Peşew-jyns synalaynyn incekeseli

Duş gelyanligi boyunca, peşew yollarynyn incekeseli, oykenin incekeselinden son, ikinji orny; oykenden daşky synalaryn incekeselinin arasynda bolsa, birinji orny eyeleyar. Peşew-jyns synalaryna (bowrek, peşew yollary, jyns synalary) incekesel yokusanda, ony wagtynda bejermeseler, nasagyn synasyndan dynmagyna, bowrek yetmezciligine, gan basyşynyn goterilmegine, onelgesizligine getirmegi mumkin. Seylelikde, koplenc nasag mayyp bolup galyar. Bu keselin in erbet tarapy – onun birnace yyllap alamatsyz ya-da başga kesellerin gornuşinde gecmegidir. Koplenc ilatymyz bu kesel barada bilenok, şonun ucin hem nasaglar uzak wagtyn dowamynda netijesiz başga kardaki lukmanlarda bejergi geciryarler. Bu bejergiler dine netijesiz bolman, eysem zyyanly hem bolup biler. Seyle “bejerginin”netijesinde incekesel ojeyar we kesel has beterlesenden son, ftiziatr lukmanlaryn ellerine dusyarler. Gynansakda, nasaglaryn bejergisi sonda operatiw usullary ullanmaga mejbur edyar. Seydip, olar koplenc mayyplaryn sanyny kopeldyarler.
Pesew-jyns yollarynyn incekeseli has-da maldarlaryn arasynda kop dus gelyar. Sebabi mallaryn hem incekesel bilen kesellemegidir. Sonun ucin ahli maldarlar hokmany suratda, ayratyn hem incekeselin alamatlary bar bolan yagdayynda, incekesel barlaglaryndan gecmelidirler.
Incekeselin synalardaky alamatlary we ayratynlyklary:
Bowrek incekeseli: Incekesel mikrobakteriyasy gematogen yollary bilen yagny, gan damarlarynyn we kahalatda limfa ulgamlarynyn usti bilen bowrege baryar. Bowregin ikisi hem birbada keselleyar. Yone incekesel bir bowrekde hayalrak, latent gornusinde, beylekide – solbada keseli doredip, progressirleyar we beyleki pesew yollaryna yayrayar. Yokarda agzalsy yaly, bu kesel kop yyllaryn dowamynda alamatsyz gecip, on oykende, sunkde, basga synalarda gecen incekesel tazeden bowrekde we jyns synalarynda yuze cykyp biler. Pesew-jyns synalarynyn incekeselinde umumy urologiya we ginekologiya degisli kesellerin alamatlarynyn ahlisi diyen yaly bolup biler.
Incekeselin ahli gornuslerine intoksikasiya alamatlary mahsusdyr; yagny, bu alamatlar umumy ysgynsyzlyk, gowusgynsyzlyk, gyzgynynyn sahel goterilmegi(subfebril temperatura) bilen hasiyetledirilyar.
Keselin baslangyc dowri nasaglar gyzgynynyn sahel goterilmegine (subfebril temperatura), umumy gowusgynsyzlyga, bil agyra arz etmegi mumkin. Keselin guyjemegi bilen agyryly busukma, busuganda irin we gan peyda bolyar. Muna gematuriya diyilyar, ol pesew yollarynyn incekeselinde koplenc “agyrysyz”, gysga wagtlyk bolup, birnace wagtlyk yityar; son bolsa yene-de, eyyam agyryly gornusinde, emele gelyar. Kop halatda ol dizuriya, yagny, busukmagyn nasazlygy we renkinin uytgemegi bilen gecyar. Bilip goyun, pesewde ganyn peyda bolmagy 10% yagdayda bowrekde yaranyn emele gelmegi bilen hem baglanysykly bolup biler.
Bowrekde doran incekeseli baslangyc dowrunde anyklamak kyn. Sebabi, kliniki we rentgen barlaglarda onun alamatlary bildirenok. Bowrekde spesifiki uytgemelerin yeketak dogry gorkezmelerinin biri – peshewin bakteriologiki barlagynyn netijesi.
Keselin guyjemegi bilen pesewde ( adatca tursy yagdayynda) irin emele gelyar. Syrkawlaryn 15-20% bowrekde cydap bolmajak sanjy gornusindaki yiti agyra arz edyarler. Bu bolsa, peshew gechiriji turbajygyn gan ya-da irin bilen dykylmagy,peshew gechiriji turbajygyn nemli bardajygynyn chishmegi esasynda emele gelyar.
Kawagtlar keselin baslangyc dowrunde inchekesel peşew yollarynyn beyleki keselleri (meselim, dowamly piyelonefrit ) bilen menzes bolup biler. Bu yagdaylarda inchekeseli anyklamak ucin nasagyn pesewini birnace gezek bakteriologiki barlagdan gecirip, dinamiki gozegcilikde saklamaly.

Pesew geciriji turbajygyn we pesew haltanyn incekeseli

Pesew geciriji turbajygyn incekeselinde pesewin gecisi nasazlasyar. Ol bir tarapdan -bowrekdaki uytgemelerin beterlesmegine, beyleki tarapdan – bowregin zayalanmagyna getiryar. Pesew geciriji turbajygyn nemli bardasynda incekesel yayrap baslanda, nemli bardada yaralar(yazwa) emele gelyarler. Yaralar basym gatap, emele gelen gaty (rubes) turbajygyn icini daraldyar . Bowregin isi nasazlasyar, ici gineyar. Aydylanlar nasagyn bilinde elmydama agyry bolyanlygynyn sebabidir. Bular bolsa, pesew haltada incekeselin doremegine getiryar. Nasaglar pesew edenlerinde nasazlyklar: awusama,kesilyan yaly agyry,gan gorunme yuze cykyp baslayar. Koplenc seyle nasaglar bilman( uzak wagtlap) dowamly sistitin (peşew haltanyn sowuklamasynyn) bejergisini geciryarler. Bu yagdayda dine sistoskopiya arkaly we pesewde incekesel tayajygy tapylanda dogry diagnoz goyup bolyar.
Incekesel bowrekden bowregin yanyndaky kletcatka gecip, paranefride getiryar. Bu keselin esasy alamaty bolsa, bil onurga towereginde desigin emele gelmegi.

Erkeklerin jyns synalarynyn incekeseli
Erkeklerin jyns synalarynyn incekeselinde olaryn yumurtgalarynyn yanydaky gosantgylary bilen, erkeklik mazi keselleyarler. Yumurtgalaryn yanyndaky gosantgylarda doran keselin alamatlary iki gornusde gecyar: 1.koplenc dowamly, hayal gornusde – yumurtganyn gosantgylarynda uly bolmadyk gaty dorap,nasag ucin agyrysyz, kem-kemden ulalyp baslayar we kop yagdaylarda kesel yumurtga gecyar; 2.yiti gornusi – nasagyn gyzgyny goterilyar, yumurtga haltasynda agyry dorap, cisyar, gyzaryar we desilyar. Uzagyna bolsa,keselin yiti hadysalary gecenden son,yumurtgalaryn gosantgylarynda gaty, gubercek duwun galyar. Netijede, emele gelen gubercekler, gatylar, desikler dine incekeselin esasynda doreyar.
Erkeklik mazinde kesel baslangyc dowrunde alamatsyz gecyar. Mazde infiltrat we kowek emele gelende, nasag yamzynda, goni icegede agyra we agyryly busukma, pesew cykaryjy turbajykda irin bolunip cykma arz edyar. Adatca, pesewde incekesel tayajygy tapylyar. Seylelikde, pesew cykaryjy turbajykda incekesel emele gelip, bu erkeklik mazinin we pesew haltanyn incekeselinin agyrlasma gornusidir. Bu keselde pesew cykaryjy turbajygyn icinde strikturalar emele gelip, turbajygyn ici daralalyar. Bu bolsa busukmanyn kynlasmagyna getiryar.

Ayallarda jyns synalarynda incekesel dorande gasygyn agyrysyndan basga , jyns aragatnasykda agyry we durli aybasysynyn nasazlyklary yuze cykyar,ondan basgada jyns yollaryndan irin bolunip cykma arz edyarler. Koplenc bu kesel onelgesizlige eltyar.

Ref.iatp.edu.tm/kesel

3 Responses

  1. […] Peşew-jyns synalaynyn incekeseli […]

  2. […] Sitoplazma Bilim we Saglyk jyns ýollary arkaly geçýän keselleriGan toparlary Adamyn dasky durkyPeşew-jyns synalaynyn incekeseliTürkmen Lukman HabarlarAIDS nähili ýokuşýar DEM ALYS YOLLARYNYŇ YITI WIRUS KESELLERITürkmen […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: