Çilim çekmekden daş duralyň
Adam üçin iň bir möhüm zat onuň saglygydyr. Saglyk bolmasa, durmuşda ruhubelent ýaşap bolmaýar. Sagdyn ýaşamaklyk adamyň durmuşdan lezzet almagyna, durmuşy söýmegine itergi berýär. Dünýäde iň uly baýlyk diýseler, her bir adamyň aklyna ilki bilen saglyk atly tükeniksiz hazyna gelýär. Şahyr Kerim Gurbannepesow şeýle belleýär:
Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al,
Ylgap baryp saglyk bilen erki al,
Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al,
Soň tapylar galan zady zyňyp git.
Diýmek, iň uly üç baýlygyň biri hem saglykdyr. Sagdyn durmuşda ýaşamak üçin özümizi zyýanly endiklerden näçe uzakda saklasak, şonça gowudyr. Zyýanly endikleriň duzagyna düşmek bolsa, biziň üçin uly howpdur. Şeýle uly howplaryň biri hem çilim çekmekdir. Çilimkeş hakynda atamyz Magtymguly Pyragy şeýle setirleri aýdyp geçipdir:
Hak seni raýyňa goýmuş jahanda,
Ede bileniň etgil munda, çilimkeş.
Diwan gurlan güni hasap jaýynda
Jogabyň nämedir anda, çilimkeş?
El götergil beýle nähak talaşdan,
Puluň köýer, janyň ýanar bu başdan,
Erte garnyň doldurarlar ataşdan,
Zähmi çykmaz, galar janda çilimkeş.
Iki dünýä ýagşylyk ýok egriýe,
Kişi bolsaň, gadam goýgul dogruýa
Binamaza, gybatkeşe, ogruýa
Ýoldaş bolar ýowuz günde çilimkeş.
Hakykatdanam, çilim adam saglygynyň duşmanydyr. Çilim çekýän adam sagdyn ýaşap bilmez. Çilim çekýän adamyň dem alyşy kynlaşýar. Ony bendi eden beýleki spirtli içgilere hem baş goşup biler. Çilim çekýän adamyň öýkeni öz işini kadaly ýerine ýetirip bilmeýär. Wagtyň geçmegi bilen öýkende keseliň döremegine getirýär. Çekilen her bir çilim biziň ömrümizden 5,5 minut kemeldýär.
Çilimiň esasy zyýany 20-30 ýyl geçen soň bildirip başlaýar. Çilimden adama 24 dürli kesel geçip bilýär. Çilim adama ilki başda zyýansyz ýaly bolup görünse-de, soňy bilen ol adamyň iň uly duşmanyna öwrülýär. Ony dost eden adam dostsuz galar. Ondan gaça duran bolsa, durmuşdan lezzet alyp sagdyn ýaşar.
Adamyň özüne ynamy bolsa, ol her bir zadyň hötdesinden gelip bilýär. Eger-de sen çilimi taşlap biljekdigiňe çyn ýürekden ynansaň, onda ony goýmak kyn däldir. Eger çilimden gutulmak isleýän bolsaňyz, aşakdaky maslahatlara üns beriň.
*Durmuşda kynçylyklary ýeňip geçen pursadyňyz bolandyr. Onda siz çilimi hem goýup bilersiňiz.
*Maşgalaňyzdan hem-de dostlaryňyzdan çilimi goýmaga goldaw bermeklerini soraň.
*Biri size çilim hödürlese, ony goýandygyňyzy aýdyň. Bu siziň özüňize ynamyňyzy has hem artdyrar.
*Köke, süýji ýaly zatlary iýmek bilen ony unudyp bilersiňiz.
*Köpräk suw içiň. Suw içmeklik bedeniňizden zyýanly mikroblaryň çykmagyna sebäp bolar.
*Bu ýazgymyzy okap bolanyňyzdan soňra ony taşlamak üçin meýilnama biçiň.
*Çilimi goýmak üçin belli bir gün belläň, bu gün täze durmuşyňyz üçin başlangyç boljakdygyny ýatdan çykarmaň.
*Çilimi goýup bilseňiz, özüňizi sylaglandyryň.
Eger şulary doly ýerine ýetirip bilseňiz, durmuşda sagdyn we ruhubelent ýaşap bilersiňiz. Şu ýollary özüne ýörelge edip, çilim çekmekden gutulan adamlar sagdyn durmuşda ýaşamagyň hözirini görüp ýaşaýarlar.
Size hem bu bagtyň nesip etmegini arzuw edýärin.
Adam entek hassa bolmazdan öň öz saglygynyň gadyryny bilse, saglyk oňa baky ýar bolar.
Mundan başga-da aşakdaky teswiri hem görüp bilersiňiz:
Teswirler













Sagdyn we güýçli ýürek beýniň garramagyny gijikdirýär
ABŞ-ly hünärmenleriň geçiren barlaglaryna görä, has köp gany damarlara goýberýän ýüregi bolan adamlaryň beýnisiniň has ýaşdygy anyklanyldy.
Boston uniwersitetiniň alymlarynyň 1500 adamyň üstünde geçiren barlaglarynyň netijeleri “Circulation” žurnalynda çap edildi. Ýüregi has haýal işleýänleriň ýürekleriniň bolsa tiz garraýandygy habar berildi. Bu ýagdaýyň ýüreginden ejir çekýänlerde-de, ýüregi sagdyn adamlarda-da şeýledigi aýdylýar.
Zaman
BAHAR HUDAÝBERDIÝEWA
DÖWREBAP ŞYPAHANALAR
Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasyny berkarar eden mähriban Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp zamanamyzda ynsan saglygyny gorap saklamak dogrusyndaky işleri ýurdy dolandyrmakda alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň baş ugry bolup durýar.
Milli Liderimiziň çuňňur zehininden çykan “Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary”, “Türkmenistan-sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy”, ”Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly eserleri ajaýyp eýýamymyzda “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde edilen uly işleriň biridir.
Bu günki gün gözel ýurdumyzda mähriban Prezidentimiziň başlangyçlary bilen çagalar we ulular üçin gurulýan şypahanalardyr bejeriş-sagaldyş merkezleri we dynç alyş öýleri dünýä nusgalykdyr. Muňa mysal edip, naýbaşy hökmünde Hazar deňziniň ekologiki taýdan arassa kenarynda ýaýbaňlandyrylan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny görkezse bolar. Bütin dünýäniň jahankeşdeleridir syýahatçylarynyň ünsüni özünde jemleýän tylla garyndyly, melhem suwly Awaza bu gün bütin dünýäniň nazarynda.
Ykdysady we medisina ylymlarynyň doktory, professor, akademik Prezidentimiziň ýurdumyzyň at abraýyny belende götermek, hal-ýagdaýyny, saglygyny gowulandyrmak baradaky aladalary barha rowaçlyklara eýe bolýar. Muny soňky ýyllarda täze ulanmaga berlen we öňki bar bolan şypahanalaryň durky täzelenen merkezleriniň mysalynda hem aýdyň göz ýetirse bolýar.
Türkmen topragynda taryhy senesi ýüzýyllyklara uzaýan iň gadymy şypahana “Baýramaly” şypahanasydyr. Ýurdumyza Beýik Galkynyş zamanasynyň gelmegi bilen bu şypahananyň durky düýpgöter özgerdi. Şypahananyň durky täzelenen binalarynyň ikisi 3 gatly bolup, hersi 90 orunlyk, beýleki 2 binasy hem 2 gatly bolup, hersi 60 orunlykdyr. Şypahananyň jemi orun sany 800 adamlyk bolup, otaglarynda ýaşamak we dynç almak üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Şypahanada saglygyny dikeldýänler we dynç alýanlar üçin 200 orunlyk medeniýet öýi, 4 bölekden ybarat, her zaly 200 adama niýetlenen 800 orunlyk naharhana we 3 gatly sagaldyş merkezi ýerleşdirilendir.
“Arçman” şypahanasy hem özüniň taryhyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. 1951-nji ýylda açylan şypahana iki sany bäş gatly 500 orunlyk binadan ybarat bolup durýar. Geçen ýyl bolsa hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda “Arçman” şypahanasynda dört gatly 420 orunlyk täze bina açylyp, ulanylmaga berildi.
Şypahananyň täze binasy anyklaýyş , bejeriş we suw bilen bejeriş bölümlerinden ybaratdyr.
Baharly etrap merkezini etekläp oturan “Ýylysuw” şypahanasy hem birnäçe ýyllaryň dowamynda ynsan saglygyna peýda berijilik ähmiýeti bilen hyzmat edip gelýär. Geçen 2009-njy ýylda mähriban Prezidentimiziň mübärek gadamynyň düşmegi bilen “Ýylysuw” şypahanasynda 80 orunlyk, birbada 40 adama hyzmat edip bilýän täze bina açylyp ulanylmaga berildi. Bu şypahana aşgazan-içege, öt halta, bagyr, böwrek, biloňurga ýaly onlarça kesellerden ejir çekýänlere hyzmat edýär.
“Ýylysuw” şypahanasynyň täze binasy anyklaýyş, bejeriş we suw bilen bejeriş bölümlerinden ybaratdyr.
Ýurdumyzyň Balkan degresinde hereket edýän “Mollagara” şypahanasynyň taryhy hem asyrlaryň çuňluklaryna sary uzaýar. Täsin rowaýatlarda beýan edilişine görä, bir mahallar bir çopan adam ol ýeriniň tebigy suwlaryndan öz derdine em tapypdyr. Wagtyň geçmegi bilen ol ýer dürli dertlerden ejir çekýänleriň şypa tapýan mekanyna öwrülipdir. “Mollagara” bütin ýylyň dowamynda nerw we daýanç hereket ulgamynyň keselleri, guryagyry, ginekologik keseller, önelgesizlik, süňkleriň sowuklamasy ýaly kesellerden ejir çekýänlere hyzmat edýär. Şypahanada laý, duzly suw wannasy, palçyk we yşyk bilen bejeriş usullary hereket edýär. Şypahananyň bil-oňurga bölümi Merkezi Aziýada ýeke-täk bölüm hasap edilýär.
Türkmenabat şäheriniň golaýynda ýerleşýan “Farap” şypahanasy mineral suw ýatagy bolup, ol 1958-nji ýyldan bäri halkymyza hyzmat edip gelýär. Şypahananyň 3 sany guýusy bolup, olardan mineral suwlar 370 metre golaý çuňlukdan öz akymyna çykýar. Mähriban Prezidentimiz tarapyndan ýaňy-ýakynda uly dabara bilen açylan şypahananyň täze binasy 250 orunlyk bolup, ol 3 gatdan ybaratdyr. Binada anyklaýyş, bejeriş we suw bilen bejeriş bölümleri hereket edýär.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda ynsan saglygy üçin alnyp barylýan işler dowamata ýar bolýar. Bu işleriň hemmesi “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasatyň durmuşa geçýänliginiň aýnasydyr.
zaman