ZÄHERLENMELER we DIŞLEMELER

Awy diýilip-bedene düşende birnäçe bozulmalary (zäherlenmä)kesellenmäni
we ölümi emele getirýän mineral,ösümlik we haywanat gelip çykyşly islendik madda aýdylýar.
Ejir çekenden ýa-da şaýatlardan sorap görüň we anyklamaga çalyşyň.

Zäherleýji maddalaryň haýsy görnüşi Kabul edilipdir.
Näçe mukdarda we haçan.

Zäherlanmäniň nyşanlary we alamatlary:
Ýürek bulanma,gaýtarma
Içgeçme
Kükrekde ýa-da içde agyry
Dem almanyň bozulmagy
Derleklik
Tüýkülik ýygnanma
Huşy ýitirme
Damar çekme
Dodaklaryň töwereginde,diliň üstünde,deride ýanmalar.

Agyzdan zäherlenmede ilkinji kömek:
Zerur bolsa barmagyňyzy bokurdaga sokup
gaýtarmaklygy dörediň.
Gaýtaranyndan soň,ejir çekeni içmäge zady köp beriň.
EGER-DE EJIR ÇEKEN:
– Huşunda bolmasa
– Damary çekyän ýagdaýynda bolsa
– Göwreli aýal bolsa
– Iýiji maddalary(kislota ýa-da aşgar)ýa-da düzüminde nebit bolan onümleri (kerosin,benzin)ýuwdan bolsa
gaytarmaklygy döretmeli DÄL.
Mör-möjekler dişläninde ýa-da çakanynda ilkinji kömek:
– Eger inne deride bolsa,onda ony dyrnak ýa-da başga bir zat bilen gazyp aýryň.Jübtek ulanmak bolmaz.
– Çakylan ýerini bol suw bilen ýuwuň we hapa düşmez ýaly üstüni bir zat bilen ýapyň.
– Agyryny we çişi peseltmek üçin sowuk melhem goýuň
– Ejir çekeni derrew hassahana alyp baryň.

Ýylanyň dişlänliginiň nyşanlary we alamatlary:
-Agyry (eger awuly ýylan dişlän bolsa,agyry çydap bolmajak güýçli bolup biler)
– Goşa ýa-da ýalňyz diş yzynyň ýarasy
– Deriniň reňkiniň üýtgemegi we dişlenen ýerinde çişiň emele gelmegi.

– Gowşaklyk,dem almanyň bozulmagy.
– Huş ýitirme.

Ýylan dişläninde ilkinji kömek:
–Ilkinji kömek bermekligiň esasy kadalaryny eýeriň.
– Ejir çekene amatly ýagdaýy almaga kömekleşiň we eger mümkin bolsa,bedeniň dişlenen ýerini,awyny sormagyny haýallatmak üçin ýüregin derejesini pese
düşüriň.
Dişlenen ýerine buz goýuň.
Ejir çekeni ynjalyklandyryn we oňa hereketsiz ýatmaklygy maslahat beriň.

Kiçijik çagalar bedenleriniň agramynyň az bolanlagy üçin uly howp astynda bolýarlar.Agzyň bilen awuny sorup aýyrmak,ýarany sürtemek we jgut goýmak bolmaz.

Ref.iatp.edu.tm/ilkinjikomek

Advertisements

One Response

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: