BAHAR HUDAÝBERDIÝEWA
DÖWREBAP ŞYPAHANALAR
Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasyny berkarar eden Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp zamanamyzda ynsan saglygyny gorap saklamak dogrusyndaky işleri ýurdy dolandyrmakda alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň baş ugry bolup durýar.
Milli Liderimiziň çuňňur zehininden çykan “Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary”, “Türkmenistan-sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy”, ”Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly eserleri ajaýyp eýýamymyzda “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde edilen uly işleriň biridir.
Bu günki gün gözel ýurdumyzda mähriban Prezidentimiziň başlangyçlary bilen çagalar we ulular üçin gurulýan şypahanalardyr bejeriş-sagaldyş merkezleri we dynç alyş öýleri dünýä nusgalykdyr. Muňa mysal edip, naýbaşy hökmünde Hazar deňziniň ekologiki taýdan arassa kenarynda ýaýbaňlandyrylan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny görkezse bolar. Bütin dünýäniň jahankeşdeleridir syýahatçylarynyň ünsüni özünde jemleýän tylla garyndyly, melhem suwly Awaza bu gün bütin dünýäniň nazarynda.
Ykdysady we medisina ylymlarynyň doktory, professor, akademik Prezidentimiziň ýurdumyzyň at abraýyny belende götermek, hal-ýagdaýyny, saglygyny gowulandyrmak baradaky aladalary barha rowaçlyklara eýe bolýar. Muny soňky ýyllarda täze ulanmaga berlen we öňki bar bolan şypahanalaryň durky täzelenen merkezleriniň mysalynda hem aýdyň göz ýetirse bolýar.
Türkmen topragynda taryhy senesi ýüzýyllyklara uzaýan iň gadymy şypahana “Baýramaly” şypahanasydyr. Ýurdumyza Beýik Galkynyş zamanasynyň gelmegi bilen bu şypahananyň durky düýpgöter özgerdi. Şypahananyň durky täzelenen binalarynyň ikisi 3 gatly bolup, hersi 90 orunlyk, beýleki 2 binasy hem 2 gatly bolup, hersi 60 orunlykdyr. Şypahananyň jemi orun sany 800 adamlyk bolup, otaglarynda ýaşamak we dynç almak üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Şypahanada saglygyny dikeldýänler we dynç alýanlar üçin 200 orunlyk medeniýet öýi, 4 bölekden ybarat, her zaly 200 adama niýetlenen 800 orunlyk naharhana we 3 gatly sagaldyş merkezi ýerleşdirilendir.
“Arçman” şypahanasy hem özüniň taryhyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. 1951-nji ýylda açylan şypahana iki sany bäş gatly 500 orunlyk binadan ybarat bolup durýar. Geçen ýyl bolsa hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda “Arçman” şypahanasynda dört gatly 420 orunlyk täze bina açylyp, ulanylmaga berildi.
Şypahananyň täze binasy anyklaýyş , bejeriş we suw bilen bejeriş bölümlerinden ybaratdyr.
Baharly etrap merkezini etekläp oturan “Ýylysuw” şypahanasy hem birnäçe ýyllaryň dowamynda ynsan saglygyna peýda berijilik ähmiýeti bilen hyzmat edip gelýär. Geçen 2009-njy ýylda mähriban Prezidentimiziň mübärek gadamynyň düşmegi bilen “Ýylysuw” şypahanasynda 80 orunlyk, birbada 40 adama hyzmat edip bilýän täze bina açylyp ulanylmaga berildi. Bu şypahana aşgazan-içege, öt halta, bagyr, böwrek, biloňurga ýaly onlarça kesellerden ejir çekýänlere hyzmat edýär.
“Ýylysuw” şypahanasynyň täze binasy anyklaýyş, bejeriş we suw bilen bejeriş bölümlerinden ybaratdyr.
Ýurdumyzyň Balkan degresinde hereket edýän “Mollagara” şypahanasynyň taryhy hem asyrlaryň çuňluklaryna sary uzaýar. Täsin rowaýatlarda beýan edilişine görä, bir mahallar bir çopan adam ol ýeriniň tebigy suwlaryndan öz derdine em tapypdyr. Wagtyň geçmegi bilen ol ýer dürli dertlerden ejir çekýänleriň şypa tapýan mekanyna öwrülipdir. “Mollagara” bütin ýylyň dowamynda nerw we daýanç hereket ulgamynyň keselleri, guryagyry, ginekologik keseller, önelgesizlik, süňkleriň sowuklamasy ýaly kesellerden ejir çekýänlere hyzmat edýär. Şypahanada laý, duzly suw wannasy, palçyk we yşyk bilen bejeriş usullary hereket edýär. Şypahananyň bil-oňurga bölümi Merkezi Aziýada ýeke-täk bölüm hasap edilýär.
Türkmenabat şäheriniň golaýynda ýerleşýan “Farap” şypahanasy mineral suw ýatagy bolup, ol 1958-nji ýyldan bäri halkymyza hyzmat edip gelýär. Şypahananyň 3 sany guýusy bolup, olardan mineral suwlar 370 metre golaý çuňlukdan öz akymyna çykýar. Mähriban Prezidentimiz tarapyndan ýaňy-ýakynda uly dabara bilen açylan şypahananyň täze binasy 250 orunlyk bolup, ol 3 gatdan ybaratdyr. Binada anyklaýyş, bejeriş we suw bilen bejeriş bölümleri hereket edýär.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda ynsan saglygy üçin alnyp barylýan işler dowamata ýar bolýar. Bu işleriň hemmesi “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasatyň durmuşa geçýänliginiň aýnasydyr.
zaman
Filed under: Bütin Temalar, Habarlar, Saglyk













Milli goranmak uniwersitetiniň professory Rojer Kangas Türkmensitana sapar edýär
Aşgabat, 2010-njy ýylyň 03-nji sentýabry – Dr. Rojer Kangas, ABŞ-nyň Milli goranmak uniwersitetiniň Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa babatdaky strategik okuwlar merkeziniň professory, Türkmenistanda 2010-njy ýylyň awgust aýynyň 31-inden sentýabr aýynyň 10-y aralygynda saparda bolýar. Saparynyň dowamynda Dr. Kangas ABŞ-nyň daşary syýasaty barasynda birnäçe leksiýalary we duşuşyklary geçirer. Ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Demokratiýa we adam hukuklary institutda, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginde kabul ediler.
Dr. Kangas Merkezi Aziýa meseleleri boýunça dünýä meşhur hünärmendir. Soňky 15 ýylyň dowamynda ol NATO, ABŞ-nyň Howa güýçleriniň ýörite operasiýalar boýunça mekdebine, Milli demokratik institutyna, Halkara gözleg we halyş-çalyşlar boýunça geňeşine, Amerikanyň geňeşligine, Bilim ösdürmek boýunça akademiýa, ABŞ-nyň maglumat agentligine, ÝUSAID-e we ABŞ-nyň beýleki gulluklaryna Merkezi we Günorta Aziýa, Russiýa Feredasiýasy we Günorta Kawkaz meseleri boýunça maslahatçy bolup işledi. Şeýle hem, ol Jorjtaun uniwersitetiniň myhman professorydyr.
US Embassy in Turkmenistan