Çaý we kofe “ýürek agrysyna garşy goraýar”
Gollandiýada geçirilen 13 ýyllyk barlagyň netijesine görä günde birnäçe käse çaý ýa-da kofe içmek ýürek agrysyna garşy goraýamyka diýlip çak edilýär.
40 müň adamda geçirilen barlaglara görä günde 6 käseden köp çaý içýänlerde ýürek agrysy bolma ähtimallygyny üçde-bir azaldýar. Günde 2-4 käse kofe içmek hem ýürek agrysyny azaldýar. Başga bir barlaga görä bu azalma 20% töweregidir.
Ellen Mason (Britaniýanyň Ýürek Guramasynda ýokary derejeli kardiolog) şeýle diýýär: “Bu ylmy-barlag kadaly derejede çaý we kofe içmegiň saglyga zyýanly däldigi baradaky maglumatlara goşant goşýar. Elbetde ýüregiňi oňat ýagdaýda saklamaga gezek gelende umumy ýaşaýyşymyzy saglykly görnüşde alyp barmak iň esasysydyr. Kofeniň ýanynda çilim hem çekseňiz onda kofeniň ähli saglykly tarapy ýok bolar, ýa-da telewizoryň öňünde birnäçe sagatlap çaý içip hiç maşk etmezlik siziň ýüregiňizi goramaga hiç goltgy bermese gerel”
Çeşme: Bayjan
Filed under: Bütin Temalar, Durmyş, Saglyk













“EMILY” – halas ediji robot
Deňizde ýa-da ummanda adamlary gark bolmak howpundan goramak üçin indi “EMILY” robotlary ulanylar.
Robot bolsa 1,2 metr uzynlygynda bolup, ol adamyň ýanyna baranda, adam oňa ýapyşyp, halas edijileriň hem-de lukmanlaryň gelmegine garaşyp biler.
http://www.popsci.com saýtyndaky habarda şeýle robotlaryň birnäçesiniň eýýämden Malibudaky Zuma plýažynyň käbir howply ýerlerinde ulanylyp başlanandygy, synaglaryň 25-nji dekabra çenli dowam etdiriljekdigi habar berilýär. Häzirki wagtda robotlar uzakdaky operator tarapyndan edara edilýär, ýöne alymlar öz maksatlarynyň robotlara operatora mätäç bolman işlemegi “öwretmekdigini” nygtaýarlar.
Robot suwa goýberilende, (kenardan, gämiden ýa-da dikuçardan) gidrolokasiýa datçikleri arkaly suwdaky bolup geçýän hereketleri gözläp başlaýar, eger-de hereket tapaýsa, ondaky ýörite kompýuter işe girişip, hereketiň adama degişlidigini ýa-da däldigini anyklaýar. Robot kömege mätäç adam tapanda, ýörite hereketlendirijisi arkaly sagatda 45 km. tizlik bilen şol ýere tarap hereket edip başlaýar. Robot adamynyň ýanyna baranda, özündäki kameralardan halas edijileri adamyny görkezýär, mikrofonlar hem-de ses çykaryjylar arkaly bolsa, halas edijiler halas edilýän bilen dowamly habarlaşyp, oňa maslahat berip bilýärler. Bilermenleriň aýtmagyna görä, halas edilýän adam halas edijiler bilen habarlaşyp bilse ol arkaýynrak bolýar.
Batareýaralar arkaly işleýän bu robotyň batareýalarynyň bir zarýady 130 km. töweregi ýol aşmagyna ýeterlikli bolýar. Roboty öndürýän ABŞ-nyň “Hydronalix” şereketiniň ýolbaşçysy Toni Milliganyň beren beýanatynda operatora mätäç bolman, doly awtonom bolan “EMILY” robotynyň biriniň bahasy 3.500 dollardygy bellenip geçildi. Elbetde, halas edijileriň tejribesiniň hem-de dürli howa şertlerinde işlemek ukybynyň yzyndan hiç bir robot ýetip bilmez. Ýöne “EMILY” ýaly robotlaryň halas edijileriň işlerinde uly kömek berjekdigi hem şübhesizdir.
Zaman
Huşsuzlygyň öňüni alalyň
Türkiýäniň “Fatih” hassahanasynyň “Yaşama Sanatı” (Ýaşamak sungaty) žurnalynda çap edilen “Döwrümiziň meselesi: Huşsuzlyk” makalasynda professor Atilla Ilhan hem-de doktor Kebiret Gültop huşsuzlygyň öňüni almak üçin käbir maslahatlar berýärler:
•Bir sözi ýa-da biriniň ýüz keşbini ýatdan çykaran bolsaňyz ýadyňyza saljak boluň
•Krossworddyr-skanwordlary ýygy-ýygydan çözüň.
•Radio hem-de telewizorlarda berilýän habarlar barada pikir ýörediň.
•Daşary ýurt dilleriniň birine degişli söz ýat tutjak boluň.
•Töweregiňizdäki adamlar bilen gatnaşyp duruň.
•Wagtynda ýatyp-turuň, hem-de gowy iýmitleniň.
•Çilim çekmäň hem-de alkogolly içgileri içmäň.
•Köp jedel edilýän ýerlere barmaň.
•Ruhdan düşmäň, umytsyz bolmaň.
Zaman
Ýalňyzlyk aşa semizlikden has howply, çilimiň derejesinde zyýanly
Günbatar ýurtlarynda giňden ýaýran ýalňyzlygyň adam saglygy üçin aşa semizlikden has howply hem-de çilim çekmek ýaly zyýan berijidigi ýüze çykaryldy. Ýagny ýakyn dogan-garyndaşlary hem-de gowy dostlary bolan adamlar has uzak ýaşaýarlar.
ABŞ-da 7,5 ýylyň dowamynda geçirilen gözlege (ortaça ýaşlary 64 bolan jemi 300 müň adam gatnaşdy) degişli maglumatlaryň üstünde işlän ABŞ-nyň Brigham Ýong uniwersitetiniň alymlary täsin zatlaryň üstüni açdylar. Mysal üçin, dost-ýarlary, garyndaşlary hem-de dowamly gatnaşýan adamlary bolmadyk adamlaryň saglyk taýdan bu ýagdaýdan çekýän zyýanlarynyň çilim çekýänleriňkiden az däldigi aýdyň görüldi. Üstesinede bu zyýan hereketsizligiň hem-de aşa semizligiň zyýanyndan hem has köpdügi anyklandy. Alymlaryň kesgitlemesi bolsa örän sada: başga adamlar bilen gatnaşygy bolanlar has uzak hem-de has saglykly ýaşaýarlar!
Özüni ýalňyz duýýan çagalaryň sany köpelýär
Germaniýanyň Federal Statistika Guramasynyň “Mikrozensus 2009” hasabatynda Germaniýadaky her bäş maşgalynyň birinde ýa enäniň ýa-da atanyň ýokdugy bellenilip, bu maşgalalarda aglaba bir çaganyň bardygy nygtalýar. Şeýlelikde, çagasyny eklemek üçin işleýän enäniň ýa-da atanyň öýünde köp wagt geçirmäge mümkinçiligi bolmanlygy sebäpli çaga özüni ýalňyz duýup başlaýar. Hasabatda çagalary ýalňyzlykdan halas etmek üçin bolsa tizden-tiz çäre tapylmagynyň örän wajypdygy aýratyn bellenilip geçilýär.
Ýalňyz adam has köp üşeýär
Kanadaly alymlar bolsa ýalňyz adamlarda psihologiýa taýdan hem örän oňaýsyz ýagdaýlaryň görülýändigini nygtaýarlar. Mysal üçin, özleriniň geçiren gözleglerinde ýalňyz adamlaryň has üşek bolýandygy, öz otaglaryny has sowuk duýýandyklary görülendigini aýdýarlar. Çikago uniwersitetiniň alymlary bolsa özüňi ýalňyz duýmagyň örän oňaýsyz netijeleriniň bolup biljekdigini nygtap, bularyň arasynda ýürek keselleri, immun ulgamynyň ejizlemegi, uky kynçylygy, alkogola hem-de çilime has meýilli bolmak ýagdaýlarynyň bardygyny aýdýarlar.
Netije
Ýeri gelende aýtsak, “Ýekelik Hudaýa ýagşy” diýen öňkilerimiz hem bu ýagdaýyň nä derejede wajypdygyny belläp geçipdirler. Döwrümizde bolsa psihologlar atalarymyzyň sözüni ajazyk döwrebaplaşdyryp “adam sosial jandar” diýýärler.
Zaman