“MagLew” iýmitleriň hilini barlar
Magnit lewitasiýasy (lewitasiýa howada ýeriňi üýgetmän durmagy aňladýar) sözüni eşidenimizde, ilki bilen ýokary tizliki magnit ýassykly otlular ýada düşýär.
Ýöne bilermenler “MagLew” (magnit lewitasiýasy) tehnologiýasyny ulanmak arkaly suwuň hem-de süýt ýaly suwuk iýmitleriň hilini bilmegiň arzan usulyny oýlap tapdylar. Bu barada http://www.gizmag.com saýtynda habar berilýär.
Iýmit pudagynda, farmasewtikada hem-de saglygy goraýyş pudagynda suwuklygyň dykyzlygyny bilmek hili bilmegiň ilkinji ädimi hasaplanýar. Sebäbi, islendik maddanyň dykyzlygy bilinse, onuň himiki düzümi barada maglumat edinmek bolýar. Mysal üçin, dykyzlygy bilmek arkaly suwuklygyň içindäki şekeriň mukdaryny, içgidäki alkogolyň mukdaryny ýa-da suwuň içindäki duzuň mukdaryny bilmek bolýar. Garward uniwersitetiniň doktory Jorj Waýtsaýd hem-de onuň işdeşleri “MagLew” tehnologiýasy esasynda işleýän dykyzlygy belli etmegiň täze usulyny oýlap tapdylar. Waýtsaýdyň aýtmagyna görä, özleriniň oýlap tapan tehnologiýalary areometr ýaly öňki tehnologiýalardan ulanmak taýdan has aňsat hem az çykdajylydyr.
Täze tehnologiýa arkaly işleýän enjam, aslynda, örän sadadyr. Kiçeňräk kub şeklindäki bu enjam gapdan hem-de onuň içine goýlan (dykyzlygy bilinmek islenýän) maddadan ybaratdyr. Bu kubik iki magnit polýusyň arasyna ýerleşdirilýär we magnit materialdan ýasalan görkeziji maddanyň dykyzlygy barada maglumat berýär.
Geçirlen synaglarda täze tehnologiýanyň suwuň içindäki duzuň, süýtdäki ýa-da ösümlik ýagyndaky ýagyň göterimini ýokary takyklykda ölçemegi başarandygy habar berilýär.
Zaman













Çilimiň garşysyna göreş
Alyjan Döwletow
Adatça, Türkmenistanda iki adamynyň başy çatylsa: «Näçe perman, kanun, karar çykarylaýsyn, olaryň hiç birinden haýyr ýok. Perman, karar, kanun işlemese, olary çykarmak nämä gerek?!» diýişýärler.
Muny aýdýanlaryň gürrüňiniň jany bar. Ýöne, hakykatyň hatyrasyna şuny-da ýaňzytmak gerek: hemme ýagdaýda beýle-de däl. Permanlaryň-da nepiniň degýän ýeri-de kän.
Esasy gürrüňe geçmezden ötri, biraz yza çekileliň hem-de käbir faktlary ýatlap geçeliň.
Geçen asyrda
Geçen — ýigriminji asyryň ellinji, altmyşynjy, ýetmişinji, segseninji ýyllarynda çilimiň zyýany hakynda gürrüň gozgalsa-da, onuň garşysyna aýgytly göreş alnyp barylmandy.
Edaralarda, kärhanalarda, kiçidir uly ýygnanyşyklarda, köpçüligiň üýşen ýerlerinde… çilim çekilerdi. Çilimiň tüssesiniň derdinden ýaňa gözüňi açar ýaly bolmaýardy.
Şol döwürde degişmä ýakyn şeýleräk gürrüňem aýdylýardy: Bir gelin işinden öýüne gelipdir. Adamsy burnuny ýellendirip, aýalyna gygyrypdyr: «Üstüňden çilimiň ysy gelýä! Erkek bilen gezip ýören-ä dälsiň?!» (Türkmenlerde aýal maşgala çilim çekmeýär).
Aýaly görgüli kabinetlerinde dört sany erkek kişiniň aldygyna çilim kükedýändigini gaýtalap-gaýtalap düşündirip, müňkür ärinden zordan sypypdyr.
SSSR-iň hökümet baştutanlary, hatda Staline çenli çilim çekipdi. Jana ýagy çilimiň garşysyna döwlet derejesinde göreşilmezliginiň sebäbi belki, şunuň üçindir?!
Türkmenistanyň garaşsyzlygyny alan ilkinji ýyllarynda-da çilimiň garşysyna berk göreş alnyp barylmady. Ýurduň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazow ölemen çilimkeşleriň biridi. Prezident näsaglyk tapansoň, lukmanlar oňa çilim çekmezligi maslahat berdiler. Nyýazow öz erkine buýrup, çilimini taşlady.
Şol ýyllar tutuş dünýä möçberinde çilimiň garşysyna her dürli çäreler arkaly göreş alnyp barylýardy. Ösen döwletleriň birnäçesi edaralarda, köpçülik ýerlerinde, restoranlarda… çilim çekmäge gadagançylyk girizdiler. Düzgüni bozýanlara jerime salyndy.
Bir ujy Türkmenistanda
Çilimiň garşysyna göreşiň bir ujy Türkmenistana-da geldi. Döwlet ýolbaşçysy şu babatda ýörite perman çykardy. Perman kynlyk bilen ýola düşdi.
Çilimkeşleri zyýanly endikden aýyrmak üçin aýgytly çäreleri görmeli boldy. Munuňam sakasynda ozalky prezidentiň durandygyny aýtmak gerek.
Çilimiň garşysyna göreşmek şu günler nähili? Çilim çekilýän döwürden oba-ha göçdi. Sebäbi çilim çekýäne gaty uly jerime ýelmenýär. Aýratyn hem çilimkeşi polisiýa işgäri tutaýsa, dat gününe.
Dogry, ogryn-dogryn çilim çekilmän durlanok. Iş kabinetlerinde seýrek halda çilim çekilýär. Howlularda, köçeleriň ugurlarynda gizlenibräk çilim çekilýär. Köpçüligiň üýşen ýerlerinde, mähelleli duralgalarda, bazarlarda çilim çekýäne seýrek gabat gelinýär.
Ozallar awtobuslaryň, trolleýbuslaryň, ýeňil maşynlaryň içinde çilim çekilýärdi. Hemme kişi çekmese-de, garaz, gopbamja kişiler muny edermenlik bilip şeýdýärdiler.
Indi beýle zat ýok. Trolleýbusdyr awtobuslarda indi ýolagçylar çilim çekmeýärler, ýöne çilimi indi awtobusdyr trolleýbusyň sürüjileri çekýärler. Elbetde, hemmesi däl. Umuman, şofýorlaryň çilim çekýäni kän. Olaryň çilimleriniň tüssesi awtobusdyr trolleýbusyň içine ýaýrap, adamlara, çaga-çugalara ýetýär. Belki, ýadawlyk olary çilim çekmäge mejbur edýändir.
Alyjan Döwletow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
AzatHabar