Muhammetgurban ORAZOW, ekožurnalist.
REPETEK — OÜNÝÄ DEREJESINDÄKIGÖZELLIK
Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Gündogar Garagumuň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezjpesine Garagumuň çägeli çölüniň aýratyn, ÖTjboluşly iiýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da, demir ýol duralgalarynyň, säginelgeleriň we öri meýdanlaryndaky guýularyň töwereklerini gök-bagçylyga öwürmäge uly iins berüýär.
Repetek goraghanasy Gündogar Garagumuň merkezi böleginde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinden 70 kilometr günortada, Amyderýa bilen Garagum derýalarynyň aralygynda, Repetek demir ýol stansiýasynyň ýanynda ýerleşýär. Goraghananyň meýdany 34 600 gektara deňdir.
Goraghana döredilmezden ozal bu ýerde Repetek çäge-çöl stansiýasy işleýärdi. Onuň düýbi 1912-nji ýylda belli geograf we syýahatçy P. P. Semýonow-Týan-Şanskiniň işjeň gatnaşmagynda tutulypdy. Merkezi Aziýanyň çöllerini öwrenmek ylmynyň düýbüni tutujy W.A.Dubýanskiý ylmy stansiýanyň açylmagyna ýakyndan kömek eden guramaçydyr we onuň ilkinji direktorydyr (1912-nji ýyldan tä 1928-nji ýyla çenli).
Ylmy stansiýa goraghana bilen bilelikde 1998-nji ýyla çenli işledi. Stansiýa ýapylandan soň goraghana Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyndan Tebigaty goramak ministrligine degişli edildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hasabynda goraghana jemi 1941-nji ýyldan, şol sanda 1962-nji ýyldan dünýä belli Çöller institutynyň (häzirki wagtda Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty) bölümleriniň hasabynda boldy.
1979-njy ýylda Repetek goraghanasy halkara biosfera goraghanalarynyň hataryna goşuldy. Bu goralýan ýeriň serti, dünýä ekologiýa ulgamlarynyň esasy tipi bolup durýar. Şonuň üçin ol nesilleriň bähbidi üçin tebigaty gorap saklamak we ylmy gözlegleri geçirmek üçin gerekdir.
Soňky maglumatlara görä, Repetek goraghanasynda oňurgasyzlaryň 1343 görnüşi we
kiçi görnüşi hasaba alyndy. Repetegiň mör-möjekleriniň 7 görnüşi 1999-njy ýylda çapdan çykan Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Olara buýnuzganat empuziýa, hinçi murtlak çekirtge, Pawlowskiniň murtlak çekirtgesi, Uwarowyň çölçüsi, Sumakowyň çekirtgesi, wužžyldawuk antia tomzagy we türkmen burunlak tomzagy degişli.
Oňurgaly haýwanlaryň arasynda ýerde-suwda ýaşaýanlarynyň 1 görnüşi, süýrenjileriň 22 görnüşi bar, olaryň 2 görnüşi-zemzen we kepjebaş Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Kepjebaş Tebigaty Goramagyň Halkara Bileleşiginiň (TGHB) Gyzyl kitabyna | hem girizilendir.
Repetek goraghanasynyň guşlarynyň 202 görnüşinden 13 görnüşi (oturymly, höwürtgeleýän, gyşlaýan, uçup geçýän, göçüp-gidip ýören guşlardan) Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Olara bürgüt we çöl serçesi, ýylançy gyrgy, gajar we togdary, gyzgylt gotan, buýraly gotan, adaty syçançy, garaguş, ütelgi,sähra güwenegi, gyzylguş bezilltigi, hüwi degişlidir. Gajar, buýraly gotan, garaguş we sähra güwenegi TGHB-niň Gyzyl kitabyna girizildi. Goraghananyň süýdemdirijiler faunasy 29 görnüşi öz içine alýar we olardan 3 görnüşi—garagulak, keýik we oklykirpi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.
Goraghanada kömelekleriň 197 görnüşi we kiçi görnüşi, toprak suwotularynyň 68 görnüşi, epifit lişaýnikleriň 4 görnüşi, baldagy ýaprakly mohlaryň 4 görnüşi, açyk tohumlylardan gnetopsidleriň 1 görnüşi we gülli ösümlikleriň hem 120 görnüşi bellidir.
Repetek çäge-çöl ylmy stansiýasynda we Repetek goraghanasynda uly ylmy-barlag işleri geçirildi. Ylmy barlaglaryň esasy netijeleri çap edilen 1000-den gowrak ylmy makalalarda, işlerde, ýygyndylarda we monografiýalarda öz beýanyny tapdy.
Düiii döwürde tebigy ösüşinde amatsyz ýagdaýyň döremegine garamazdan, Repetek goraghanasynda Gündogar Garagumuň ajaýyp garaojartokaýlary, sebitiň biologik dürlüliginiň esasy merkezi kanagatlanarly ýagdaýda goralyp saklanylýar.
Uly çäge ulgamlary, tümmek we aklaň çägeleri garaojarly jülge görnüşli peslikler bilen bilelikde ýeke-täk gorag ýygyndysyny-köp bolmadyk (30-a golaý wekil) keýigiň (jereniň) durnukly populýasiýasyny, seýrek guşlar bolan bürgüdiň, ýylançy gyrgynyň we çöl serçesiniň ýaşaýan ýerini emele getirýärler. Seýrek guşlaryň birnäçe görnüşi üçin goraghananyň ýerleri wagtlaýynça düşelge bolup hyzmat edýär. Repetek goraghanasynda seýrek mör-möjekleriň hem uly topary ýaşaýar. Bu ýer türkmen burunlak tomzagynyň ýeke-täk ýaşaýan ýeridir. Şeýlelikde, Repetek türkmen topragynda dünýä gözelliginiň bir ülüşi bolup saklanyp galypdyr.
Ylym we tehnika baradaky geňeşi
Filed under: Bütin Temalar, Bilim, Durmyş, Habarlar













Türkmenistan–bilimleriň we saglygyň ýurdy
1-nji sentýabrda täze okuw ýylynyň birinji gününde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň açylyş dabarasy boldy. Şeýle hem täze ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesi we Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň binalar toplumy ulanylmaga berildi.
Şol gün biziň ýurdumyz däp boýunça şanly baýramçylygy—Bilimler we talyp ýaşlar gününi belläp geçdi. Baýramçylyk dabaralaryna milli bilim ulgamyny düýpli özgertmegiň başyny başlan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
… Ir säherden başlap paýtagtymyzyň Arçabil şaýolunyň ugrunda hakyky uly baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Şol ýerde ak mermere örtülen, altyn witražlar bilen bezelen Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň toplumy guruldy. Ol şäheriň günorta böleginde emele gelýän ajaýyp binagärlik ansamblyna sazlaşykly goşulyp, türkmen topragynda täze Galkynyş eýýamynda bolup geçýän möhüm özgertmeleriň el bilen döredilen simwolyna öwrülen Aşgabadyň hakyky bezegi boldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda döredildi, ol ýapylan Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň hukuk oruntutary bolup durýar. Milletiň Lideriniň bu çözgüdi biziň ýurdumyzda bilimi we ylmy ösdürmäge, hünärli kadrlary taýýarlamaga we şunuň bilen birlikde häzirki wagtda hil taýdan täze sepgitlere çykan ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge we döwrebaplaşdyrmaga ägirt uly üns berilýändiginiň subutnamasydyr. Paýtagtymyzyň günortasynda Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde gurlan, dünýä standartlarynyň derejesinde iň täze enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň birnäçesi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Indiden beýläk bu özboluşly lukmançylyk şäherçesiniň toplumyna ýokary derejesi öz adyndan belli bolan täze ýokary okuw mekdebi goşuldy.
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine «Saglyk» milli maksatnamasyny durmuşa geçirmekde we ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda möhüm orun degişlidir. Ýokary okuw mekdebinde fakultetleriň 5-si–kesel bejeriş, pediatriýa, keselleriň öňüni alyş, stomatologiýa we farmaseftika fakultetleri, 43 sany kafedra, diplomdan soňky bilim bölümi işleýär.
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti dabara gatnaşyjylary we onuň myhmanlaryny baýramçylyk lybasynda garşylaýar. Uniwersitetiň öňündäki giň meýdançany özboluşly suw çüwdürimleri bezeýär. Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar, şeýle hem milli parlamentiň deputatlary, Umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri baş binanyň merkezi girelgesiniň öňüne ýygnandylar.
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentini mähirli we tüýs ýürekden garşylaýarlar. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanyna gül desselerini gowşurýarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň girelgesiniň öňünde oturdylan münbere geçýär. Milletiň Lideri bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, hemmeleri şu gün bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň dabaraly açylyşy bilen gutlady. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, bu okuw mekdebiniň açylmagy Garaşsyz Watanymyzyň milli senenamasyna altyn harplar bilen ýazylar, onuň binalar toplumy bolsa günsaýyn gözelleşýän Aşgabady ýene-de has bezär.
Batly gadamlar bilen öňe barýan eziz Diýarymyzy bilimler ýurdy hökmünde dünýä derejesine çykarmak, döwrebap bilim edaralaryny, okuw mekdeplerini döretmek hem-de ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly täze nesli kemala getirmek häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi.
Dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän, ýokary binagärlik derejesinde gurlan üç müň talyp bilim aljak bu Lukmançylyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň ulanmaga berilmegi ýokary bilim ulgamynda, şol sanda saglygy goraýyş babatda düýpli özgertmeleriň üstünlikli dowam etmeginiň aýdyň mysallarynyň biridir diýip, milletiň Lideri aýtdy. Ýokary okuw mekdebiniň okuw otaglary dünýä belli kompaniýalar tarapyndan öndürilen häzirki zaman enjamlary, okatmagyň interaktiw we multimediýa enjamlary bilen üpjün edilendir. Fiziologiýa we biologiýa okuw binalary, ylmy-barlag merkezi we diplomdan soňky bilim bölümi, «Galkynyş» merkezi, taryh muzeýi, baý kitaphanasy, umumyýaşaýyş jaýlary, mejlisler we sport zallary topluma girýär. Mahlasy, bu ýokary okuw mekdebinde ýokary hünärli lukmanlary, dermançylyk ugrundan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli şertler bar.
Ýokary okuw mekdebinde lukmançylyk hünäriniň keseliň öňüni alyş we bejeriş, pediatriýa, stomatologiýa hem-de farmaseftika ýaly esasy bäş ugry boýunça okadylar. Bu ýerde esasy ylym-bilim merkezleriniň biri hökmünde ýurdumyzyň saglygy goraýşy üçin zerur bolan hünärmenler taýýarlanylar. Uniwersitetde milletimiziň saglygyny goramak ugrunda jany-teni bilen halal zähmet çekýän, öz kärini ýürekden söýýän lukmanlar taýýarlanylmalydyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.
Döwlet Baştutany talyplara ýüzlenip, siz geljekde Lukman hekimiň pent-öwütlerini doly berjaý edýän, lukmançylyk kasamyna wepaly, kalby ak halat deýin päkize, ökde hünärmenler hökmünde öz alyp barýan jogapkärli işiňizde ýokary netijeler gazanyp, özüňizi görkezmelisiňiz diýip belledi.
Lukmançylyk uniwersitetiniň häzirki talyplarynyň—geljekki hünärli lukmanlaryň öňünde saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça döwlet derejesinde ähmiýetli ileri tutulýan wezipeleri çözmek wezipesi durýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam etdirdi. Hut olar geçmişde lukmançylyk ylmynyň düýbüni tutup giden Abu Ali ibn Sina, Seýit Ysmaýyl Gürgenli, Muhammet Gaýmaz Türkmen we beýlekiler ýaly milli lukmançylygymyzyň däplerini dowam etdirijiler bolmalydyrlar.
Bu ýere ýygnananlary ýokary mekdebiň binalar toplumynyň dabaraly açylyşyna gatnaşmaga çagyryp, şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň düzümine girýän beýleki möhüm desgalaryň—Merkezi deri-wenerologiýa hassahanasynyň, Inçekeseli bejeriş we öňüni alyş merkeziniň, Milli AIDS-niň öňüni alyş merkeziniň, Ýokanç keselleri bejeriş-öňüni alyş merkeziniň, Gan merkeziniň, Merkezleşdirilen barlaghananyň ulanylmaga beriljekdigini belledi. Bu häzirki zaman lukmançylyk edaralarynyň işe girizilmegi milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge ýardam eder.
Milletiň Lideri Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň açylmagy we şu gün dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen bu ýere ýygnananlary ýene-de bir gezek mähirli gutlap, hemmelere berk jan saglyk, bagt we abadançylyk arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşyny tamamlap, ýokary okuw mekdebiniň professorlaryna we mugallymlaryna ylymda, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda täze belent sepgitleri gazanmakda üstünlikleri, talyplara bolsa ak ýürekli okamagy, bu hünäriň ähli syrlaryny özleşdirmegi, Watanymyza we halkymyza ak ýürekden hyzmat etmegi arzuw etdi.
Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär—Türkmenistanyň Prezidenti ýokary okuw mekdebiniň merkezi girelgesine barýar we dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda simwoliki lentany kesýär. Döwlet Baştutany binanyň ajaýyp holuna girýär we uniwersitetiň mejlisler zalynyň öňünde ýerleşen Maglumatlar nokadyna tarap ugraýar hem-de onuň işi bilen tanyşýar. Maglumatlar nokady ýokary okuw mekdebi we onuň infrastrukturasy hakynda islendik maglumatlary almaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, ýokary okuw mekdebiniň baş binasynda rektorat we dekanatlar, edara ediş-hojalyk müdirligi, internatura, aspirantura we kliniki ordinatura, okuw, okuw-usulyýet we ylmy bölümler, halkara gatnaşyklary bölümi ýerleşýär. Bu ýerde kiçi çaphana, muzeý, «Galkynyş» merkezi, kiçi we uly mejlisler zallary, kafeteriý we beýleki jaýlar hem bar.
Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň öz muzeýi hem bar, şol ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň lukmançylyk ulgamynda geçiren işlerini jemleýän özboluşly arhiw gaznasy döredilipdir. Şonda milletiň Lideriniň talyplyk ýyllaryna degişli bolan resminamalar, döwlet Baştutanynyň ýazan ylmy, şeýle hem kurs we diplom işleri ýygnalypdyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň okan ýyllarynda ýazan ylmy referantlary hem muzeýde görnükli orny eýeleýär.
Şu ýerde milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň mynasyp bolan Hormat hatlary, halkara derejesindäki diplomlary, alymlyk derejesine güwä geçýän resminamalar, döwlet Baştutanyna gowşurylan dürli Hormat nyşanlary ýerleşdirilipdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary okuw mekdebiniň baş binasyna gaýdyp gelip, mejlisler zalyna geçýär. Şol ýerde dabara gatnaşyjylar — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň başlygy, ylmy işgärler, ýokary mekdebiň mugallymlary we talyplary ýygnandylar.
Bu ýerde milletiň Lideri Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ilkinji alymlar geňeşini geçirdi.
Dabara gatnaşyjylar, ýokary okuw mekdebiniň talyplary we mugallymlary bilen mähirli hoşlaşyp we hemmeleri şanly waka bilen ýene bir gezek gutlap, milletiň Lideri açylmaga taýýar edilen beýleki desgalara-saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin gurlan ýokary amatlykly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan belent ýaşaýyş jaýlaryna tarap ugrady.
Türkmenistanyň Prezidenti täze jaýy gözden geçirmek bilen öýleriň birinde boldy. Bagtyýar öý eýeleri döwlet Baştutanyny ägirt uly şatlyk bilen garşyladylar. Milletiň Lideri ýaşaýjylary jaý toýy bilen mähirli gutlap, olara maşgala abadançylygyny, bagty we ylalaşykly ýaşamagy arzuw etdi.
Dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, döwlet Baştutany öz awtomobiline mündi we şu gün açylmagy meýilleşdirilýän—Aşgabatda gurlan Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň binalar toplumyna baryp gördi.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýokanç keselleri merkezleriniň müdiriýetiniň esasy girelgesine barýar we dabaraly ýagdaýda simwoliki lentany kesip, Ýewropanyň esasy önüm öndürijilerinden getirilen iň täze lukmançylyk tehnikasy bilen üpjün edilen häzirki zaman merkezleriň 6-syny özünde jemleýän täze toplumyň binalary bilen tanyşdy.
Müdiriýetiň düzümine ýokanç kesellerini bejeriş we öňüni alyş merkezi, inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkezi, merkezi deri-wenerologiýa hassahanasy, merkezleşdirilen barlaghana, gan merkezi, SPID-iň öňüni alyş milli merkezi girýär.
Döwlet Baştutany keselleri anyklaýyş bölüminde täze özboluşly abzal bolan fibroskanyň işi bilen tanyşýar. Bagryň keselini anyklamak üçin Fransiýada öndürilen bu abzal Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek hödürlenýär. Mundan başga hem merkez müşderileriň howpsuz şertlerini üpjün etmek üçin zerur tehnika bilen enjamlaşdyrylypdyr. Ýokanç keselli näsaglar üçin izolýatorlar hem göz öňünde tutulandyr, şol näsaglaryň ýanyna gelýänler bolsa olar bilen domofon aragatnaşygy arkaly habarlaşyp bilerler.
Türkmenistanyň Prezidenti gözden geçirmegi tamamlap, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrýar. Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň işgärleriniň, türkmen saglygy goraýşynyň ähli işgärleriniň adyndan milletiň Liderine ýadygärlik sowgady gowşurylýar.
Döwlet Baştutany dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, täze lukmançylyk toplumynyň ähli işgärlerine üstünlikli işlemegi ýene-de bir gezek arzuw etdi.
Agşam Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi.
(TDH).
Zaman