Huşsuzlygyň öňüni alalyň
Türkiýäniň “Fatih” hassahanasynyň “Yaşama Sanatı” (Ýaşamak sungaty) žurnalynda çap edilen “Döwrümiziň meselesi: Huşsuzlyk” makalasynda professor Atilla Ilhan hem-de doktor Kebiret Gültop huşsuzlygyň öňüni almak üçin käbir maslahatlar berýärler:
•Bir sözi ýa-da biriniň ýüz keşbini ýatdan çykaran bolsaňyz ýadyňyza saljak boluň
•Krossworddyr-skanwordlary ýygy-ýygydan çözüň.
•Radio hem-de telewizorlarda berilýän habarlar barada pikir ýörediň.
•Daşary ýurt dilleriniň birine degişli söz ýat tutjak boluň.
•Töweregiňizdäki adamlar bilen gatnaşyp duruň.
•Wagtynda ýatyp-turuň, hem-de gowy iýmitleniň.
•Çilim çekmäň hem-de alkogolly içgileri içmäň.
•Köp jedel edilýän ýerlere barmaň.
•Ruhdan düşmäň, umytsyz bolmaň.
Zaman
Filed under: Bütin Temalar, Habarlar, Saglyk













Galmagal pikir etmäge nädip böwet bolýar?
Garaşylmadyk wagty orta çykýan sesiň du-rusyzlygy ýa-da beýleki ady bilen aýdanymyzda, galmagalyň, durmuşa ters täsir edýän wagtlary köp bolýar. Edilýän işleriň netijesiniň azalmagyna, özüňi iş etmäge taýýarlamakda kynçylyklaryň döremegine galmagal sebäp bolýar.
Şeýlelikde, pikir etmegimize hem bioňaý täsirini ýetirýär.
BBC Focus žurnalynyň habaryna görä, galmagal, öwrenmegiň hem, oňyn pikir etmegiň hem öňüni alýar. Bir nokatda jemlenen düşünjeler, köplenç, adamyň aňynda bir gezekde dürli beýanlary saklamagy ýa-da aňymyzdaky bir wakany göz öňümizde janlandyrmagy talap edýär.
Ýöne biz içki düşünjämiz bilen ikiçäk galanymyzda, daşardan gelýän sesleriň asyl çeşmesini, zerurlylygy taýdan tertibe goýup, şoňa görä hereket edýäris. Beýle ýagdaý çagalaryň yzygiderli aglaýan wagtlary hem-de has galmagally wagtlary peýdaly bolup biler. Emma öýde dynç alýan wagtymyz daşardan gelýän sesleriň getirýän peýdasy azdyr.
Zaman
Öýde uýadylan gatyk has peýdaly
Süýt önümlerinden bolan gatygy halamaýan ýok bolsa gerek. Emma munuň saglygyňyz üçinem uly ähmiýete eýedigini bilýäňizmy? Türkiýäniň Akdeniz uniwersitetiniň mugallymy professor, doktor Sema Akman süýt we gatygyň ähmiýeti barada gürrüň berdi.
Ol öý şertlerinde basyrylyp, uýadylan gatygyň birnäçe kesele, şol sanda düwnüge garşy goraýjy häsiýetiniň bardygyny habar berdi. Akman gatygy halamaýan çagalaryň gatyk içmeklerini gazanmaklary üçin şeker, toşap we beýleki süýji tagamlary goşmak ýaly ýollary hem gözlemekligi maslahat berýär.
Lukmançylyk uniwersitetiniň çaga saglygy kafedrasynyň mugallymy bolan Akman ösüp barýan çagalaryň gazly içgilerden daşda durmaklaryny, süýt we süýt önümlerinden has köp peýdalanmaklaryny maslahat berýär. Akman belogyň esasy çeşmesi bolan gatygyň çagalaryň ösmegi üçin ähmiýetlidigini aýdýar. Esasanam 7 ýaşyndan uly bolan çagalaryň günde iki bulgur gatyk içmelidiklerini maslahat beren Akman çagalaryň irden we agşam bir bulgur süýt içmelidigini aýdýar.
Şirin Haýydowa, HTTU-nyň talyby.
Zaman
ÇAGA ÜNSLI BOLMALYDYR
Ene-atalarymyzyň köpüsinde ýaňy mekdebe giden çagalary hakynda şeýleräk pikiri bar: “Oglumyz örän zehinli, ýöne näme üçindir üns ýetmezçiligi oňa päsgel berýär”. Ýa-da bolmasa: “Gyzymyzyň başarnygam bar ukybam. Diňe käwagtlar ol ünsüni bir ýere jemläp bilmeýär”.
Üns ýetmezçiligi adatça başlangyç synplarda ýüze çykýar we ep-esli ýyllap şahsyýetiň üstünligine päsgel berip bilýär. Alymlar çagalyk döwri peýda bolup başlaýan üns ýetmezçiliginiň öňi alynmasa, soňraky ýyllarda onuň bejergisiniň kynlaşýandygyny aýdýarlar.
Ene-atalarymyzyň köpüsinde ýaňy mekdebe giden çagalary hakynda şeýleräk pikiri bar: “Oglumyz örän zehinli, ýöne näme üçindir üns ýetmezçiligi oňa päsgel berýär”. Ýa-da bolmasa: “Gyzymyzyň başarnygam bar ukybam. Diňe käwagtlar ol ünsüni bir ýere jemläp bilmeýär”.
Aslynda mekdep ýaşyndan öňki ýyllarda çagalar şol bir gaýtalanýan zatlardan gysga wagtyň içinde ýadaýarlar. Soň-soňlar oýunjaklary hem çaganyň ýüregine düşüp başlaýar. Öý işini edýänleriň bolsa depderdir kitabyň başynda uzak oturasy gelenok. Şeýle çagalar suw içmek, daşary çykmak ýaly her hili bahanalar bilen ünsüni bölýär. Netijede üns ýetmezçiligi gitdigiçe artyp başlaýar. Bilermenler şeýle ýagdaýyň wagtynda kesgitlenilmelidigini öňe sürýärler. Olar ene-atalar bilen mugallymlaryň özara gatnaşykda bolmagyny maslahat berýärler.
Üns ýetmezçiligi bolan şahsyýetler adaty seslerden we hereketlerden birahat bolup, öz wezipelerini dolulygyna ýerine ýetirip bilmeýärler. Hünär synaglarynda (attestasiýalarda) çalt ýadap, ujypsyzja ýalňyş goýberip, pes baha alýarlar.
Peýdaly maslahatlar
- Çagaňyzy diňläň, ony ünsüni dargadýan zatlardan uzakda bolmagyny göz öňünde tutuň.
- Ünsi bolmadyk çagalar synpda mümkin boldugyça öňdäki ýerlerde otursyn.
- Mugallym we çaganyň maşgalasy käbir ýerlerde bilelikde hereket etsin.
- Çaganyň öý işi we bellik depderleriniň yzygiderliligine serediň.
- Çagaňyzyň ünsüni artdyrjak oýunlary oýnamagyny ýola goýuň.
- Çaga telewizoryň başynda uzak wagtlap oturmasyn.
- Onuň ýerine çaga matallarydyr tapmaçalary çözsün.
- Islendik işde çaga özüniň jogapkärçiligini bilsin.