Ýalňyzlyk aşa semizlikden has howply, çilimiň derejesinde zyýanly
Günbatar ýurtlarynda giňden ýaýran ýalňyzlygyň adam saglygy üçin aşa semizlikden has howply hem-de çilim çekmek ýaly zyýan berijidigi ýüze çykaryldy. Ýagny ýakyn dogan-garyndaşlary hem-de gowy dostlary bolan adamlar has uzak ýaşaýarlar.
ABŞ-da 7,5 ýylyň dowamynda geçirilen gözlege (ortaça ýaşlary 64 bolan jemi 300 müň adam gatnaşdy) degişli maglumatlaryň üstünde işlän ABŞ-nyň Brigham Ýong uniwersitetiniň alymlary täsin zatlaryň üstüni açdylar. Mysal üçin, dost-ýarlary, garyndaşlary hem-de dowamly gatnaşýan adamlary bolmadyk adamlaryň saglyk taýdan bu ýagdaýdan çekýän zyýanlarynyň çilim çekýänleriňkiden az däldigi aýdyň görüldi. Üstesinede bu zyýan hereketsizligiň hem-de aşa semizligiň zyýanyndan hem has köpdügi anyklandy. Alymlaryň kesgitlemesi bolsa örän sada: başga adamlar bilen gatnaşygy bolanlar has uzak hem-de has saglykly ýaşaýarlar!
Özüni ýalňyz duýýan çagalaryň sany köpelýär
Germaniýanyň Federal Statistika Guramasynyň “Mikrozensus 2009” hasabatynda Germaniýadaky her bäş maşgalynyň birinde ýa enäniň ýa-da atanyň ýokdugy bellenilip, bu maşgalalarda aglaba bir çaganyň bardygy nygtalýar. Şeýlelikde, çagasyny eklemek üçin işleýän enäniň ýa-da atanyň öýünde köp wagt geçirmäge mümkinçiligi bolmanlygy sebäpli çaga özüni ýalňyz duýup başlaýar. Hasabatda çagalary ýalňyzlykdan halas etmek üçin bolsa tizden-tiz çäre tapylmagynyň örän wajypdygy aýratyn bellenilip geçilýär.
Ýalňyz adam has köp üşeýär
Kanadaly alymlar bolsa ýalňyz adamlarda psihologiýa taýdan hem örän oňaýsyz ýagdaýlaryň görülýändigini nygtaýarlar. Mysal üçin, özleriniň geçiren gözleglerinde ýalňyz adamlaryň has üşek bolýandygy, öz otaglaryny has sowuk duýýandyklary görülendigini aýdýarlar. Çikago uniwersitetiniň alymlary bolsa özüňi ýalňyz duýmagyň örän oňaýsyz netijeleriniň bolup biljekdigini nygtap, bularyň arasynda ýürek keselleri, immun ulgamynyň ejizlemegi, uky kynçylygy, alkogola hem-de çilime has meýilli bolmak ýagdaýlarynyň bardygyny aýdýarlar.
Netije
Ýeri gelende aýtsak, “Ýekelik Hudaýa ýagşy” diýen öňkilerimiz hem bu ýagdaýyň nä derejede wajypdygyny belläp geçipdirler. Döwrümizde bolsa psihologlar atalarymyzyň sözüni ajazyk döwrebaplaşdyryp “adam sosial jandar” diýýärler.
Zaman
Filed under: Bütin Temalar, Bilim, Durmyş, Habarlar













Ýurduň ady: Litwa
Ýerleşýän ýeri: Ýewropa
Paýtagty: Wilnýus
Meýdany: 65 müň 200 km 2
Ilaty: 3 milýon 341 müňden gowrak
Dili: Litwan dili
Ykdysatyýeti: Kişi başyna düşýän ýyllyk girdeji boýunça Litwany sebitde öňde barýan döwletleriň hataryna goşup bolar. Ýöne ekonmikasy ösen ýurtlaryňka görä pesräk.
Näme üçin bu döwletde okuw?:
Bu ýurt bilen öňki SSSR-iň düzüminde ‘doganlyk’ respublikalardyk. Onuň üçinem belki käbir kişileriň tanyşlary bu ýurtda ýaşaýan bolup biler.
Rus dilinde käbir uniwersitetlerde okama mümkinçiligi.
Az hem bolsa käbir ugurlary iňlis dilinde okama mümkinçiligi. Mysal üçin Vytautas Magnus uniwersiteti.
Haýsy ugurlarda okamak amatly:
1.Tehnologiýanyň käbir ugurlary: Informatika
2.Medisina
Ýokary okuw derejeleri:
Uniwersitet (Bakalawr) derejesi: 3-4 ýyl
Masterlik derejesi: 1-2 ýyl
Doktorlyk derejesi: 3-4 ýyl
Okuw jaýlary barada: Okuw ýyly sentýabrdan başlap iýunyň soňuna çenli dowam edýär. Okuw jaýlarynda semestrlik okuw ulgamy ulanylýar. Gyş semestri Sentýabryň 1-inden Ýanwaryň soňuna çenli dowam edýär. Ikinji semestr hem Fewralyň başyndan Iýunyň soňuna çenli dowam edýär.
Ýokary okuw jaýlaryna gerek bolan dokumentler: Gerek bolan dokumentler beýleki ýurtlaryňky (seret AngliýaŞwesiýa) ýaly. We her uniwersitet tapawutly dokument isläp biler. Mysal üçin Wilnýus uniwersitetine ady agzalan dokumentlerden başga-da şu dokumenti doldurmak hem gerek.
Okuw üçin ýyllyk pul: $4000-6000
Ýaşaýyş üçin ýyllyk pul: $1000-2000
Saglyk ätiýaçlandyrmasy: Litwada ýaşamak üçin saglyk ätiýaçlandyrmasy gerek we onuň her aýlygy ortaça 30 dollar töweregi.
Stipendiýalar: Uniwersitetleriň umumy ýaşayş jaýlarynda galmak mümkin. Esasanam 2-3 kişi bolup ulyrak bir otagda galanyňyzda bahalar has elýeterli bolýar. Ýagny kişi başyna 100 dollar töweregi bolýar.
Wiza: Beýleki ýurtlaryň wizasyny almak üçin gerek bolan dokumentler gerekli () Goşmaça maglumatlar üçin http://www.migracija.lt/ salgysyna seredip bilersiňiz.
Ilçihana barada maglumat: Litwanyň Azerbaýjandaky ilçihanasy Türkmenistana hem jogapkär. Azerbaýjandaky ilçinahanyn salgysy:
Suleyman Dadashev köçesi 35, 523 Blok
Baku AZ1001, Baku, Azerbaijan
Phone: +994 12 5117631
Fax: +994 12 5108688
Email: amb.az@urm.lt
Ulanylan çeşmeler:
http://www.urm.lt/
http://wikipedia.org/
http://www.vu.lt/
http://www.vdu.lt/
http://www.migracija.lt/
Bayjan