Gara şokoladyň peýdalary
1) Gara şokolad ýürege peýdaly
Hepdäniň dowamynda birnäçe bölek gara şokolad iýmekligiň sowuklama we ýürek-damar keselleriniň öňüni alýandygy mälim edildi. Italiýadaky „Campobasso“ uniwersitetiniň alymlarynyň Milanonyň Düwnük keselleri instituty bilen bilelikde geçiren ylmy barlaglary hepdede 2-3 sapar 1-2 bölek gara şokolad iýmekligiň hroniki sowuklamanyň öňüni alyp biljekdigini, ýürek-damar kesellerini we beýni ganamasy töwekgelçiligini azaldýandygyny ýüze çykardy. Barlag geçirmäge gatnaşyjylaryň ganyndaky sowuklamanyň derejelerini ölçän alymlar şokolad iýen topardakylarda bu koefisientiň 17 göterim azdygyny ýüze çykardy. Ylmy barlagçylar bu ýagdaýy şokolad ýürek-damar kesellerine duçar bolmak töwekgelçiligini zenanlarda üçden bir, erkeklerde dörtden bir azaldyp biler diýip teswirledi.
Ýürek-damar kesellerine garşy iň gowy gorag serişdesiniň her günde ortaça 6,7 gram gara şokolad iýmeklikdigini öňe sürýän alymlar, 6,7 gramdan köp iýlende şokoladdaky goraýyş täsiriniň ýitýändigine ünsi çekdiler.
2) Gara şokolad ýokary gan basyşynyň emi
Ylmy barlagçylar gara şokoladyň ýokary gan basyşyny peseldýändigini mälim etdiler. Olar munuň üçin gara şokolady has köp iýmelidigini nygtaýarlar. Alymlar köp mukdarda şokolad iýmegiň kaloriýalaryň birleşmegine ýol açýandygyny aýtmak bilen, öz tekliplerini öňe sürdüler: „Şokoladyň täsirliligini uzak wagtlap saklamak üçin her gün az-azdan iýip bilersiňiz”.
Gara şokoladyň syry nämede? Gara şokoladdaky kakao polipenollar ýaly himiki elementleri özünde jemleýär. Polipenollar bolsa gan damarlaryny gowşadýar.
Geçen ýyl Germaniýada geçirilen ylmy barlaglaryň biri arkaly 4,5 aýyň dowamynda ýokary gan basyşy bolan näsaglar we bu kesele ýaňy duçar bolup ugran 44 adam arkaly gara şokolad iýmegiň gan basyşyna edýän täsirini barlagdan geçirdiler. Näsaglar her gün agşam naharyndan soňra 6,3 gram gara şokolad ýa-da düzüminde polipenol bolmadyk ak şokolad iýdiler.
Ylmy barlagyň netijesinde gara şokolad iýenleriň gan basyşynda az, emma dowamly peseliş ýüze çykaryldy. Alymlar bu adamlaryň ganynda köp mukdarda azot kislotasynyň bardygyny ýüze çykardylar we onuň gan basyşyny peseldýändigine ynanýarlar.
Çeşmesi: “Zaman Türkmenistan” gazeti
Filed under: Bütin Temalar, Bilim, Habarlar, Saglyk













Ýalňyzlyk aşa semizlikden has howply, çilimiň derejesinde zyýanly
Günbatar ýurtlarynda giňden ýaýran ýalňyzlygyň adam saglygy üçin aşa semizlikden has howply hem-de çilim çekmek ýaly zyýan berijidigi ýüze çykaryldy. Ýagny ýakyn dogan-garyndaşlary hem-de gowy dostlary bolan adamlar has uzak ýaşaýarlar.
ABŞ-da 7,5 ýylyň dowamynda geçirilen gözlege (ortaça ýaşlary 64 bolan jemi 300 müň adam gatnaşdy) degişli maglumatlaryň üstünde işlän ABŞ-nyň Brigham Ýong uniwersitetiniň alymlary täsin zatlaryň üstüni açdylar. Mysal üçin, dost-ýarlary, garyndaşlary hem-de dowamly gatnaşýan adamlary bolmadyk adamlaryň saglyk taýdan bu ýagdaýdan çekýän zyýanlarynyň çilim çekýänleriňkiden az däldigi aýdyň görüldi. Üstesinede bu zyýan hereketsizligiň hem-de aşa semizligiň zyýanyndan hem has köpdügi anyklandy. Alymlaryň kesgitlemesi bolsa örän sada: başga adamlar bilen gatnaşygy bolanlar has uzak hem-de has saglykly ýaşaýarlar!
Özüni ýalňyz duýýan çagalaryň sany köpelýär
Germaniýanyň Federal Statistika Guramasynyň “Mikrozensus 2009” hasabatynda Germaniýadaky her bäş maşgalynyň birinde ýa enäniň ýa-da atanyň ýokdugy bellenilip, bu maşgalalarda aglaba bir çaganyň bardygy nygtalýar. Şeýlelikde, çagasyny eklemek üçin işleýän enäniň ýa-da atanyň öýünde köp wagt geçirmäge mümkinçiligi bolmanlygy sebäpli çaga özüni ýalňyz duýup başlaýar. Hasabatda çagalary ýalňyzlykdan halas etmek üçin bolsa tizden-tiz çäre tapylmagynyň örän wajypdygy aýratyn bellenilip geçilýär.
Ýalňyz adam has köp üşeýär
Kanadaly alymlar bolsa ýalňyz adamlarda psihologiýa taýdan hem örän oňaýsyz ýagdaýlaryň görülýändigini nygtaýarlar. Mysal üçin, özleriniň geçiren gözleglerinde ýalňyz adamlaryň has üşek bolýandygy, öz otaglaryny has sowuk duýýandyklary görülendigini aýdýarlar. Çikago uniwersitetiniň alymlary bolsa özüňi ýalňyz duýmagyň örän oňaýsyz netijeleriniň bolup biljekdigini nygtap, bularyň arasynda ýürek keselleri, immun ulgamynyň ejizlemegi, uky kynçylygy, alkogola hem-de çilime has meýilli bolmak ýagdaýlarynyň bardygyny aýdýarlar.
Netije
Ýeri gelende aýtsak, “Ýekelik Hudaýa ýagşy” diýen öňkilerimiz hem bu ýagdaýyň nä derejede wajypdygyny belläp geçipdirler. Döwrümizde bolsa psihologlar atalarymyzyň sözüni ajazyk döwrebaplaşdyryp “adam sosial jandar” diýýärler.
Zaman
Muhammetgurban ORAZOW, ekožurnalist.
REPETEK — OÜNÝÄ DEREJESINDÄKIGÖZELLIK
Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Gündogar Garagumuň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezjpesine Garagumuň çägeli çölüniň aýratyn, ÖTjboluşly iiýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da, demir ýol duralgalarynyň, säginelgeleriň we öri meýdanlaryndaky guýularyň töwereklerini gök-bagçylyga öwürmäge uly iins berüýär.
Repetek goraghanasy Gündogar Garagumuň merkezi böleginde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinden 70 kilometr günortada, Amyderýa bilen Garagum derýalarynyň aralygynda, Repetek demir ýol stansiýasynyň ýanynda ýerleşýär. Goraghananyň meýdany 34 600 gektara deňdir.
Goraghana döredilmezden ozal bu ýerde Repetek çäge-çöl stansiýasy işleýärdi. Onuň düýbi 1912-nji ýylda belli geograf we syýahatçy P. P. Semýonow-Týan-Şanskiniň işjeň gatnaşmagynda tutulypdy. Merkezi Aziýanyň çöllerini öwrenmek ylmynyň düýbüni tutujy W.A.Dubýanskiý ylmy stansiýanyň açylmagyna ýakyndan kömek eden guramaçydyr we onuň ilkinji direktorydyr (1912-nji ýyldan tä 1928-nji ýyla çenli).
Ylmy stansiýa goraghana bilen bilelikde 1998-nji ýyla çenli işledi. Stansiýa ýapylandan soň goraghana Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyndan Tebigaty goramak ministrligine degişli edildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hasabynda goraghana jemi 1941-nji ýyldan, şol sanda 1962-nji ýyldan dünýä belli Çöller institutynyň (häzirki wagtda Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty) bölümleriniň hasabynda boldy.
1979-njy ýylda Repetek goraghanasy halkara biosfera goraghanalarynyň hataryna goşuldy. Bu goralýan ýeriň serti, dünýä ekologiýa ulgamlarynyň esasy tipi bolup durýar. Şonuň üçin ol nesilleriň bähbidi üçin tebigaty gorap saklamak we ylmy gözlegleri geçirmek üçin gerekdir.
Soňky maglumatlara görä, Repetek goraghanasynda oňurgasyzlaryň 1343 görnüşi we
kiçi görnüşi hasaba alyndy. Repetegiň mör-möjekleriniň 7 görnüşi 1999-njy ýylda çapdan çykan Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Olara buýnuzganat empuziýa, hinçi murtlak çekirtge, Pawlowskiniň murtlak çekirtgesi, Uwarowyň çölçüsi, Sumakowyň çekirtgesi, wužžyldawuk antia tomzagy we türkmen burunlak tomzagy degişli.
Oňurgaly haýwanlaryň arasynda ýerde-suwda ýaşaýanlarynyň 1 görnüşi, süýrenjileriň 22 görnüşi bar, olaryň 2 görnüşi-zemzen we kepjebaş Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Kepjebaş Tebigaty Goramagyň Halkara Bileleşiginiň (TGHB) Gyzyl kitabyna | hem girizilendir.
Repetek goraghanasynyň guşlarynyň 202 görnüşinden 13 görnüşi (oturymly, höwürtgeleýän, gyşlaýan, uçup geçýän, göçüp-gidip ýören guşlardan) Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Olara bürgüt we çöl serçesi, ýylançy gyrgy, gajar we togdary, gyzgylt gotan, buýraly gotan, adaty syçançy, garaguş, ütelgi,sähra güwenegi, gyzylguş bezilltigi, hüwi degişlidir. Gajar, buýraly gotan, garaguş we sähra güwenegi TGHB-niň Gyzyl kitabyna girizildi. Goraghananyň süýdemdirijiler faunasy 29 görnüşi öz içine alýar we olardan 3 görnüşi—garagulak, keýik we oklykirpi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.
Goraghanada kömelekleriň 197 görnüşi we kiçi görnüşi, toprak suwotularynyň 68 görnüşi, epifit lişaýnikleriň 4 görnüşi, baldagy ýaprakly mohlaryň 4 görnüşi, açyk tohumlylardan gnetopsidleriň 1 görnüşi we gülli ösümlikleriň hem 120 görnüşi bellidir.
Repetek çäge-çöl ylmy stansiýasynda we Repetek goraghanasynda uly ylmy-barlag işleri geçirildi. Ylmy barlaglaryň esasy netijeleri çap edilen 1000-den gowrak ylmy makalalarda, işlerde, ýygyndylarda we monografiýalarda öz beýanyny tapdy.
Düiii döwürde tebigy ösüşinde amatsyz ýagdaýyň döremegine garamazdan, Repetek goraghanasynda Gündogar Garagumuň ajaýyp garaojartokaýlary, sebitiň biologik dürlüliginiň esasy merkezi kanagatlanarly ýagdaýda goralyp saklanylýar.
Uly çäge ulgamlary, tümmek we aklaň çägeleri garaojarly jülge görnüşli peslikler bilen bilelikde ýeke-täk gorag ýygyndysyny-köp bolmadyk (30-a golaý wekil) keýigiň (jereniň) durnukly populýasiýasyny, seýrek guşlar bolan bürgüdiň, ýylançy gyrgynyň we çöl serçesiniň ýaşaýan ýerini emele getirýärler. Seýrek guşlaryň birnäçe görnüşi üçin goraghananyň ýerleri wagtlaýynça düşelge bolup hyzmat edýär. Repetek goraghanasynda seýrek mör-möjekleriň hem uly topary ýaşaýar. Bu ýer türkmen burunlak tomzagynyň ýeke-täk ýaşaýan ýeridir. Şeýlelikde, Repetek türkmen topragynda dünýä gözelliginiň bir ülüşi bolup saklanyp galypdyr.
Ylym we tehnika baradaky geňeşi
Ylmy-tehniki syýasat
Geljekde 2020-njy ýyla çenli ylym tarapyndan çözülmeli meseleler ykdysady binýady ösdürmegiň esasynda halkyň hal-ýagdaýynyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilen durmuş syýasatyndan gelip çykýar.
Öňde goýlan maksada laýyklykda ýurdumyzda ylmy-tehniki syýasat şu esaslarda amala aşyrylar:
ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynda dünýä ylmynyň we tejribesiniň gazananlaryny giňden ulanmak;
ýurdumyzyň ylmy-tehniki mümkinçilikleriniň esasynda geçirilýän düýpli we amaly barlaglaryň netijelerini çalt depginler bilen önümçilige ornaşdyrmak.
Ylmy-tehniki taýdan ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmek aşakdaky esasy wezipeleriň çözülmegini talap edýär:
ylmy mümkinçilikleriň ykdysadyýeti we durmuş pudaklaryny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynda jemlenmegini, Türkmenistanyň ýerli şertlerini we aýratynlyklaryny göz öňünde tutup pudaklaryň anyk wezipeleriniň çözülmegini;
ýokary okuw jaýlarynda ylmyň we gumanitar barlaglarynyň ösdürilmeginiň, ylmy mümkinçilikleriniň doly ulanylmagyny;
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň batly ösüşini üpjün etmek we öňde baryjy tehnologiýalar boýunça maglumat esasyny döretmek üçin dünýädäki gazanylan iň täze zatlaryň giňden ulanylmagyny;
ylym, tehnika we öňdebaryjy tehnologiýa babatynda daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi;
Türkmenistany ýokary derejede ösen dünýewi demokratik döwlete öwürmek barada öňde goýlan wezipeleri çözmäge ukyply, Türkmenistanyň garaşsyzlyk we bitaraplyk ideýalaryny we ýörelgеlerine wepaly, halka, Watanyna Türkmenistanyň Prezidentine jany-teni bilen hyzmat etmäge taýýar ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak.
Ýurdymyzyň ykdysadyýetiniň hemme pudaklaryny tehniki we tehnologiýa taýdan ösdürmegi tapgyrlaýyn geçirmek göz öňünde tutulýar. Birinji döwürde (2000-2005 ý.ý.) maýadarlar üçin şertleri döretmegiň hasabyna döwleti mundan beýläk-de ösdürmek üçin geljegi bolan ileri tutulýan pudaklary goldamak syýasaty ýörediler. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hazirki döwürde emele gelen düzümini göz öňünde tutup, döwletiň esasy ýöriteleşdirişiň adatdaky pudaklary, çig mal we onuň bilen baglanyşykly gaýtadan işleýän, daşarky bazara çykyp bilýan pudaklar bolup biler.
2020-njy ýyla çenli döwürde ylmy barlaglaryň esasyny ylmy we tehnikany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan işler düzer.
Ýurdumyzyň oba hojalygynda ekinleriň hasyllygyny we mallaryň önümliligini ýokarlandyrmak maksady bilen uly tehnologiki öňe gidişligi amala aşyrmaklyk wezipesi öňde durýar. Ekarançylykda gowaçanyň, bugdaýyň we beýleki dänelik ekinleriň, şeýle hem azyklyk we ot-iýmlik ekinleriň tohumçylygy boýunça işler dowam etdiriler. Maldarçylykda biotehnologiýany we seleksion – tohumçylyk işini mundan beýläk-de ösdürmegiň esasynda önüm berýän mallaryň we guşlaryň genetiki mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.
Çaklanylýan döwürde ýerden we suwdan peýdalanmak işinde ylmy-tehniki barlaglar, serişdeleri tygşytlaýan tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barlar.
Ýangyç-çig mal pudaklarynda ylmy-tehniki syýasat mineral çig malyň möhüm we gyt görnüşlerini gözlemegiň, agtarmagyň we onuň gorlarynyň monitoringiniň häzirki zaman usullaryny we onuň gorlarynyň monitoringiniň häzirki zaman usullaryny işläp düzmäge we ornaşdyrmaga, olary çykarmagyň we işläp geçmegiň derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle hem olary daşamagyň ygtybarly we ekologiýa taýdan howpsuz ulgamlaryny ösdürmäge gönükdiriler, hususanda:
nebit-gaz toplumynda geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, çöllük zolaklarda nebitiň çykarmasy kyn we galyndy gorlary bolan ýataklaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmaga, ýalpaklyk zolagynda guýularyň gurluşygyna, maksatly himiki önümleri almak bilen gazyň we kondensatyň gaýtadan işlenilmegi çuňlaşdyrmaga, şeýle hem olary daşamagyň ygtybarly, ekologiýa taýdan howpsuz, energiýany az sarp edýän ulgamlaryny döretmäge;
nebiti gaýtadan işleýän senagatda motor ýangyçlarynyň öndürilişini, nebiti çuň gaýtadan işlemek prosesini ösdürmegiň hasabyna ýokarlandyrmaga, täze tapgyrdaky katalizatorlary, ýokary oktanly we kislorod goşundylary işläp düzmäge we döretmäge, şeýle hem ekologiýa taýdan howpsuzlygy ýokarlandyrmaga we energiýa sarp edijiligi azaltmaga.
Elektroenergetikany ösdürmek tebigy gazyň peýdalanylmagyna, az netije berýän energetika enjamlarynyň ulanmakdan aýrylmagyna, energobloklaryň täzelenmegine, olaryň tygşytlylygyny we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga esaslanýar.
Energetika babatynda gyzgyn suw üpjünçiligi, ýyladyş, sowadyş, suw çykarmak we süýjetmek, ýarym geçirijileriň sintezi, tebigy energiýa çeşmelerini peýdalanmak bilen oba hojalyk önümlerini saklamak we gaýtadan işlemek boyunça barlaglar ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.
Himiya senagatynda tehnologik ösüş dünýä ylymynyň barlaglaryna we ýurdumyzdaky täzeliklere esaslanýar.
Garabogaz kölüniň mineral-çig mal serişdelerini Türkmenistanyň çäklerinde ýody, bromy, organiki we mineral dökünleri, bentonit toýunyny, gazylyp alynýan magdanlary öndürmegiň netijeli usullary işlenip düzüler we ornaşdyrylar.
Geologiýa ylymlary we seýsmologiýa babatynda gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň ýerleşişiniň kanuna laýyklyklaryny ýüze çykarmaga hem-de olary soňraky geologiýa-gözleg işine çekmäge, seýsmiki howplara baha bermegiň täze usullaryny döretmäge we ýer yranmasynyň çaklamalaryna aýratyn üns berler, seýsmiki taýdan mikroraýonlaşdyrmak işi dowam etdiriler.
Medisina ylmy mediko-demografiýa ýagdaýa, keselçiligi azaltmaga, ömrüň dowamlylygyny artdyrmagy üpjün etmäge, ýurduň ilatynyň köpeltmek ukybyny ýokarlandyrmaga we keselleri sagaltmaga bagyşlanan ylmy barlaglary geçirmäge gönükdiriler, ilata netijeli medisina kömegini bermegi guramagyň ylmy esaslaryny işläp düzmek göz öňünde tutulýar.
Ekologiýa we daş – töweregi goramak hem-de biologiýa, suw resurslaryny rejeli peýdalanmak babatda tebigatdan sazlaşykly, aýawly peýdalanmagyň ekologiýa-durmuş-ykdysady konsepsiýasyny we biologiki köpdürliligiň ylmy esaslaryny işläp düzmek boýunça barlaglar dowam etdiriler, şeýle hem antropogen faktorynyň tebigatyň düzümine täsir edişiniň derejesine baha bermek boýunça barlaglar alnyp barlar. Aral ýakasyndaky ekologiýa heläkçiliginiň zyýanly netijelerini azaltmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek dowam etdiriler.
Tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga we täzelikleri ornaşdyrmaga, önümçiligiň ylmy-tehniki ilerlemelere işjeň imrinmeginiň usulyny döretmäge uly üns berberler.
Türkmenistanyn Ylymlar akademiýasy
Ylym we tehnika baradaky geňeşi