Ýakynda alymlaryň bir topary keseli täzeden bejerip bolýan ýukajyk nanoperdeleri ýasadylar. Diş lukmançylygy baradaky geň habary http://www.gizmag.com/ saýtynda okamak mümkin.
Ýumşak dokumalardan ybarat bolan diş ýoljagazlary dişiň bir bölegi bolup, ol dişiň merkezinde ýerleşýär. Dişiň işjeňligini amala aşyrýan nerwler we gan aýlanyş damarlary bu ýoljagazyň üstünden geçýärler. Diş ýoljagazlarynyň ýumşak dokumalaryna ýa-da nerwlere ýeten zeper dişiň çişmegine ýa-da sowuklamagyna getirýär. Diş çişmesi, sowuklama bolsa ýakynda ýerleşen dokumalary zaýalap bilýär.
Ilki-ilkiler nerwi ýa-da dokumasy zaýalanan dişi aýyrýardylar. Soňra bolsa zyýan ýeten dokumalary aýryp, dişiň özüni halas edip bolýan usullar ýüze çykdy. Häzirki wagtda zeper ýeten dokumalary täzeden dikeltmek hem-de çalyşmak boýunça birnäçe usullar öwrenilýär.
Alymlar “alfa-MSH” (ALPHA MELANOCYTE STIMULATING HORMONE) atly materialyň kömegi bilen ýukajyk nanoperdeleri işläp taýýarladylar. Düzüminde “alfa-MSH” material bolan nanoperdeleriň esasynda sowuklan dişi bejerip, şeýle-de täze dokumalary döredip bolýar.
Barlagyň netijeleri dogrusynda “ACS Nano” žurnalynda habar berildi.
Zaman
Filed under: Bütin Temalar, Habarlar, Saglyk














Göwrelilik döwründäki kynçylyklar
Kim köp töwekgellik edýär?
- 15 ýa$da ilkinji gezek göwreli bolan zenanlar (irki ilkinji göwrelilik).
- 35 ýa$da we ondan soñ ilkinji gezek göwreli bolan aýallar (giçki ilkinji göwrelilik).
- Anamnezinde ýokary arterial gan basy$ynyñ bolmagy.
- Gan basy$y yzygiderli ýokarlanýan aýallar.
- Ýürek keselliler.
- Böwrek keselliler.
- Süýjüli diabetden ejir çekýänler.
- Wirusly gepatiti ba$dan geçirenler.
- RH otrisatel alamatly ganly zenanlar.
- Köp düwünçekli göwreliligi ba$dan geçirýän aýallar.
- Zyýanly endikliler (arak, çilim, ne$e seri$delerini ulanýanlar).
Saglyk. 2009, sentýabr-oktýabr
Teswirler
Sporta lukman gözegçiligi
1) Soňky wagtda tutuş dünýäde sporta lukman gözegçiligi barada ýygy-ýygydan aýdyp ugradylar. Muňa dürli ýurtlaryň sportsmenleri bilen bolup geçen betbagtçylykly wakalar sebäp bolýan-a däldir.?! Ýadyňyza düşýän bolsa, KHL (kontitental hokkeý ligasynda) oýnaýan Magnitogorskiniň “Metalurg” komandasynyň oýunçysy Alekseý Çerepanowyň ömür tanapynyň oýun gidip durka üzülendigine dünýä jemgyýetçiligi şaýat boldy. Şeýle mysallar başga-da bar.
2) Biziň ýurdumyzda sporta lukman gözegçiligini üpjün etmek barada ýurt derejesinde alada edilýändiginiň subutnamalarynyň biri — ýörite lukman gözegçiligi ýola goýlan sport suw toplumy işe başlady.
3) Ýurdumyzyň beýleki sport edaralarynda bu babatda ýagdaý nähili?
4) Bir tanşymyň 16 ýaşly ogly karate gatnap ugrandan 6 aý geçenden soň onuň barmaklary, dyzlary “şatyrdap”, başlapdyr. Tälimçi onuň ýagdaýyny duýup, saglygyny barlatmagy maslahat beripdir. Ýöne oglanjyk lukmanyň ýanyna barmaga çekinýär. Ol lukman karate bilen meşgullanmagy gadagan eder öýdýär. Eýsem onuň bogunlarynyň şatyrdamasy nämedenkä?
5) Sportyň haýsy görnüşleri bogunlar üçin has howply?
6) Dünýä belli sport ýyldyzlarynyň hormatly dynç alyşa çykandan soň maýyp bolýan halatlary seýrek däl. Bu näme üçin beýle bolýar? Belki, käbir sportsmenler sportyň özleriniň saglyk ýagdaýyna laýyk gelmeýän görnüşlerini saýlaýandyr? Belki-de, olar saglygyny aýamak barada pikirem etmän, juda köp meşgullanýandyr?
7) “Ýokanç keselli adamlar sportyň bogunlara agram salýan görnüşleri bilen meşgullanmaly däl” diýen düşünje bar. Bu hakykatdanam şeýlemi?
8) Umuman, sportuň haýsy görnüşleri bilen saglygyndan ätiýaç etmän meşgullanyp bolýar? Haýsy görnüşleri lukmandan ygtyýar almagy talap edýär.
Saglygy Goraýşyň Habarlar Merkezi
Saglyk, Maşgala we Çaga
Benzin şizofreniýa sebäp bolýar
Amerikaly alymlar benziniň, hususan-da düzüminde gurşun bolan benziniň şizofreniýa (ruhy näsaglyk) keseliniň döremegine sebäp bolup bilýändigini mälim etdiler. Nýu-Ýorkda ýerleşýän Kolumbiýa uniwersitetinde işleýän alym Ezra Susser, Sietlide geçirilen ylmy maslahatda eden çykyşynda entek enäniň göwresinde wagty gurşun maddasynyň täsirine düşen bäbekleriň şizofreniýa keseline uçramak ähtimallygynyň beýleki adamlar bilen deňeşdireniňde iki esse ýokarydygyny mälim etdi. 1959-1966-njy ýyllar aralygynda Oklandada ýaşan ýaş zenanlaryň 20 müňüsinde geçirilen barlaglarda göwreli aýallaryň ganynda gurşunyň bardygynyň üstüniň açylandygyny aýdan Susser barlaga gatnaşan aýallaryň köpüsiniň şol döwürde awtomobilleriň çykarýan gazyndan köp dem alandyklaryny mälim etdi.
Susser nerw öýjükleriniň arasyndaky baglanyşygyň emele gelýän döwründe gurşunyň beýnidäki nerw öýjükleriniň ulalmagyna ýaramaz täsir edýän bolmagynyň mümkindigini aýtdy. Ol beýleki barlaglardan-da şeýle netije çyksa, şizofreniýa keseliniň döremeginde benziniň täsiriniň bardygy baradaky pikiriň doly subut ediljekdigini nygtady.
Sebäbi entek doly anyklanmadyk we psihologiki birahatlygyň iň howplusy hasaplanýan şizofreniýa keseline uçraýan näsaglaryň köpüsi öz janlaryna kast edýärler.
Maşgala daragty
Durmuşa ýaňy gadam basan, bir ýaş çatynja bardy. Ýaş juwanlar kir-kimirsiz, bagtly durmuşda ýaşaýardy. Emma soň- soňlar olaryň arasynda her hili düşünişmezlik ýüze çykyp ugrapdy. Ýönekeý bir mesele-de, olara dawalaşmaga sebäp bolýardy.
Bir gije oturyp, olaryň ikisi hem oýlanypdyr. Olaryň ikisi hem aýrylyşmakçy däldi. Birden adamsy:
“Kelläme bir pikir geldi. Gel, howlymyza bir agaç ekeli. Eger agajymyz üç aýyň içinde guraýsa, onda aýrylyşaly. Eger guramasa welin, bileje ýaşabermeli. Şol wagta deňiç ikimiz aýry otagda ýataly” diýdi.
Bu pikir bilen aýaly hem ylalaşdy. Olar ertesi howlularyna bir agaç nahal ekdiler. Bir aýdan soň är-aýal gije howluda duşuşypdyr. Şonda olaryň ikisiniň hem elinde suwly bedre bar ekeni…
Dünýä gözeli-ejem jan
Bäş ýaşlyja oglanjyk telewizordaky bir gepleşige üns bilen syn edýärdi. Gepleşikde zenan maşgalalar özlerini tanadyşdyryp, soňra bolsa sahnadan ýöräp geçip gidýärdiler. Oglanjyk bu bolýanlaryň hiçisine hem düşünmänsoň, alaçsyz ejesiniň gujagyna baryp: “Ejejan, bu gepleşikde adamlar näme edýärler-aý? diýip sorady. Ejesi onuň başyny sypalap:
“Dünýäň iň gözel zenanyny saýlaýarlar, oglum! ” diýip jogap berdi. Çagajyk begençden ýaňa, ýaldyrap duran gözlerini ejesine aýlap:
“Onuň ýaly bolsa sen näme üçin bu bäsleşige gatnaşmadyň-hä eje? Gatnaşan bolsaň, sen hökman birinji bolardyň!” diýdi.
ZAMAN TURKMENISTAN GAZETI