Putin “Halka görelde bolmak üçin çilimi taşlañ” diýip çagyryş berdi
Russiýanyñ Premýer ministr Wladimir Putin ministrlerinden çilimi taşlamaklaryny isledi.
Russiýada her 3 adamdan biri çilim çekýär.
Putin halka görelde bolmaklary üçin ministrlerinden çilimi taşlamagyny isledi.
Wladimir Putin Ministrler kabinetiniñ ýygnagynda Saglygy goraýyş ministriniñ ýurtda 43 million adamyñ çilim çekýändigi barada beren beýanatyndan soñ, ministrlerine “Halka görelde bolmak üçin çilimi taşlañ” diýip çagyryş berdi.
Russiýada hökümet tarapyndan kabul edilen tüssesiz howa giñişligi baradaky meýilnama, 2012-nji ýyla çenli tapgyrlaýyn ýagdaýda çilim bilen baglanşykly reklamalaryñ gadagan edilmegini göz öñünde tutýar.
referans: www.trtturkmen.com
Filed under: Bütin Temalar, Habarlar













Maşk etmegi endik ediniň!
Hemişe sagdyn bolmagymyz üçin has köpräk hereket etmegimiz zerurdyr. Beýle edilmegi bedenimizdäki dürli artykmaç ýaglaryň azalmagyna hem keseliň bizden daşlaşmagyna oňyn täsir edýär.
Bu ýagdaý süýjikeseli bolan adamlar üçin hem peýdalydyr. Alymlar birinji derejeli süýjikesellileriň, esasanam, çydamlylygy we kuwwatlylygy artdyrýan maşklary etmegini maslahat berýärler. Beýle edilmegi keseliň iň aşaky derejä düşmegine, maşkyň peýdasynyň iň ýokary derejä çykmagyna ýardam berýär.
Amerikanyň “Lukmançylyk üpjünçiligi” žurnalynda çap edilen habara görä, maşklaryň agzap geçen iki görnüşimiz birwagtda edilmelidir. Hepdede azyndan 3-4 gün maşk edilmelidir hem-de 40-45 minut ýöremek-de muňa degişlidir.
http://www.zamantm.com/tm/newsDetail_getNewsById.action?newsId=54511
SAÝAWANLARYŇ REŇKI NÄME ÜÇIN GARA?!
Gerçek Haýtyýew
Saýawanlary ilkinji bolup 3400 ýyl mundan öň Mezopotamýada bir mertebäniň, bir derejäniň alamaty hökmünde ulanypdyrlar. Bu saýawanlary Mezopotamýalylar ýagyşdan däl-de, ýakyp barýan günden goranmak üçin ulanypdyrlar.
Saýawanlar ýüzýyllar boýy diňe günden goranmak üçin ulanyldy. Häzirki wagtda hem Afrikanyň käbir taýpalarynda serdarlarynyň arkasynda ýöreýän saýawançysyny görmek bolýar. Aslynda, iňlis dilinde saýawan manysyny berýän “umbrella” sözi, latyn dilinde kölege manysyny berýän “umbra” sözünden gelip çykypdyr.
Biziň eramyzdan öňki 1200-nji ýyllarda müsürlilerde saýawan biraz dini ugra gönükdirilipdir. Asmanyň Taňrynyň bedeninden gelip çykandygyna, dünýäni bolsa bir saýawanyň goraýandygyna ynanýardylar. Saýawan olarda uly mertebä eýe bolupdyr.
Rimliler saýawan medeniýetini müsürlilerden alypdyrlar. Ýöne ony diňe aýal maşgalanyň nyşanasy hökmünde ulanypdyrlar. Erkekler saýawan ulanmandyrlar. Ýagly kagyzdan ýasalan saýawanlaryň ýagyş geçirmeýändigini öwrenenlerinde, soň bu saýawanlar aýallar tarapyndan ýagşa garşy ulanylmaga başlanypdyr. Mundan soň ýagyşly günlerde, üsti açyk teatrlarda aýallar saýawanyň aşagynda arkaýyn oturan wagtlary, erkekler öl-myžžyk bolup oturypdyrlar.
Ýewropada saýawanlary 1700-nji ýyllarda ulanmaga başlapdyrlar. Bu ýyllarda saýawan hökmünde üsti ýagly matany ulanypdyrlar. Ýag matadan suw geçirmeýär we oňa gara reňk berýär eken. Gara reňkli bu saýawanlar erkekler tarapyndan gowy görlüpdir. Güne garşy ulanylýan ak reňkli saýawanlar bolsa aýallar tarapyndan gowy garşylanypdyr. Şeýlelikde, gara reňke erkeklerde erkeklik nyşanasy hökmünde garalypdyr.
Hakykatdanam, ýag bilen garyşdyrylan gara reňkli saýawanlar ýagyş geçirmeýärler, ýöne ulanyş möhletleri hem uzak bolmaýar. Wagtyň geçmegi bilen has gowy, çydamly saýawanlar döredilipdir, ýöne gara reňk suw geçirmeýändir öýdülip, ulanylmagy dowam etdirilipdir. Häzirki wagtda erkekler gara reňkdäki saýawanlary götermegi makul bilýärler, aýallar bolsa dürli reňkdäki saýawanlary ulanýarlar.
Gerçek Haýtyýew, HTTU-nyň talyby.
http://www.zamantm.com/tm/newsDetail_getNewsById.action?newsId=54478
Inçekesel – milli howp!
Penşenbe güni Bütindünýä saglyk guramasy dünýäniň inçekesel epidemiýasy barada 2010-njy ýyl boýunça hasabatyny ýaýratdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň žurnalisti Merdan Saryýew Bütindünýä saglyk guramasynyň Ýewropadaky ýerli edarasynyň wekili, doktor Riçard Zaleskis bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Jenap Zaleskis, Bütindünýä saglyk guramasy dünýäde inçekeseliň ýaýraýşy barada 2010-njy ýyl boýunça nobatdaky hasabatyny ýaýratdy. Şu hasabatda Türkmenistan barada näme diýilýär?
R.Zaleskis: Türkmenistan barada aýdylanda, Türkmenistanyň halkara guramalar bilen, şol sanda Bütindünýä saglyk guramasynyň Türkmenistandaky edarasy bilen gatnaşyk edýändigi begendirýär. Umuman aýdylanda, inçekesel Türkmenistanda ösen. Ýöne, gynansak-da, onuň derejesi we ýagdaýy bilen bagly bizde ýeterlik maglumat ýok.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanda AIDS ýok. Bu bolsa öz gezeginde soraglary döredýär… Bütindünýä saglyk guramasynyň Ýewropadaky edarasy inçekesele gözegçilik etmek programmasynyň maglumatlaryna esaslanyp, bu hasabaty taýýarlady.
Inçekeseliň öňüni almak boýunça hökümetiň öz işlerini gowy gurnandygyny, bu ugurda işleýänleriň biliminiň ösendigini we olaryň ministrligiň tabşyryklaryny birkemsiz ýerine ýetirýändigini gazanylan üstünlikler hökmünde getirmek bolar. Ýöne şol tabşyryklaryň biraz könelişen bolmagy we hökümetiň inçekesele garşy göreşmek üçin edýän tagallalarynyň ählisiniň Bütindünýä saglyk guramasynyň maslahatlaryna laýyk gelmezligi ahmal.
Biz Türkmenistanyň saglygy saklaýyş we derman senagaty ministri bilen duşuşdyk we oňa öz tapan kemçiliklerimiz barada aýtdyk. Ol biziň beren ähli maslahatymyzy hoşallyk bilen kabul etdi. Häzirki wagtda saglygy saklaýyş we derman senagaty ministri bu maslahatlar esasynda inçekesele gözegçiligi artdyrmak ugrunda alada edýär.
Azatlyk Radiosy: Jenap Zaleskis, siziň beren şol maslahatlaryňyz nämelerden ybarat?
R.Zaleskis: Birinjiden, Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň öz tabşyryklaryny Bütindünýä saglyk guramasynyň inçekesele garşy göreşmek direktiwasyna esaslanyp, täzelemegini soradyk. Şol sanda inçekeseli tapmaga, onuň infeksiýasyna gözegçilik etmäge, laboratoriýa işlerine we gözegçilik sistemasyna ünsi çekdik. Sebäbi inçekeseliň ýaýramagy, esasanam ýurtda neşekeşligiň gerimi barada bizde ýeterlik maglumat ýok.
Mundan başga-da biz inçekesel bilen bagly gözegçiligiň talaba laýyk däldigini anykladyk. Şol sebäpli biz inçekeseliň ýaýramygynyň öňüni almak üçin Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň öz işlerini ösdürmegini maslahat berdik
Azatlyk Radiosy: Bize Türkmenistanyň raýatlaryndan we ýerli synçylardan gowuşýan maglumatlara görä, inçekesel esasanam türmelerede giň ýaýran. Berilýän maglumatlara görä, türmedäki inçekeselliler zerur medisina hyzmatyny alyp bilmeýärler. Siz bular barada näme aýdyp biljek?
R.Zaleskis: Bular barada ilkinji nobatda aýtjak zadym, “Hut şu mesele boýunça Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty we Adalat ministrlikleri köp iş edýärler” diýip, bize Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginde aýtdylar. Ýöne, gynansak-da, türmelerdäki ýagdaýlary öwrenmek üçin bize türmelere baryp görmäge rugsat berilmedi. Men olar barada hiç hili anyk maglumat aýdyp biljek däl.
Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, Türkmenistanda inçekeseliň öňüni almak üçin näme edilse, gowy bolardy?
R.Zaleskis: Bizde bu problema nädip çemeleşmelidigi barada kabul edilen ýörite normalar bar. Türkmenistan Ýewropa regionynda inçekeseliň derejesi boýunça uly howply 18 ýurduň arasyna girýär. Şol 18 ýurda esasan hem öňki sowet giňişligindäki döwletler girýär. Olaryň arasynda Türkmenistan hem bar. Şol ýurtlar Ýewropa regionyndaky inçekeseliň umumy möçberiniň 87%-ini emele getirýärler. Şol sebäpden biz inçekesel problemasyna sowetler döwründäki ýaly garaýşy bes edip, häzirki zamanyň talaplaryna laýyk iş alyp barmagy maslahat berýäris.
http://www.azathabar.com/content/article/2218842.html