Ähli adamlar, şol sanda çagalar, AIW/AIDS-iň ýokuşmak howpyna sezewar bolup bilerler.
Filed under: Bütin Temalar, Saglyk, Wideo
Ähli adamlar, şol sanda çagalar, AIW/AIDS-iň ýokuşmak howpyna sezewar bolup bilerler.
Filed under: Bütin Temalar, Saglyk, Wideo






| motorbike on Habarlaşyň | |
| nude on Habarlaşyň | |
| kerwen on Türkmen Dili | |
| berdi saparow on Türkmen Dili | |
| UEFA Euros 2012 on Habarlaşyň |
Blog at WordPress.com. Theme: Digg 3 Column by WP Designer.
DIŞAGYRYNYŇ EMI TAPYLDY
Ýakynda alymlaryň bir topary keseli täzeden bejerip bolýan ýukajyk nanoperdeleri ýasadylar. Diş lukmançylygy baradaky geň habary http://www.gizmag.com saýtynda okamak mümkin.
Ýumşak dokumalardan ybarat bolan diş ýoljagazlary dişiň bir bölegi bolup, ol dişiň merkezinde ýerleşýär. Dişiň işjeňligini amala aşyrýan nerwler we gan aýlanyş damarlary bu ýoljagazyň üstünden geçýärler. Diş ýoljagazlarynyň ýumşak dokumalaryna ýa-da nerwlere ýeten zeper dişiň çişmegine ýa-da sowuklamagyna getirýär. Diş çişmesi, sowuklama bolsa ýakynda ýerleşen dokumalary zaýalap bilýär.
Ilki-ilkiler nerwi ýa-da dokumasy zaýalanan dişi aýyrýardylar. Soňra bolsa zyýan ýeten dokumalary aýryp, dişiň özüni halas edip bolýan usullar ýüze çykdy. Häzirki wagtda zeper ýeten dokumalary täzeden dikeltmek hem-de çalyşmak boýunça birnäçe usullar öwrenilýär.
Alymlar “alfa-MSH” (ALPHA MELANOCYTE STIMULATING HORMONE) atly materialyň kömegi bilen ýukajyk nanoperdeleri işläp taýýarladylar. Düzüminde “alfa-MSH” material bolan nanoperdeleriň esasynda sowuklan dişi bejerip, şeýle-de täze dokumalary döredip bolýar.
Barlagyň netijeleri dogrusynda “ACS Nano” žurnalynda habar berildi.
“MagLew” iýmitleriň hilini barlar
Magnit lewitasiýasy (lewitasiýa howada ýeriňi üýgetmän durmagy aňladýar) sözüni eşidenimizde, ilki bilen ýokary tizliki magnit ýassykly otlular ýada düşýär.
Ýöne bilermenler “MagLew” (magnit lewitasiýasy) tehnologiýasyny ulanmak arkaly suwuň hem-de süýt ýaly suwuk iýmitleriň hilini bilmegiň arzan usulyny oýlap tapdylar. Bu barada http://www.gizmag.com saýtynda habar berilýär.
Iýmit pudagynda, farmasewtikada hem-de saglygy goraýyş pudagynda suwuklygyň dykyzlygyny bilmek hili bilmegiň ilkinji ädimi hasaplanýar. Sebäbi, islendik maddanyň dykyzlygy bilinse, onuň himiki düzümi barada maglumat edinmek bolýar. Mysal üçin, dykyzlygy bilmek arkaly suwuklygyň içindäki şekeriň mukdaryny, içgidäki alkogolyň mukdaryny ýa-da suwuň içindäki duzuň mukdaryny bilmek bolýar. Garward uniwersitetiniň doktory Jorj Waýtsaýd hem-de onuň işdeşleri “MagLew” tehnologiýasy esasynda işleýän dykyzlygy belli etmegiň täze usulyny oýlap tapdylar. Waýtsaýdyň aýtmagyna görä, özleriniň oýlap tapan tehnologiýalary areometr ýaly öňki tehnologiýalardan ulanmak taýdan has aňsat hem az çykdajylydyr.
Täze tehnologiýa arkaly işleýän enjam, aslynda, örän sadadyr. Kiçeňräk kub şeklindäki bu enjam gapdan hem-de onuň içine goýlan (dykyzlygy bilinmek islenýän) maddadan ybaratdyr. Bu kubik iki magnit polýusyň arasyna ýerleşdirilýär we magnit materialdan ýasalan görkeziji maddanyň dykyzlygy barada maglumat berýär.
Geçirlen synaglarda täze tehnologiýanyň suwuň içindäki duzuň, süýtdäki ýa-da ösümlik ýagyndaky ýagyň göterimini ýokary takyklykda ölçemegi başarandygy habar berilýär.
ENE MÄHRINIŇ GUDRATY
Täze zelandiýaly alymlar enäniň ogşamagy netijesinde täze doglan çaganyň saglygyny gorap boljakdygyny öňe sürýärler.
Geçirilen barlagda çaganyň enesiniň agzyndan çykýan K12 atly bakteriýany alýandygy subut edildi. Bu bakteriýa bolsa bokurdak agyrysynyň öňüni alyp bilýär. Täze Zelandiýanyň Otago uniwersitetinde geçirilen barlagyň netijeleri “Herald” gazetinde çap edildi.
BEJERIŞ ÜÇIN ZERUR
DNK-nyň esasynda öz-özüni toplaýan nanoabzal hereket edip, zerur bolan halatynda bolsa şeklini üýtgedip bilýär.
Harward uniwersitetiniň alymlarynyň ýolbaşçylygyndaky barlag geçirijiler DNK-nyň molekulalarynyň zynjyrjygynyň esasynda taýýarlanan nanoabzaly oýlap tapdylar. Programmirlenen nanoabzal dürli hili hereket edip we öz şeklini üýtgedip bilýär. Bu aýratynlyk şeýle nanoabzallaryň nanolukmançylyk pudagynda ulanylyşa girizilmegi üçin amatly şert döredýär.
Harward uniwersitetiniň Wyss institutynyň direktory Don Ingber “Bu tehnologiýa lukmançylyk pudagynda ulanylýan nano derejedäki abzallaryň, şeýle hem derman serişdeleriniň peýda bolmagyna getirer” diýip belleýär.
Nanoabzallaryň kömegi bilen derman serişdelerini kesgitlenen wagtda bedeniň zeper ýeten öýjüklerine eltip bolýar. Derman serişdelerini bedeniň zeper ýeten ýerlerine eltmek bejergi üçin iň zerur zat hasaplanýar.
Gara şokoladyň peýdalary
1) Gara şokolad ýürege peýdaly
Hepdäniň dowamynda birnäçe bölek gara şokolad iýmekligiň sowuklama we ýürek-damar keselleriniň öňüni alýandygy mälim edildi. Italiýadaky „Campobasso“ uniwersitetiniň alymlarynyň Milanonyň Düwnük keselleri instituty bilen bilelikde geçiren ylmy barlaglary hepdede 2-3 sapar 1-2 bölek gara şokolad iýmekligiň hroniki sowuklamanyň öňüni alyp biljekdigini, ýürek-damar kesellerini we beýni ganamasy töwekgelçiligini azaldýandygyny ýüze çykardy. Barlag geçirmäge gatnaşyjylaryň ganyndaky sowuklamanyň derejelerini ölçän alymlar şokolad iýen topardakylarda bu koefisientiň 17 göterim azdygyny ýüze çykardy. Ylmy barlagçylar bu ýagdaýy şokolad ýürek-damar kesellerine duçar bolmak töwekgelçiligini zenanlarda üçden bir, erkeklerde dörtden bir azaldyp biler diýip teswirledi.
Ýürek-damar kesellerine garşy iň gowy gorag serişdesiniň her günde ortaça 6,7 gram gara şokolad iýmeklikdigini öňe sürýän alymlar, 6,7 gramdan köp iýlende şokoladdaky goraýyş täsiriniň ýitýändigine ünsi çekdiler.
2) Gara şokolad ýokary gan basyşynyň emi
Ylmy barlagçylar gara şokoladyň ýokary gan basyşyny peseldýändigini mälim etdiler. Olar munuň üçin gara şokolady has köp iýmelidigini nygtaýarlar. Alymlar köp mukdarda şokolad iýmegiň kaloriýalaryň birleşmegine ýol açýandygyny aýtmak bilen, öz tekliplerini öňe sürdüler: „Şokoladyň täsirliligini uzak wagtlap saklamak üçin her gün az-azdan iýip bilersiňiz”.
Gara şokoladyň syry nämede? Gara şokoladdaky kakao polipenollar ýaly himiki elementleri özünde jemleýär. Polipenollar bolsa gan damarlaryny gowşadýar.
Geçen ýyl Germaniýada geçirilen ylmy barlaglaryň biri arkaly 4,5 aýyň dowamynda ýokary gan basyşy bolan näsaglar we bu kesele ýaňy duçar bolup ugran 44 adam arkaly gara şokolad iýmegiň gan basyşyna edýän täsirini barlagdan geçirdiler. Näsaglar her gün agşam naharyndan soňra 6,3 gram gara şokolad ýa-da düzüminde polipenol bolmadyk ak şokolad iýdiler.
Ylmy barlagyň netijesinde gara şokolad iýenleriň gan basyşynda az, emma dowamly peseliş ýüze çykaryldy. Alymlar bu adamlaryň ganynda köp mukdarda azot kislotasynyň bardygyny ýüze çykardylar we onuň gan basyşyny peseldýändigine ynanýarlar.
Çeşmesi: “Zaman Türkmenistan” gazeti
Narpyz
Narpyz örän peýdaly, hoşboý ysly ösümlikdir. Bu ösümlik yzgary, ýagtylygy we mes topragy halaýar. Narpyz kellagyryny, garyn-içege kesellerini, içgeçme, ýürek-damar näsazlygy, öýken, inçekesel, böwrek, bagyr, burun-bokurdak, dümew, sarygetirme, deridäki çiş, düwürtik ýaralary, babasil keselini, şeýle hem guragyry, aşgazan şiresinde kislotanyň mukdary köp bolanda, damar çekme, nerw ulgamyny gowulandyrmakda, ukusyzlygy bejermekde gowy peýda edýär. Bedende, deride çiş-gabarçak emele gelse, narpyzyň suwy bilen ýuwunmak peýdalydyr.
Narpyzyň ergini, ýapragy agzyňdaky ýakymsyz ysy aýyrýar. Narpyz ýapragy agyrýan dişe, güýçli kellagyry peýda bolanda maňlaýa goýulsa, agyry tiz aýrylýar.
Narpyzyň 5-10 gramyny ýarym litr gaýnag suwa çaý ýaly demläp içmek bolar. Ylaýta-da aşgazanyň turşulygy aşa köp bolan adamlara şeýle çaýy içmek maslahat berilýär. Garyn-içege, ýürek agyryly adamlara şeýle çaý peýdalydyr. Narpyzly çaý ukusyzlygy aýyrýar, nerw sistemasyny kadalaşdyryp, parahatlandyrýar. Narpyzyň gaýnadylan ýapragynyň suwuny, nahardan 30 minut öň, az mukdarda içmek maslahat berilýär. Narpyz ýapragynyň 500 gramyny bir bedre suwa gaýnadyp, wanna guýsaň, narpyz ysly, endamyňa ýakymly hem-de şypa beriji wanna emele geler. Saglyk üçin şeýle wannany kabul etmek örän peýdalydyr.
===============================================================================
Tebigatda narpyzyň sanap bolmajak derejede köp görnüşi bardyr we onuň şeýle bir köp zada peýdasy bardyr welin, entek dokuzynjy ýüzýylda bu mesele bilen baglanyşykly Reýçenaý adasynda ýaşaýan hristian indary bolan Walahfried Strabonuň şeýle diýip geçendigi bellenilýär:
“Tebigatda bar bolan narpyzyň görnüşleri bilen olaryň peýdalaryny sanap bilen adam, Gyzyl deňzinde näçe balygyň bardygyny bilýär diýip bolar.”
Narpyz, suwarymly ýerlerde we güzerleriň gyrasynda, kiçijik ýaplaryň gyrasynda ösüp bilşi ýaly töwereginde suw bolan her ýerde görmek bolýar. Narpyzyň uzynja ýapraklary we gülgün reňkli güli bardyr. Boýy bir metre çenli baryp bilýär. Bu ösümlikden ýaýradýan ysy bolsa, güýçli täsirli madda bolan mentol emele getirýär.
Iň köp mentol, ilkinji gezek 1696-njy ýylda Angliýada şol ýere mahsus narpyz bolan (Mentha piperita) diýlen narpyzdan alnypdyr. Şonuň üçinem narpyzyň bu görnüşine Iňlis narpyzy diýilýär.
Şol narpyzyň guran ýapraklaryndan-a içilýän çaý, täze öl ýapraklaryndan bolsa uçujy ýag alynýar. Bugartma usuly bilen bolsa, ortaça elli kilogram narpyzdan bir kilogram narpyz atyry alynýar.
Krem hökmünde ýa-da kompres şeklinde bolsa, gijilewügi aýyrýar. Ýagyşly we sowuk howalarda sauna banýalarynda suwa garylýan bu ýag immunitet ulgamyny güýçlendirýär we sowuk almagyna garşy bire-bir em bolup durýar.
Narpyz ýagynyň islendik görnüşdäki siňdiriş närahatlygyna nepi degýär, garyn agyrysynyç sanjyny we ýellenmäni aýyrýar, bagry oýaryp, herekete geçirýär. Narpyz ýagynyň rahatladyjy täsiri hem bardyr, ýürek urgusyny kadalaşdyrýar.
Dem alyş ýollaryny arassalamakda Mentolyň ägirt uly peýdasynyň bardygy gadymy döwür medisinasynda-da we häzirki döwür medisinasynda-da gaty gowy bilinýändir.
Emma bu ajaýyp atyryň peýdalary diňe bular bilen çäkli däldir. Meselem eňege çalnan bir damja mentol baş agyrysyna gowy peýda edýär, hatda nerw agyrylaryny bejermekde hem gowy netijeler berýär. Sport bilen meşgullanylandan soň arassa narpyzyň ýagy bilen massaž edilende myşsalary gowşadýar.
Ýabany narpyzyň düzüminde mentoldan başga-da pinen, limonen, phelladren, terpenler ýaly birgiden eteriki ýaglar bardyr.
Ýöne mentol ulanylanda üns berilmeli zat, käbir adamlaryň organizmi ejizdigi sebäpli, juda pes dozada ulanmalydyrlar. Narpyz şol birwagtyň özünde, şolbirmeňzeş täsirdäki başga bir derman bilen birwagtda ulanylmaly däldir. Esasanam çagalara mentol berlende ünsli bolunmaly we lukmanyň maslahaty esasynda hereket etmeli. Ýogsam, munuň, aşa düşmegi sebäpli ölüme eltmegi hem mümkin.
Janyňyz sag bolsun!!!