyklygy, gipertenziw sindrom, muskul dartylmalary
++
±
±
Sianoz
+++
+
Nemli bardalaryň gemorragiyasy
++
Burundan gan akmalar
++
±
±
Gyzgynyň ýokary galmagy
+++
+
+
++
+
Güzüň damarlarynyň inýeksiýasy
+++
+
±
+
+
Konyunktiwit
++
Rinit
++
±
++
+++
+++
Faringit
+
+
+
+++
+
Laringit
±
++
Traheit
++
±
Bronhit
+
+
++
+
±
Öýkenlerde interstisial üýtgeşmeler
+
++
Leykopenýya
++
+
Leykositlerin kadaly mukdary
+
++
++
+
++
Aram leýkositoz
±
+
_
_

Bellik.Alamatlaryn aydynlygynyn derejesi: +++ we++aydyn, + aram,
± gowsak, – yok

Paragripp üçin uly bolmadyk gyzgyn, zäherlenmäniň ýeňil alamatlary hem-de kähalatlarda hatda sesiň doly ýitmegine getirýän laringit, burnuň dykylmasy häsiýetlidir. Respirator-sinsitial infeksiýa aram gyzgyn, gowşak intoksikasiýa, aşaky dem alyş ýollaryna zeper ýetmegi, bronhitiň we bronhiolitiň alamatlary – üsgülewük, dem alşyň kynlaşmagy, gury we cygly hyžžyldylar bilen geçýär. Adenowirus infeksiýasy üçin dem alyş ýollarynyň zeperlenmeginiň konyunktiwit, faringit, limfadenopatiýa, icegelere zeper yetmegi bilen utgaşmagy häsiýetlidir. Rinowirus infeksiyasynda burnuň we burunbokurdagyň zeperlenmesi agdyklyk edýär, intoksikasiýanyň alamatlary adatça bolmayar. Koronawirus infeksiyasy ýçin rinitin aýdyň alamatlary, ýeňil ysgynsyzlyk, kähalatlarda gury üsgülewük we seýrek gastroentritiň alamatlary häsiýetlidir. Adatça beden gyzgynynyň ýokarlanmagy belenilmeýär.
Bejerginiň esasy düzgüni – ony ir başlamakdyr. Näsagyň gyzdyrýan döwründe duşek düzgüni, doly bahaly iýmit, miwe şireleri, mineral suwlar, ýabany bägüliň gaýnatmasy maslahat berilýär. Mundan başga-da, patogenetiki bejeriş damarlaryň diwaryny berkidiji serişdeleri: rutini, askorbin turşusyny we kalsiý serişdelerini öz içine alýar.
Etiotrop bejergi kesel başlandan 48 sagatdan giç galman başlanýar. A grippiň wirusy bilen dörän grippde remantadin şeýle tertip boýunça berilýär: birinji gün 300 mg, ikinji gün 200 mg, üçünji gün 100 mg. Remantadin çagalara, göwreli aýallara, bagryň, böwregiň keselleriniň yitileşmesinde, tireotoksikozda bellenilmeýär.
Şeýle hem arbidol 200 mg-dan 3 wagtyna 3 günüň dowamynda bellenilýüär. Grippiň bejergisi üçin şonuň yaly-da ingalyasiya görnuşinde leýkositar interferon 3000 HB möçberinde ulanylyp bilner.
Alamatlaýyn bejergi traheitiň alamatlaryny, üsgülewügi yeňledýän serişdeleri – prenosdiazini, butamiraty, ösümlik gaýnatmalaryndan bugly ingalýasiýalary, ýelmenýan gyzdyryjylary öz içine alýar. Kelle agyryny, muskul we bogun agyrylary azaltmak üçin parasitamol maslahat berilýär. Gyzgyny düşüriji serişdeler diňe gyzgynyň bar mahalynda ulanylýarlar, şeyle hem gyzgyny sazlaýyşyň fiziki usullary, der çykaryjy serişdeler ulanylyp bilner.
Grippiň agyr we gaýra üzülen görnüşleriniň bejergisi hassahana şertlerinde geçirilmelidir. Gyzgyny has ýokary galýan, muskul dartylmaly, aňy bulaşýan, meningeal we gemorragiki alamatlary bolan, şeyle hem dem alyş, ýürek-gandamar ýetmezçilikli näsaglar hökmany suratda hassahana ugradylmalydyr.
Dem alyş ýollarynyň beýleki wirus keseleriniň yeňil we orta agyrlyk derejelerinde hem alamatlaýyn bejergi geçirilýär.

Ref.iatp.edu.tm/kese

3 Responses

  1. […] Adamyn dasky durkyPeşew-jyns synalaynyn incekeseliTürkmen Lukman HabarlarAIDS nähili ýokuşýar DEM ALYS YOLLARYNYŇ YITI WIRUS KESELLERITürkmen döwlet lukmançylyk instituty Sazlaşykly maşgala – sazlaşykly terbiýe AIW we […]

  2. […] DEM ALYS YOLLARYNYŇ YITI WIRUS KESELLERI […]

  3. […] DEM ALYS YOLLARYNYŇ YITI WIRUS KESELLERI […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: