“EMILY” – halas ediji robot
Deňizde ýa-da ummanda adamlary gark bolmak howpundan goramak üçin indi “EMILY” robotlary ulanylar.
Robot bolsa 1,2 metr uzynlygynda bolup, ol adamyň ýanyna baranda, adam oňa ýapyşyp, halas edijileriň hem-de lukmanlaryň gelmegine garaşyp biler.
http://www.popsci.com saýtyndaky habarda şeýle robotlaryň birnäçesiniň eýýämden Malibudaky Zuma plýažynyň käbir howply ýerlerinde ulanylyp başlanandygy, synaglaryň 25-nji dekabra çenli dowam etdiriljekdigi habar berilýär. Häzirki wagtda robotlar uzakdaky operator tarapyndan edara edilýär, ýöne alymlar öz maksatlarynyň robotlara operatora mätäç bolman işlemegi “öwretmekdigini” nygtaýarlar.
Robot suwa goýberilende, (kenardan, gämiden ýa-da dikuçardan) gidrolokasiýa datçikleri arkaly suwdaky bolup geçýän hereketleri gözläp başlaýar, eger-de hereket tapaýsa, ondaky ýörite kompýuter işe girişip, hereketiň adama degişlidigini ýa-da däldigini anyklaýar. Robot kömege mätäç adam tapanda, ýörite hereketlendirijisi arkaly sagatda 45 km. tizlik bilen şol ýere tarap hereket edip başlaýar. Robot adamynyň ýanyna baranda, özündäki kameralardan halas edijileri adamyny görkezýär, mikrofonlar hem-de ses çykaryjylar arkaly bolsa, halas edijiler halas edilýän bilen dowamly habarlaşyp, oňa maslahat berip bilýärler. Bilermenleriň aýtmagyna görä, halas edilýän adam halas edijiler bilen habarlaşyp bilse ol arkaýynrak bolýar.
Batareýaralar arkaly işleýän bu robotyň batareýalarynyň bir zarýady 130 km. töweregi ýol aşmagyna ýeterlikli bolýar. Roboty öndürýän ABŞ-nyň “Hydronalix” şereketiniň ýolbaşçysy Toni Milliganyň beren beýanatynda operatora mätäç bolman, doly awtonom bolan “EMILY” robotynyň biriniň bahasy 3.500 dollardygy bellenip geçildi. Elbetde, halas edijileriň tejribesiniň hem-de dürli howa şertlerinde işlemek ukybynyň yzyndan hiç bir robot ýetip bilmez. Ýöne “EMILY” ýaly robotlaryň halas edijileriň işlerinde uly kömek berjekdigi hem şübhesizdir.
Zaman
Filed under: Bütin Temalar, Bilim, Habarlar













Käbir derman ösümlikleriniň Türkmenistana introduksiýasy
Introduksiýa – bu belli bir tebigy şertlerde ösýän ösümlik görnüşiniň haýsy hem bolsa başga bir ýurda getirilmegidir. Biziň yurdumyza derman ösümliklerini getirmekligiň taryhy birnäçe asyr mundan öň başlandy. Oňa insiz ýaprakly senna ýa-da kassiýa, türkmençe ady – “senaýyl Mekke” mysal bolup biler. Ony Saud Arabystandan Türkmenistana getiripdirler. Muňa onuň türkmençe ady – Mekkeden gelen sena – şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda alymlar tarapyndan insiz ýaprakly sennany (Cassia angustifolia Vahl) biziň howa şertlerimizde ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasy işlenilip taýýarlanyldy. Bu beýikligi 1 metre çenli bolan birýyllyk ösümlik Tejen etrabynda ösdürilip ýetişdirilýär. Derman taýýarlamak maksatlary üçin ýapraklary we miweleri ulanylýar. Ösümligiň esasan ýogyn içegä näzik sürgi täsiri bar. Kassiýanyň ýapraklaryndan taýýarlanylan ekstrakt bagryň öt çykaryjy we zäherlenmä garşy işlerine oňyn täsir edýär. Häzirki döwürde bu gymmat bahaly çig mal bilen diňe bir biziň ýurdumyz däl-de, eýsem beýleki ýurtlar hem üpjün edilýär.
Ösümlikleriň käbir görnüşiniň gorlarynyň azalandygy sebäpli olary dikeltmek boýunça çäreler amala aşyrylýar. Senagat möçberinde lukmançylyk üçin gymmatly derman ösümlikleri ýetişdirilip başlandy.
Şu wagta çenli derman ösümlikleriniň çig maly esasan (50 görnüşe golaýy) Russiýadan we Ukrainadan getirilýärdi. Häzirki wagtda türkmen alymlary tarapyndan derman ösümlikleriniň 40 görnüşe golaýy ýabany ösümlik dünýäsinden medenileşdirildi we beýleki ýurtlardan getirildi. Olaryň köpüsiniň Türkmenistanyň şertlerinde ösdürilip ýetişdirilende uly hasyl berýändikleri subut edildi.
Dermanlyk çopantelpegi (Matricaria recutita L.) Türkmenistana getirildi we önümçilige ornaşdyryldy. Bu bir ýyllyk ot ösümligi. Derman taýýarlamak maksatlary üçin çopantelpegiň gül sebetleri peýdalanylýar. Biziň şertlerimizde ösümlik aprelden iýun aýy aralygynda gülleýär. Gül sebetlerinden demlenip taýýarlanan melhem gastritde, kolitde, bagryň, böwregiň, siýdik haltanyň kesellerinde, aýratynda çagalar tejribesinde garyn-içege ulgamynyň agyrlarynda ulanylýar. Häzirki wagtda bu çig mala bolan islegler doly kanagatlandyryldy.
Biziň durmuşymyza gowy ornaşan keseki ösümlikleriň ýene biri dermanlyk kalendula ýa-da dyrnaklyjadyr (Calendula officinalis L.). Ol Aşgabat şäheriniň we welaýat merkezleriniň seýilgählerinde, gazonlarynda bezeg ösümligi hökmünde peýdalanylýar, ol aýratyn hem güýz-gyş möwsüminde gyşda gülleýän ösümlik hökmünde ulanylýar. Derman ösümligi hökmünde bagryň, öt haltanyň kesellerinde, aşgazanyň we 12 barmak içegäniň baş keselinde, gastritde, spazmlarda ulanylýar, şeýle hem ol buşukdyryjy we gipotenziw serişdedir.
Biziň günlerimizde derman ösümlikleri bejeriş çäreleri ulgamynda aýratyn orun eýeleýärler. Olary bejeriş tejribesinde has ýygydan ulanylyp başlandy. Türkmenistanda derman ösümlikleriň gözlegi we medenileşdirilmegi dowam etdirilýär. Türkmen alymlarynyň öňünde öňki barlaglar tarapyndan ýüze çykarylan täze meseleler dur. Ösümlikleriň tebigy çig malynyň himiki, farmakologiki we kliniki barlaglaryna has giň üns bermek we derman ösümlikleriň ene-de köp görnüşlerini düýpli öwrenip tebigatyň gizlin syrlaryna aralaşmak häzirki döwürde üns berilmeli meselelerdir.
P.Keljäýew
TTGM ÇÖHDMI-niň
Aýrantyn goralýan tebigy
ýerler laboratoriýasynyň
esasy ylmy işgäri
Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi