Türkmenistanyň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş instituty

Institutyň öňünde durýan esasy wezipeler aýratyn pudaklaryň we tutuş ýurduň ykdysadyýetinde geçirilýän çärelere toplumlaýyn seljerme bermegi, milli maksatnamalary işläp düzmek üçin ylmy esaslary taýýarlamagy, ýurtda geçirilýän durmuş-ykdysady reformalaryň esasy ugurlaryny kesgitlemegi, meýilleşdirmegiň we çaklamagyň arammöhletleýini we uzakmöhletleýini boýunça işleri geçirmegi amala aşyrmakdyr.

Türkmenistanyň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş instituty —  bu ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň meselelerini öwrenmek boýunça ylmy merkezdir. Institutyň ýerine ýetirýän ylmy-barlag işleriniň baş ugurlaryna ýurduň ykdysady ösüşleri boýunça makroykdysady seljeriş we çaklaýyş işlerini geçirmek; senagat, oba hojalyk, ulag, aragatnaşyk pudaklarynyň ösüşlerini, gurluşyk toplumynyň ösdürilmegini, durmuş sferasyny ösdürmekligiň strategiýasyny, inwestision-innowasion işlerini seljermek we strategiýasyny işläp düzmek degişlidir. Institutda demografiýanyň problemalaryny öwrenýärler, ilatyň iş bilen üpjünçiligi, ykdysadyýetiň hususy sektorynyň ösdürilmegi, döwlet eýeçiligini dolandyrmagyň formalarynyň we usullarynyň kämilleşdirilmegi ýaly meseleler bilen meşgullanýarlar, ýurduň sebitlerini ösdürmekligiň milli maksatnamalaryny işläp düzmek boýunça işler alnyp barylýar.

Institutda alnyp barylýan ylmy işleriň ugurlary

Institut tarapyndan alnyp barylýan ylmy gözlegleriň içinde makroykdysadyýetiň seljermesi, ýurduň ykdysady taýdan ösüşiniň çaklamasy, senagat, oba hojalyk, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň ösüş strategiýasyny işläp düzmek we seljermek, gurluşyk toplumyny, durmuşy ugurlaryny, maýa goýum we innowasiýa işlerini ösdürilmegi ýaly işler aýratyn möhüm orun eýeleýär.

Institut demografiýa bilen baglanyşykly, ilatyň iş bilen üpjünçiligi, ykdysadyýetiň hususy sektorynyň ösdürilmegi ýaly wajyp meseleri öwrenmek we döwlet eýeçiligini dolandyrmagyň çemeleşmelerini we usulýetlerini kämilleşdirmek boýunça iş geçirýär.

Salgysy

Tel.: 35-38-13, Fax: 35-50-79, 39-55-76

Türkmenistanyň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş instituty Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen 2007-nji ýylyň Oktýabr aýynyň 11-ne döredildi.

One Response

  1. […] Türkmenistanyň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady… […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: